Multfilm şüweleňi

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan çagalary goramakda we döwrebap bilim almakda giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mahabat” müdirligi hem 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Multfilm şüweleňini geçirýär. Bu şüweleňde müdirlik tarapyndan taýýarlanan multfilmleriň esasynda çagalar bilen sorag-jogap, sowgatly soraglar, Nur ýüpek show, çagalaryň aýratyn ukyplary we ene-atalar üçin ýörüte sowgatly bije garaşýar. Bu şüweleňe “Nur ýüpek”, “Bedew jeans”, “Merw dokma” hemaýatkärlik edýärler.

 

Şüweleň 1-nji iýun “Türkmenistan” kinokonsert zalynda sagat 10:30-da başlaýar. Giriş tölegsiz.