/

"Bildirişler"

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan

Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksinde

göz öňünde tutulan jerimeler boýunça hasaplamalar :

 

Kodeksiň maddasy

Ýol hereketiniň kadalarynyň bendi

Hukuk bozulmalar

Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky çäreleriň görnüşler we jerimäniň binýatlyk möçberinde mukdary

Adminstratiw hukuk bozulmalar üçin ýazylan teswirnamalaryň degişliligi boýunça seredilşi

1

2

3

4

5

 

 

210

2.3.1

25.12

3-goşundy

1.1,-2.3

Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan tehniki näsazlyklary bolan, ýagny duruzyş ulgamy, rul dolandyryşy we dartyjy-birleşdiriji enjamlary näsaz bolan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy

 

 20-50 manada çenli jerime

 

PÝGG-nyň gözegçileri

 

 

211           1-nji bölegi

25.12

3-goşundy

7.1,-7.19,

Ýol hereketiniň howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmeýän, ýagny aýnalary ýa-da yzy görüş aýnalary, lukmançylyk derman gutujyklary, ot söndürijisi, ýol-ulag hadysasy sebäpli duruş nyşany, eňňide tarap süýşmez ýaly diregleri, şonuň ýaly-da motoulaglaryň gurluşlarynda göz öňünde tutulan howpsuzlyk egmegi bolmadyk ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy

 

 

Duýduryş berilmegine ýa-da 10 manat jerime

 

 

PÝGG-nyň gözegçileri

 

211           2-nji bölegi

2.1.2,

Ýol hereketine gatnaşýan sürüjiler tarapyndan motoşlýomlary  ýa-da howpsuzlyk kemerini ulanmak kadalarynyň bozulmagy ýa-da ulag serişdesiniň ýolagçylarynyň bu kadalary berjaý etmegine gözegçilik edilmezligi

 

Duýduryş berilmegine ýa-da 20 manat jerime

 

PÝGG-nyň gözegçileri

211           3-nji bölegi

25.4

3-goşundy

7.3-7.4,

Ulag serişdeleriniň öndürijiler tarapyndan göz öňünde tutulmadyk närseler (şekil görnüşde hasaba alyş enjamdan başga), ýagny ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan abzallar we tilsimler bilen (prožektorlar, gözüňi gamaşdyrýan çyralar, gysgaldylyp ýa-da artdyrylyp goýulan pružinler, tüsse çykaryjy we ses abzallary, şeýle hem bellenilen kada bozulyp garaňkyladylan ýa-da ýalpyldaýan aýnalar we ş.m.) enjamlaşdyrylan ulag serişdeleriniň ulanylmagy ýa-da ýokarda görkezilen talaplara laýyk gelmeýän dürli närseleriň ulag serişdelerinde goýulmagy

 

 

50-100 manada çenli jerime

 

 

PÝGG-nyň topary

 

211           4-nji bölegi

25.4

3-goşundy

7.3-7.4,

Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi

            100-200 manada çenli jerime ýa-da üç aýa çenli möhlete çäklendirilmegi

 

PÝGG-nyň topary

 

211            5-nji bölegi

19.1-19.8,

3-goşundy

3.1-3.6

3-goşundy

7.18 hapa

3-goşundy

7.15 hapa

Ulag serişdeleriniň daşky yşyk enjamlaryny we ses duýduryjylaryny peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy, şeýle hem hapalanan (aýnalaryndan daşyny, döwlet bellige alnyş nyşanlarynyň ýazgysyny görmäge mümkin bolmadyk şonuň ýalyda kysymyny, reňkini saýgaryp bolmadyk ýa-da tekerleri ýol örtüginde hapa galdyrýan) ulag serişdeleriniň,şol sanda daşky yşyk abzallary we yşyk gaýtaryjylary işlemeýän ýa-da hapalanan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy

 

 

 20-30 manada jerime

 

 

PÝGG-nyň gözegçileri

 

 

 

212

1-nji bölegi

25.1, 25.12,

3-goşundy

7.15,

25.3,

25.4,

 

