20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl
ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşiniň hem-de
desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimizi Olimpiýa şäherjigine gelende Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar, jemgyýetçilik
guramalary ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, Aşgabat şäheriniň häkimi,
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary
garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz özboluşly sport toplumy bolan diňe Merkezi Aziýa
sebitinde däl-de, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem deňi-taýy bolmadyk
Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryndaky ýagdaýlar bilen tanyşdy. Bu ýerdäki iň iri
desga Olimpiýa stadiony bolup, onuň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper
keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde dessine ünsüňi özüne çekýär.
Bu ajaýyp keşpde Türkmenistanyň belent maksatlara, dünýäde parahatçylyga
hem-de halklaryň arasyndaky dostluga, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň
bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, durmuşyň baş baýlygy hökmünde sagdyn
durmuş ýörelgesini berkarar etmäge okgunlylyk jemlenendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp stadionyň
mümkinçilikleriniň şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk beýik
baýramçylygynyň dabaralaryny geçirmekde-de, örän uludygyna ünsi çekdi. Iň
naýbaşy baýramçylyk dabaralarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen
şöhratly ýollaryny aýdyň we giňden beýan etmekde stadionda döredilen şertlerdir
mümkinçiliklerden oýlanyşykly peýdalanylmalydygy barada aýdyp, Aşgabat
şäheriniň häkimine hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrine birnäçe degişli
tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda türkmen sportunyň
beýik sepgitleri eýeleýändigini aňladýan hoş habaryň gelip gowşandygyny, agyr
atletika boýunça ýurdumyzyň türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň dünýä ýyldyzy bolup
dogandygyny, şeýlelikde türkmen ýyldyzynyň dünýä şugla saçyp, milli sportumyzyň
ösüşiň has-da belent derejesine çykýandygyny subut edendigini belledi. Döwlet
Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, şunuň ýaly üstünlikleriň yzygiderli häsiýete eýe
bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.
2021-nji ýylda hem ýurdumyzda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň
Kubogyny almak boýunça abraýly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyry geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýaryşlara taýýarlyk görlüşi
bilen gyzyklanyp, sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň hasabatyny
diňledi.
Döwlet Baştutanymyza şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri
daşary ýurtly türgenleriň ýokanç kesellerden goranmaklary üçin olara sanjym
geçiriljekdigi, munuň üçin hemme zerur şertleriň bardygy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyza häzirki wagtda dünýäde köp ýurtlaryň pandemiýa bilen
bagly sanjymlary öndürip başlandygyna ünsi çekdi. Aýdaly, “Sputnik V” sanjymyny
ulanmaga doly haklydyrys. Sebäbi biz bu sanjymy bellige aldyk.
Geljekde bu ugurdaky işleri dowam etmegiň hem-de beýleki ýurtlaryň öndürýän
sanjymlaryny bellige almak bilen bagly gepleşikleri geçirmegiň zerurdygyny
belläp, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Çünki ýaryşa gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden türgenler
paýtagtymyza geler.
Bizde bellige alnan sanjymyň bolandygyna garamazdan, daşary ýurtly
türgenleriň beýleki öňüni alyş sanjymlaryna ýa-da beýleki serişdelere isleginiň
bolmagy mümkin. Şoňa görä-de daşary ýurtdan geljek türgenleriň saýlamaga
mümkinçiligi bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biz bu sanjymlaryň
ähli görnüşlerini mugt üpjün etmelidiris. Munuň üçin biziň ähli
mümkinçiliklerimiz bar. Şunuň baglylykda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek
ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň üsti ýapyk welotrek toplumyna geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 6 müň orunlyk üsti ýapyk
welotrek toplumynda tomaşaçylar üçin niýetlenen münberleri, welotrek
meýdançasyny gözden geçirip, türgenler, eminler we janköýerler üçin döredilen
şertlere baha berdi.
Şu ýerde döwlet Baştutanymyz sport we ýaşlar syýasaty ministriniň welotrek
boýunça dünýä çempionatyna degişli hasabatyny diňledi. Habar berlişi ýaly,
welotrek boýunça dünýä çempionatyna daşary döwletleriň 40-a golaýyndan
türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Welotrek sportunyň ýaryşlary 10 görnüş
boýunça geçiriler. Şunda olaryň erkekleriň we zenanlaryň hersiniň arasynda
geçiriljekdigini göz öňünde tutanyňda jemi 20 ýaryş guralar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýaryşlaryň dünýä talaplaryna laýyk
gelýän iň ýokary halkara ölçegleriniň derejesinde geçirilmelidigine ýene-de bir
gezek ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz hususan-da, türkmen türgenleriniň
gatnaşmagyndaky ýaryşlarda ulanyljak welosipedlerde milli öwüşginlerimiziň
aýratyn ýüze çykmalydygyny, esasan-da, türgenlerimiziň türkmen tuguny
parlatmalydygyny belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryşlary dünýä
ýaýmak maksady bilen, Olimpiýa şäherjigindäki Halkara göni ýaýlyma beriş
merkeziniň işiniň ýokary halkara talaplaryna laýyk gelmelidigini tabşyrdy. Bu
merkezde işlejek hünärmenlerimiz bu ýerdäki tehnikalardan peýdalanmak bilen,
işlerine ussatlarça erk edip, ýaryşlaryň alnyp görkezilişini ýokary hil derejesinde
üpjün etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň
başlygyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjiginiň üsti
ýapyk Tennis toplumyna tarap ugrap, Aşgabatda Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara
ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň geçirilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň halkara
sport giňişligindäki barha belende göterilýän abraýynyň aýdyň subutnamasydygyny
hem-de Diýarymyzda sporty, şol sanda tennis oýnuny mundan beýläk-de giňden
wagyz etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen
tennisçileri halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Aşgabatda geçiriljek Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşda türkmen türgenleriniň
has-da ýokary netije gazanjakdyklaryna ynam bildirip, döwlet Baştutanymyz
türkmen halkynyň köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta bolan höwesiniň
ýokarydygyny belledi we türgenlerimiziň gazanjak üstünlikleriniň Türkmenistanyň
Tuguny belentde pasyrdatjagyna ynam bildirdi.
