Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty

"Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýylynda ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek boýunça giň gerimli işler alynyp barylýar. Muňa mysal hökmünde 20-nji martda Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat öz işine başlady.
Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň Guramasynyň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti boýunça sekretariatynyň medeni miras boýunça geňeşçisi, taryh ylymlarynyň kandidaty Ji Eun Li öz çykyşynda Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň mümkinçilikleriniň köpdügini nygtap, jahankeşdeleriň Ginnesiň rekordlar kitabynda birnäçe gezek orun alan Aşgabat şäheri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly taryhy ýadygärlikleri barada uly gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Mundan başga-da halkara maslahatda ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek bilen bagly täsirli çykyşlar edildi.
Maslahatdan soň oňa gatnaşyjylar Köne Nusaý galasyna, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görerler.  21-nji martda bolsa halkara maslahatyna gatnaşyjylar Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynda geçiriljek dabaralara gatnaşarlar. 22-nji martda daşary ýurtly myhmanlar Türkmenbaşy şäherine baryp, Hazar deňzinde gämide gezelenç ederler. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda halkara maslahatyň ýapylyş dabarasy bolar.