Bellenilen tertipde bellige alynmadyk, döwlet tehniki gözegçiliginden geçirilmedik, bellenilen nusga laýyk gelmeýän döwlet bellige alnyş nyşanlary bolan ýa-da ýük awtoulaglaryň, tirkegleriň, awtobuslaryň nowasynyň yz tarapynda gaýtalanýan döwlet bellige alnyş nyşanlary bolmadyk ýa-da döwlet bellige alnyş nyşanlarynyň ýazgysyny okamak mümkin bolmadyk, şonuň ýaly-da degişli rugsat almazdan başga reňke reňklenen ýa-da awtoulagyň başga bir görnüşine ýa-da kysymyna üýtgedilip gurlan ýa-da bellenilen tertipde bellige alynmadyk mahabat we mahabat görnüşli maglumat beriji ýazgylary bolanulag serişdeleriniň dolandyrylmagy -

 

 

 

 

Duýduryş berilmegine ýa-da 20-50 manada çenli jerime

 

 

 

 

 

PÝGG-nyň gözegçileri

212           2-nji bölegi

25.3,

Döwlet bellige alnyş nyşanlary bolmadyk ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy

Duýduryş berilmegine ýa-da 200 manat jerime

PÝGG-nyň topary

212            3-nji bölegi

25.3,

Galp döwlet bellige alnyş nyşanlary bolan ýa-da döwlet bellige alnyş nyşanlary görnetin aýrylan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy

                 100-300 manada çenli jerime  ýa-da üç aýdan alty aýa çenli möhlete çäklendirilme

 

PÝGG-nyň topary

212            4-nji bölegi

2.1.1,

Ulag serişdesiniň bellige alyş we beýleki resminamalary ýanynda bolmadyk adamlar tarapyndan ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy

 

10 manat jerime

 

PÝGG-nyň gözegçileri

 

 

213

2.7,

Hereket edýän ulag serişdesini dolandyrýan adam tarapyndan ünsi sowujy (telefonda gürleşmek, iýip-içmek, çilim çekmek, ýol hereketine gatnaşyjylary howlukdyrmak, gaty sesli audio-wideo enjamlary diňlemek we beýlekiler) hereketleriň edilmegiýa-da ulag serişdesiniň onuň daşyna beden synalarynyň görnetin çykarylyp dolandyrylmagy

 

 50-100 manada çenli jerime

 

PÝGG-nyň gözegçileri

214           1-nji bölegi

10.1-10.4,

Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy

Duýduryş berilmegi

PÝGG-nyň gözegçileri

214           2-nji bölegi

10.1-10.4,

Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10-dan ýokary, ýöne 30 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy

 100 manat  jerime

 

PÝGG-nyň gözegçileri

214            3-nji bölegi

10.1-10.4,

Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 30-dan ýokary, ýöne 50 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy

100-300 manada çenli jerime

 

PÝGG-nyň topary

214            4-nji bölegi

10.1-10.4,

Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 50 kilometrden köp artdyrylmagy

300-500 manada çenli jerime    ýa-da üç aýdan alty aýa çenli möhlete çäklendirilme

 

PÝGG-nyň topary

 

 

 

 

214           5-nji bölegi

10.1-10.4,

Şu maddanyň üçünji-dördünji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi

a)     3-nji bölegi gaýtadan 300-600manada çenli jerime ýa-da

 6-12 aýa çenli çäklendirme

b)     4-nji bölegi gaýtadan 500-800 manada çenli jerime ýa-da 6-12 aýa çenli çäklendirme

 

PÝGG-nyň topary

214 11-nji bölegi

1.3.

12.1-12-8

3.2.

8.1,8.12.

11.1-11.5

13.1-13.13

18.1-18.3

19.1-19.6

Ýol belgileriniň (hereketde artykmaçlygy görkezýän, gadagan ediji, buýruk beriji belgileriň) ýa-da ýollaryň ýörelýän bölegindäki bellikleriň, hereketde artykmaçlyk bermek talaplarynyň berjaý edilmezligi, ozup geçmek, pyýada geçelgelerinden geçmek ýa-da jemgyýetçilik ulagyny duruzmak kadalarynyň bozulmagy, şeýle hem garaňkyda ýa-da ýol oňat görünmeýän wagtynda yşyklandyryjy abzallary peýdalanmak kadalarynyň berjaý edilmezligi

 

duýduryş berilmegine ýa-da 30-50 manada çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

 

 

PÝGG-nyň gözegçileri

214 1           2-nji bölegi

6.1.-6.15.

