18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei
adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V”
sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi.
Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy
resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy hem-de ony hasaba alan döwletleriň
birinji onlugyna girdi.
Bu ýagdaý ýokanç kesellere garşy göreşmekde hem-de köptaraplaýyn
ylmy-lukmançylyk gatnaşyklaryny berkitmekde nobatdaky ädim boldy. Milli
Liderimiz şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns bermek bilen, bu ulgamda
halkara başlangyçlaryny öňe sürüp, Birleşen Milletler Guramasynyň
ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen
işjeň hyzmatdaşlygy saklaýar.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň agentlikleri bilen özara
gatnaşyklaryň netijesinde Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere garşy göreşmäge
we täsir etmäge taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasy taýýarlanyldy. Hormatly
Prezidentimiz 2020-nji ýylyň maýynda gol çeken Karary bilen şol resminamany
tassyklady. Şol meýilnamanyň çäreleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň,
BMG-niň dürli agentlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň hem-de dürli
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň goldaw bermeginde işjeň
ornaşdyrylýar.
Geçen ýylyň iýulynda Türkmenistanda koronawirusyň pandemiýasyna garşy
göreşmek boýunça dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistan
täze howpa garşy göreşmekde beýleki döwletleriň tejribesine uly hormat bilen
garaýar hem-de pandemiýanyň ýaramaz täsirlerinden üstün çykmakda toplan
tejribesi bilen paýlaşýar. Şeýle hem Türkmenistan beýleki ýurtlar we halkara
guramalary bilen bilelikdäki tagallalarynyň netijeliligini gazanmak maksady
bilen üstünlikli taýýarlan işlerini paýlaşmaga taýýardyr.
Bu tejribe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä
saglygy goraýyş guramasynyň baştutanyna iberen hatynda beýan edildi. Şol hat BMG-niň
Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.
Ýurdumyzyň çäginde tutuş adamzatda biynjalyk döredýän ýokanç keselleriň
ýaýramagynyň öňüni almak üçin saglygy goraýyş edaralary tarapyndan Bütindünýä
saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda, toplumlaýyn işleriň
geçirilýändigini bellemek gerek.
Şeýle hem ilat arasynda wirus keselleriniň öňüni almak boýunça
sanatariýa-düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär hem-de maglumat-bilim
gollanmalary çykaryldy.
Keselleriň öňüni almak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň esasy
ugrudyr. Häzir bu wezipe saglyk edaralaryny gurmak, derman senagatyny, şypahana
ulgamyny ösdürmek, pudak üçin hünärmenleri taýýarlamak arkaly netijeli
çözülýär.
“Saglyk” maksatnamasynyň ynsanperwer ugry Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk
döwründe has äşgär boldy.
Ýurdumyzda ýokanç keselleriniň birnäçesiniň ýok edilendigi barada halkara
güwänamalary, şeýle hem bu ugurda türkmen lukmanlarynyň tejribesi BSSG-niň
Ýewropa sebitindäki ýurtlarda ýaýratmak üçin maslahat berildi.
Häzir ylmy lukmançylyk tebipçiligiň däplerini hem täze görnüşde düşündirmek
bilen bereketli türkmen topragynyň baý ençeme dermanlyk ösümlikleriniň
melhemlik güýjüni ykrar edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň
dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işi fitoterapiýanyň dürli syrlary hakynda
gürrüň berýär. Onuň dürli dillere terjime edilmegi ensiklopediýany dünýäniň
ylmy lukmançylygynyň, şeýle hem okyjylaryň giň toparynyň baýlygyna öwürdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde milli Liderimiz dermanlyk
ösümlikleriniň adam bedenine bedeniň kesele garşy durnuklylygynyň
berkidilmegine hem-de dürli keselleriň bejerilmegine ýetirýän täsirini has
çuňňur öwrenmegiň zerurdygyna lukman hünärmenleriň we alymlaryň ünsüni çekdi.
Hususan-da, ata-babalarymyzyň dürli kesellerde – ilkinji nobatda,
üsgülewikde, ýokarky dem alyş ýollarynda başarnykly ulanan buýan köki barada
gürrüň edildi.
Häzir alymlar bu ösümligiň işjeň maddasynyň pandemiýasy bilen bütin dünýä
göreşýän täze koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşylyk görkezip bilýändigini
tassyklaýarlar. Özi-de, buýan köküniň suwuk görnüşiniň az böleginiň hem öňüni
alyş täsirini ýetirýär.
Milli Liderimiz ady agzalan lukmançylyk ensiklopediýasynda üzärlik
ösümliginiň ýokançsyzlandyryjy häsiýetlerini beýan etdi, onuň tüssesini
türkmenler asyrlaryň dowamynda ýokanç we bakterial keselleriniň öňüni almak
üçin ulanypdyrlar.
Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine
ýetirilýän lukmaçylyk kömekleriniň hiliniň derejesini ýokarlandyrmaga, ýokanç
kesellere garşy göreşmek babatda täzeçil tehnologiýalaryň esasynda hyzmatlaryň
gerimini giňeltmäge çagyrýar.
Dünýäniň lukmançylyk ylmynyň gazananlary neneňsi ajaýyp bolsa-da, ynsan
saglygyny goramak ýaly şeýle jogapkärli işde täze tehnologiýalaryň ulanylmagy
hünärmenleriň degişli hünär derejesini, ýokary derejeli ussatlary talap edýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty netijesinde
daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary barha berkeýär. Saglygy
goraýyş ugry boýunça hyzmatdaşlyk ABŞ, Russiýa, Germaniýa, Awstriýa, Ýaponiýa,
Koreýa Respublikasy, Belarus, Türkiýe ýaly ýurtlar bilen yzygiderli ösdürilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň bu ýurtlara amala aşyran iş saparlarynyň çäklerinde
möhüm meseleleriň hatarynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesi hem
boldy, bu bolsa degişli pudakda özara gatnaşyklara we tejribe alyşmaga uly
itergi berdi.
Halkyň saglygy we abadançylygy baradaky alada milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu alada bilen
keselleriň öňüni almak boýunça wezipeleri çözmäge, ilatyň ählumumy
immunlaşdyrma taslamalaryna, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini
ösdürmäge hem-de sagdyn-durmuş ýörelgesini wagyz etmäge diňe jogapkärli we
hemmetaraplaýyn çemeleşme bilen şertlendirilendir.