1. “Mahabat” müdirligi ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň ösüşini gollamak maksady bilen Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli mahabat hyzmatlarynda 45% çenli arzanladylan nyrhnama bukjalary ýola goýdy. Bu arzanlaşyk ýerli önüm öndürýän we hyzmat ýerine ýetirýän hususy eýeçiligindäki kärhanalara we telekeçilere degişli bolup, 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli hereket eder.
Hyzmatdan peýdalanmak üçin müdirligiň websaýtyndan "Ýerli hususy kärhananar" düwmesine basyp, gerekli bukjany saýlap sargyt edip bilersiňiz!.