Ýol yşygynyň gadagan edýän duýdurmasyna ýa-da hereketi düzgünleşdirijiniň eli, ala taýagy bilen edýän üm-hereketine garaman geçilmegi

 

 

 100-300 manada çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär

 

 

PÝGG-nyň gözegçisi

214 1           3-nji bölegi

1.3.

12.1-12.8

Ulag serişdeleriniň durmak ýa-da säginmek kadalarynyň bozulmagy

50-100 manada çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär

 

PÝGG-nyň topary

214 1           4-nji bölegi

1.3

12.1-12.8

Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi

100-200 manada çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär

PÝGG-nyň topary

214 1           5-nji bölegi

9.9

12.4

Ulag serişdeleriniň pyýada ýodalarynda sürülmegi, säginmegi ýa-da goýlup gidilmegi, şonuň ýaly-da ulag serişdeleri bilen ýaşaýyş jaýlaryna, binalara, desgalara we gurluşlara barylýan geçelgeleriň, ýollaryň, girelgeleriň ugurlarynyň beklenilmegi

50-100 manada çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär

PÝGG-nyň gözegçisi

215

 

Şu Kodeksiň 214-nji, 2141nji maddasynda göz öňünde tutulan we heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getiren, ýagny herekete beýleki gatnaşýanlaryň tizligi, hereketiň ugruny üzül-kesil üýtgetmäge mejbur bolmagyna ýa-da olaryň öz howpsuzlygyny ýa-da ýol hereketine beýleki gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin gaýry çäreleri görmegine getiren hukuk bozulmalaryň edilmegi

 

 

 

100-500 manada çenli jerime    ýa-da üç aýdan alty aýa çenli möhlete çäklendirilme

 

PÝGG-nyň topary

 

216

22.1-22.8,

25.5,

Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan ýolagçylary gatnatmak kadalarynyň bozulmagy

30-100 manada çenli jerime

PÝGG-nyň gözegçileri

 

217            1-nji bölegi

8.1-8.12,

9.1-9.12,

10.1,

Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan ýollarda, şeýle hem şäherlerde we beýleki ilatly ýerlerde toparlaýyn (iki we şondan köp) hereket edilmegine gatnaşyp, onuň ýol hereketine päsgelçiligiň ýa-da heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getirmegi

 

100 manat  ýa-da alty aýa çenli möhlete çäklendirilme

 

PÝGG-nyň topary

 

217            2-nji bölegi

 

Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi

100-200 manada çenli jerime    ýa-da alty aýdan bir ýyla çenli möhlete çäklendirilme

 

PÝGG-nyň topary

 

 

218

25.14-25.15,

Ulag geçirijileriniň gabalmagynyň guralmagy, şonuň ýaly-da olaryň gabalmagyna işjeň gatnaşylmagy, eger bu ýol hereketiniň kesilmegine ýa-da ulagyň işiniň başga bozulmalaryna getirmedik bolsa

 

Fiziki şahslara birisine            100 manat, wezipeli adamlara 200 manat  jerime

PÝGG-nyň gözegçileri

219           1-nji bölegi

20.1-20.4,

Ulag serişdelerinde tirkege almak kadalarynyň bozulmagy

30-100 manada çenli jerime

PÝGG-nyň gözegçileri

 

219           2-nji bölegi

23.1-23.5,

Ýüküň ulag serişdesini taýýarlaýjy tarapyndan kesgitlenen möçberinden artyk ýüklenip daşalmagy ýa-da ulag serişdelerinde ýükleri daşamak kadalarynyň gaýry bozulmalary

 

200 manat jerime

 

PÝGG-nyň topary

 

 

219           3-nji bölegi

23.1-23.5,

Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi, şonuň ýaly-da bu hukuk bozulmalaryna wezipeli adamlar tarapyndan ýol berilmegi

Fiziki şahslara 500 manat  jerime ýa-da bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegi, wezipeli adamlara 800 manat jerime

 

 

PÝGG-nyň topary

 

 

221

15.1-15.5,

Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan demir ýol geçelgelerinden geçmek kadalarynyň bozulmagy

100-200 manada çenli jerime    ýa-da üç aýdan alty aýa çenli möhlete çäklendirme

 

PÝGG-nyň topary

 

222           1-nji bölegi

2.7,

2.3.2,

 

Sürüjileriň ulag serişdelerini serhoş ýagdaýda dolandyrmagy

ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.

