Täze TV serial

“BIZIŇ ÝAŞLYGYMYZ” ATLY TELESERIÝAL

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti 7-nji iýun sagat 12:00daky Watan habarlar gepleşiginden soň Miras teleýaýlymynda ilkinji gezek “Biziň ýaşlygymyz” atly teleserialyň birinji bölümini öz tomaşaçylaryna hödürleýär. Bu teleserialy ýaýlyma bermek üçin dölet komiteti Naqada (Wuhan) Information & Consulting Co., Ltd kompaniýasy bilen şertnama baglanyşdy. Teleserialyň gysgaça mazmuny:

Hytaýyň günortasynda ýerleşýän kiçi şäherleriň birinde ýaşaýan 5 sany goňşynyň gyzykly başdangeçirmelerine  şaýat bolmaga taýýar boluň!

Bu gyzykly wakalar sizi 80-nji ýyl bilen 90-njy ýyllary sepleýän döwrüň ýatdan çykmajak günlerine alyp gider. Heniz tehnologiýanyň ösmedik döwürleri, goňşuçylyk däpleriniň häzirki döwürden has berk döwri bolup geçýän wakalaryň öz aýratyn gyzygy bar. 5 goňşy dostuň bir-biri bilen arkalaşmagy, dürli kynçylyklary sezewar bolanlarynda bilelikde ýeňmäge synanyşmagy sizde dostluga we durmuşa umytly seretmäge bolan täsin duýgular oýarar.

80-nji ýyllaryň aýagyna bolup geçýän bu wakalara tomaşa eden wagtyňyz  5 wepaly dostlar bilen bile gynanyp bile begenenňizi duýman galarsyňyz.

Režissýoryň ussatlygy we artistleriň öz roluny birkemsiz ýerine ýetirişi bolsa, sizi mundan 30 ýyl öňki döwrüň ýakymly duýgulary bilen gurşap alar.  


Trailer görmek üçin şu ýerik basyň!