Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy.
Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Köpetdag etrabyndaky Annanyýaz Artyk adyndaky ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebiň çägindäki 48-nji saýlaw uçastogyna baryp,iň mynasyp gören dalaşgärlerine ses berip, özüniň konstitusion hukugyndan peýdalandy hem-de raýatlyk borjuny berjaý etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow her bir dalaşgäre üstünlik, saýlaw toparlarynyň agzalaryna bolsa bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresini netijeli geçirmegi, halkymyza abadan, bagtyýar durmuşy, mähriban Diýarymyza bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüşi arzuw edip, saýlawlaryň tutuş ýurdumyz boýunça ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine ynam bildirdi.