 

Kazyýet

222           2-nji bölegi

2.7,

Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmi çäresini ýerine ýetiren adam tarapyndan olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi

ulag serişdelerini dolandyrmak hukugyny iki ýyla çenli möhlete çäklendirip, on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

Kazyýet

 

 

 

222           3-nji bölegi

2.7,

Ulag serişdeleriniň görnetin serhoş ýagdaýdaky adama dolandyrmaga berilmegi -

400-800 manada çenli jerime

 

PÝGG-nyň gözegçileri

 

222           4-nji bölegi

2.7,

2.3.2,

Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adamlar tarapyndan ulag serişdeleriniň serhoş ýagdaýda dolandyrylmagy -

 

500-1000 manda çenli jerime ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

PÝGG-nyň topary

 

222            5-nji bölegi

2.7,

Şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

800-2000 manada çenli jerime ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

PÝGG-nyň topary

 

222

6-njy bölegi

2.7,

25.13,

Ulag serişdeleriniň ulanmaga goýberilmegi üçin jogapkär bolan wezipeli adam tarapyndan sürüjä ulag serişdelerini serhoş ýagdaýda dolandyrmaga goýberilmegi -

100-300 manada çenli jerime

PÝGG-nyň gözegçileri

 

 

 

223           1-nji bölegi

 

Şu Kodeksiň 210-njy, 214-nji,2141nji, 221-nji we 231-nji maddalarynda göz öňünde tutulan ýol hereketi kadalarynyň ýol hereketine gatnaşýanlar tarapyndan bozulmagy, eger bu zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyna çenli möçberde maddy zyýan ýetirilmegine getiren bolsa, şonuň ýaly-da ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adama ulag serişdesiniň dolandyrmaga berilmegi we onuň şeýle netijelere eltmegi

 

 

 

 

100-300 manada çenli jerime

PÝGG-nyň topary

 

223            2-nji bölegi

 

Ýol hereketiniň kadalarynyň şu Kodeksde göz öňünde tutulan gaýry bozulmalary, eger olar şu maddanyň birinji böleginde görkezilen netijelere getiren bolsa

 

50-100 manada çenli jerime

PÝGG-nyň topary

 

223            3-nji bölegi

 

Şu maddanyň 1-nji we 2-nji böleklerinde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin adminstratiw temmisi ulanylandan soň, olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi

 

300-500 manada çenli jerime ýa-da

3-6 aýa çenli çäklendirme

PÝGG-nyň topary

 

223           4-nji bölegi

 

Ýol hereketiniň kadalarynyň şu Kodeksiň 233-nji maddasynda göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň ulag serişdeleriniň ulanylmaga goýberilmegi üçin gös-göni jogapkär wezipeli adamlar tarapyndan edilmegi, şeýle hem olar tarapyndan dolandyrmak hukugy bolmadyk adama ulag serişdelerini dolandyrmaga berilmegi, eger bu şu maddanyň birinji böleginde görkezilen netijelere getiren bolsa

 

 

 

 

100-200 manada çenli jerime

PÝGG-nyň gözegçileri

224

 

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde ulag serişdeleriniň hereketini çäklendirmek hakynda bellenilen talaplaryň bozulmagy, olaryň gözden geçirilmegine päsgelçilik döredilmegi

 

1000 manat jerime ýa-da on bäş gije-gündize çenli tussag etmek

Kazyýet

226

9.1-9.12,

Ýol hereketiniň kadalary bozulyp, ulag serişdeleriniň guramaçylykly kerweniniň guralmagy, oňa gatnaşylmagy ýa-da onuň düzümine goşulyşylmagy, eger bu ýol boýunça hereketiň howpsuzlygyna wehim döredilmegine getiren bolsa

 

50-100 manada çenli jerime      ýa-da bir aýdan alty aýa çenli möhlete çäklendirmek

PÝGG-nyň topary

228            1-nji bölegi

2.1.1,

Ulag serişdelerini dolandyrmaga bolan hukugyny tassyklaýan sürüjilik şahadatnamasy, şeýle hem olary dolandyrmaga hukuk berýän ynanç haty ýanynda bolmadyk adamlaryň şol serişdeleri dolandyrmagy -