Wise-premýer M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan
işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli göz öňünde
tutulýan bedenterbiýe we sport, köpçülikleýin sagaldyş çäreleri hem-de
ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ýaryşlaryna ýokary derejede
guramaçylykly taýýarlyk görmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat
berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de
Olimpiýa şäherjiginde bolmagynyň netijelerini jemläp, şu ýyl geçirilmegi
bellenen iri halkara ýaryşlaryň ähmiýetini belledi we şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer M.Geldinyýazowa bu çäreleri ýokary derejede guramaçylykly hem-de
hemmetaraplaýyn taýýarlykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şol ýaryşlaryň netijeleri Türkmenistanyň sport ulgamynda ýeten belent
derejesini, halkymyzyň milli medeniýetini, baý mirasyny, myhmansöýerligini,
mähirliligini we açyklygyny örän aýdyň görkezmelidir. Ýurdumyza gelen myhmanlar
şu aýratynlyklardan özlerinde ýatdan çykmajak täsir galdyrmalydyr diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda käbir görkezmeleri berdi.
***
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň
türgenleşik zalynda dürli sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Bu ýerde oturdylan
sport enjamlary ýokary halkara görkezijilerine we häzirki zaman talaplaryna
laýyk gelmek bilen, olarda ýerine ýetirilýän sport maşklary adam synasynyň
berkemegine we saglyk ýagdaýynyň yzygiderli gowulanmagyna oňyn täsirini
ýetirýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen
meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň möhüm ýörelgesine
öwrülmelidir. Yzygiderli beden maşklary adamynyň işjeňligini artdyrýar we onuň
döredijilikli zähmete bolan höwesini ösdürýär.
Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri adamlaryň öz mümkinçiliklerini doly
açmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
nusgalyk görelde görkezip, watandaşlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bu ugra
ruhlandyryp, nusgalyk görelde bolýandygyny bellemeli.
Milli Liderimiz bu ýerde sport maşyklaryny ýerine ýetirip, jemgyýetimizde
sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine gönükdirilen çäreleriň örän uly
ähmiýetiniň bardygyny belledi we bu ýerden ugrady.
***
Şeýle hem paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň Saglygy dikeldiş merkezi we
anyklaýyş barlaghanasy binasynda degişli işleri alyp barmak üçin ýokary
derejeli mümkinçilikler üpjün edildi. Bu ýerde türgenleriň halkara ýaryşlaryna
kybap gelýän ýagdaýyny kesgitlemek, olaryň saglyk derejesini anyklamak we zerur
bolan dikeldiş çärelerini amala aşyrmak üçin hemme zerur şertler bar. Bu
binanyň enjamlaşdyrylyş derejesiniň ýokary halkara görkezijilerine doly laýyk
gelýändigini bellemek gerek.
Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary
hem-de hünärmenleri bu ýerde bolup, öňde boljak dünýä çempionatynyň guramaçylyk
derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamany ýerine ýetirmegiň
ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bu ýerde milli Liderimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, degişli taýýarlyk işlerine girişildi.
Şu nukdaýnazardan bu ýerde ýörite okuwlary geçen lukmanlar we hünärmenler
degişli işleri alyp bararlar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri
bu binada dünýä çempionatyny geçirmekde zerur hasaplanylýan ähli işleri ýokary
derejede ýerine ýetirerler. Munuň özi halkara ýaryşlaryna gatnaşýan türgenleriň
saglyk ýagdaýyny we olaryň bäsleşige ýaramlylyk derejesini ýola goýmagyň möhüm
şertini emele getirer.
***
Olimpiýa şäherjiginiň Halkara teleýaýlyma beriş merkezi toplumyň çägindäki
ähmiýetli binalaryň biridir. Bu ýerde ýaryşlara taýýarlyk işleriniň, olaryň
guramaçylyk derejesiniň we bäsleşikleriň giňden beýan edilmegine we dünýä
ýurtlarynda alnyp görkezilmegine ýardam berýän zerur şertler döredildi.
Binada oturdylan häzirki zaman enjamlary täzeçil tehnologiýalar arkaly
ýaryşlaryň gidip duran pursatlaryny teleýaýlymlara ugratmaga we dünýä
ýurtlarynyň tomaşaçylaryny bu ýerde guralýan bäsleşikler bilen tanyşdyrmaga giň
mümkinçilik berýär.
Şu gün ýurdumyzyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa
baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri
paýtagtymyzda geçiriljek dünýä çempionatynyň bäsleşiklerini teleýaýlymlarda
görkezmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem olar
öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň anyk ugurlaryny
kesgitlediler.
Şeýle hem bu ýerde degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda zerur bolan taýýarlyk
işlerine badalga berildi. Şunda, häzirki zamanyň ösen tejribesinde, sanly
tehnologiýalardan we Internet ulgamynyň kämil serişdelerinden netijeli
peýdalanylar.
Munuň özi ýaryşlaryň geçýän pursadynda teleýaýlymlarda görkezmek
mümkinçiligini üpjün eder. Bu ýerde badalga berlen taýýarlyk işleriniň
çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine
ýetirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüler.
Umuman, munuň özi türkmen sportunyň abraýynyň belende galmagyna we dünýäde
sport ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan
işleriniň işjeň häsiýete eýe bolmagyna toplumlaýyn çäreleriň
gönükdirilýändigini aňladýar.