2021-nji ýyly «Türkmenistan – parahatçylygyň we
ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda
Çuňňur
hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy
bilen yglan edilen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyz üçin
taryhy ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25
ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly
üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik
berdi.
Hormatly
Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň
geçirilmegini we iki palataly kanun çykaryjy edaranyň döredilmegini 2020-nji
ýylyň möhüm syýasy wakasy hökmünde görkezmek bolar. Munuň özi agzybir
halkymyzyň öz milli Lideriniň töweregine has-da mäkäm jebisleşýändiginiň hem-de
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň döwletlilik binýadynyň
has-da pugtalanýandygynyň subutnamasydyr.
Däp boýunça
ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy halkymyzyň abadançylygyny,
raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk
döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant
goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
Taryhy taýdan
gysga möhletiň içinde Garaşsyz ýurdumyz özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine
daýanyp, Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde
parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly,
birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan
gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady. Türkmenistanyň teklibi
bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly» Kararnamasynyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylyk
söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.
Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk,
ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny giňden
wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny
şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş
nesli Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek
maksady bilen, şeýle hem 2021-nji ýyly «Türkmenistan – parahatçylygyň we
ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrmak hakynda hormatly Prezidentimiziň
başlangyjyny goldap hem-de ýurdumyzyň döwlet edaralaryndan, guramalaryndan,
kärhanalaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlarymyzdan gelip
gowşan köp sanly teklipleri nazara alyp, Türkmenistanyň
Mejlisi karar edýär:
2021-nji ýyly «Türkmenistan – parahatçylygyň we
ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.MÄMMEDOWA.
Aşgabat şäheri. 2020-nji ýylyň 30-njy dekabry.