 

10-50 manada çenli jerime

PÝGG-nyň gözegçileri

228           2-nji bölegi

2.1.1,

2.2,(halkara)

Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy tassyklaýan ynanç haty bolmadyk adamlaryň ulag serişdelerini dolandyrylmagy,  şeýle hem ulag serişdesini dolandyrmaga hukugy tassyklaýan  ynanç haty bolmadyk adama ulag serişdeleriniň dolandyrmaga berilmegi

 

200-400 manatda çenli jerime

PÝGG-nyň gözegçileri

228            3-nji bölegi

2.1.1,

Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk ýa-da Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy çäklendirilen adamlaryň Ulag serişdelerini dolandyrmagy, şeýle hem ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy çäklendirlen adama Ulag serişdelerini dolandyrmaga berilmegi

300-500 manada çenli    jerime ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

PÝGG-nyň topary

 

228            4-nji bölegi

2.1.1,

Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň, olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -

 

500-800 manada çenli jerime    ýa-da on bäş gije-gündize çenli tussag etmek

 

PÝGG-nyň topary

229           1-nji bölegi

6.10-6.11,

2.5.2,

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň ulag serişdelerini duruzyp saklamak, ulag serişdelerini dolandyrmakdan çetleşdirmek hakynda kanuny talabyny sürüjileriň ýerine ýetirmezligi, şeýle hem ýol-ulag hadysasyna gatnaşanlaryň bellenilen kadalary bozup, hadysanyň bolan ýerini taşlap gitmegi

200-300 manada çenli jerime    ýa-da bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete çäklendirmek, ulag serişdeleri dolandyrmak hukugy bolmadyk adamlara 300-500 manada çenli jerime

 

 

 

 

PÝGG-nyň topary

 

229           2-nji bölegi

2.3.2

Serhoşlygy barada güman etmäge ýeterlik esas bolan halatynda ulag serişdesini dolandyrýan adamyň bellenilen tertipde degişli lukmançylyk barlagyndan geçmekden boýun gaçyrmagy

300 manat jerime ýa-da iki ýyla çenli möhlete çäklendirmek, şol serişdeleri dolandyrmak hukugy bolmadyk adamlara 300-500 manada çenli jerime

PÝGG-nyň topary

230               1-nji bölegi

 

Ulag serişdelerini dolandyrýan adamlaryň Ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy, eger bu jebir çekeniň synasyna ýeňil şikes ýetirilmegine ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde maddy zyýan ýetirmegine getiren bolsa

200-500 manada çenli jerime    ýa-da bir ýyla çenli möhlete çäklendirme

 

PÝGG-nyň topary

230            2-nji bölegi

 

Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary, eger olar jebir çekeniň synasyna ortaça agyrlykda şikes ýetirilmegine ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde maddy zyýan ýetirmegine getiren bolsa

500-1000 manada çenli jerime  ýa-da iki ýyla çenli möhlete çäklendirme

 

PÝGG-nyň topary

231           1-nji bölegi

4.1-4.8,

24.1-24.7,

Pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünleşdiriji duýdurmasyna boýun egmezligi ýa-da bellenilmedik (geçmesiz) ýerlerde ýoluň gatnalýan böleginden geçmegi, mopedleri, welosipedleri we gaýry hereket serişdelerini dolandyrýan adamlaryň, arabakeşleriň hem-de ýoldan peýdalanýan beýleki adamlaryň ýol hereketini düzgünleşdiriji duýduryjylara boýun egmezligi, hereketde ilkinjiligi görkezýän, gadagan ediji ýa-da buýruk beriji ýol belgileriniň talaplaryny berjaý etmezligi

 

Duýduryş berilmegine ýa-da     10-20 manada çenli jerime

PÝGG-nyň topary

231           2-nji bölegi

4.1-4.8,

24.1-24.7,

Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň Ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy, eger bu heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getiren bolsa

50-100 manada çenli jerime

PÝGG-nyň topary

231           3-nji bölegi

 

Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň Ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy, eger bu hereketler seresapsyzlyk zerarly adamyň saglygyna ýeňil ýa-da ortaça agyrlykda zyýan ýetirilmegine getiren bolsa

1000-2000 manada çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

 

PÝGG-nyň topary

 

232

 

Ýol hereketiniň kadalarynyň şu Kodeksiň 210–231-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administrtiw hukuk bozulmalaryndan gaýry bozulmalary

Duýduryş berilmegine ýa-da     10 manat jerime

 

PÝGG-nyň gözegçileri

233

25.13,

Ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan tehniki näsazlyklary bolan ulag serişdeleriniň, şonuň ýaly-da tehniki näsazlyklary sebäpli ulanylmagy gadagan edilen ýa-da degişli rugsat almazdan üýtgedilip enjamlaşdyrylan ýa-da bellenilen tertipde bellige alynmadyk ýa-da döwlet tehniki gözegçiliginden geçirilmedik ulag serişdeleriniň ulanylmaga goýberilmegi

 

Wezipeli adamlara                     50-100 manada çenli jerime

PÝGG-nyň gözegçileri

234           1-nji bölegi

25.13,

Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adamlara şol serişdeleri dolandyrmaga rugsat berilmegi

Wezipeli adamlara 100-200 manada çenli jerime

PÝGG-nyň gözegçileri

234           2-nji bölegi

25.13,

Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy çäklendirilen adamlara şol serişdeleri dolandyrmaga rugsat berilmegi

Wezipeli adamlara 200-300 manada çenli jerime

PÝGG-nyň gözegçileri

 

 

235           1-nji bölegi

 

Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ulag serişdeleriniň saklamak maksady bilen ýörite bölünip berlen goragly duralgalaryndan başga ýerlerde ýa-da sürüjileriň ýaşaýan ýerinde saklanylmagy, eger bu şol ulag serişdeleriň şahsy maksatlar üçin peýdalanylmagyna şert döredýän bolsa

Duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara 20-50 manada, wezipeli adamlara 30-100 manada çenli jerime

PÝGG-nyň topary

235            2-nji bölegi

 

 

Kärhanalara, edaralara, guramalara degişli ulag seriş­deleriniň, maşynlaryň ýa-da mehanizmleriň betnebisli maksatlar üçin baş-başdak peýdalanylmagy

Fiziki şahslara 100 manat jerime, wezipeli adamlara 200 manat jerime, ulag serişdelerini dolandyrýan adamlara 200 manat jerime ýa-da bir ýyla çenli möhlete çäklendirme

PÝGG-nyň topary

237

4-nji bölegi

23.5,

2.1.1,

Awtomobil ulagynda howply ýükleri daşamagyň bellenilen tertibiniň bozulmagy

Fiziki şahslara 100 manat, wezipeli adamlara 200 manati jerime

 

PÝGG-nyň gözegçileri

243

1-bölegi

 

25.14-25.15,

Ýollaryň, demir ýol geçelgeleriniň, beýleki ýol desgalarynyň ýa-da ýol hereketini düzgünleşdirmegiň tehniki serişdeleriniň zaýalanmagy

 

30 manat jerime

PÝGG-nyň gözegçileri

243

2-bölegi

 

25.14-25.15,

Ýol örtügini hapalamak, şol sanda hapalamak arkaly ýol hereketi üçin päsgelçilik döredilmegi

50-100 manada çenli jerime

PÝGG-nyň gözegçileri

243

3-bölegi

 

25.14-25.15,

Ýol örtüginde bilkastlaýyn yz galdyrylmagy ýa-da ulag serişdesini gödek dolandyrylmagy

 

 Binýatlyk mukdaryň

100-200 manada

çenli jerime

PÝGG-nyň gözegçileri

2431

1-bölegi

 

23.1-23.5,

Ygtyýarly döwlet edarasyndan ýörite rugsatnama almazdan umumy agramy, okuna düşýän güýji we gabaralary bellenen ölçegden ýokary bolan ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereket etmeginiň Kadalarynyň bozulmagy

Fiziki şahsa 100 manat jerime

Wezipeli adama 200 manat jerime

Ýuridiki şahsa 200-500 manada çenli jerime

PÝGG-nyň topary

2431

2-bölegi

 

23.1-23.5,

Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin adminstratiw temmisi ulanylandan soň, olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi

Fiziki şahsa 200 manat jerime

Wezipeli adama

 500 manat jerime

Ýuridiki şahsa 500-1000 manada çenli jerime

 

PÝGG-nyň topary