Zemine melhem bolup inen ak gar gyş gününiň howasyna tämizlik berip,
tebigaty has-da gözel keşbe getirdi. Tebigatymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän
Asma ýoluň mümkinçilikleri arkaly daş töwerege göz aýlanyňda munuň şeýledigine
has anyk göz ýetirmek bolýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň öz agtygy Kerim
bilen gojaman Köpetdagyň ak don geýen belent gerşini synlamak hem-de dynç alyş
günlerinde gezelenç etmek maksady bilen, Asma ýola baryp görmegi, türkmen
halkynyň aklyga, belent duýgy düşünjelere, tebigy ylhama, toý şatlygyna baý
durmuşyna täzeçe mazmun çaýdy. Munuň özi öz tebigatyndan çäksiz lezzet alýan
ildeşlerimizde baýramçylyk ruhubelentligini döredip, olara ýatdan çykmajak
ýakymly duýgulary bagyş edýär.
Ýaşaýyşy ajaýyp pursatlara beslemekde we gözel tebigatymyzy söýmekde Milli
Liderimiz görelde görkezmek bilen, birlikde zähmetkeş halkymyza dynç alyş
günlerini we boş wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin oňaýly şertlerdir
mümkinçilikleri döredip berýär. Şu nukdaýnazardan hem bu ajaýyp ýere
paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň bu ýere yzygiderli gelmekleri
bolsa özboluşly täsiri hem tebigy buýsanjy we raýatlaryň mynasyp dynç
almaklaryny üpjün edýär.
Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde täsin tebigaty bilen görenleri özüne
çekýän Asma ýolunyň ýerleşýän tebigy künjegi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Sagatda 320 adama hyzmat etmäge
mümkinçiligi bolan asma ýoluň bir tarapynyň uzynlygy 3.5 kilometre barabardyr.
Ýokary beket aşaky beketden 645 metr beýiklikde ýerleşýär. Bu bolsa gezelenje
gelýänlerde uly täsir galdyrýar. Syýahata gelenleri Köpetdagyň täsinligi
bilen tanyşdyrýan kejebeleriň her biriniň
hereket ediş aralygy 533 metre barabar bolup, ol deňiz derejesinden 1müň 400 metr beýiklikde ýerleşýär.
Gojaman Köpetdaga bezeg berip oturan
Asma ýola ýylyň islendik paslynda dag gözelligini, bu ýerdäki syn ediş
diňiniň üsti bilen ak şäherimiz Aşgabady synlamaga gelýänleriň sany juda köp.
Bu ýere gelýänleriň howpsuzlygy doly derejede üpjün edilmek bilen, Asama ýoly
döwlet kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan watandaşlarymyza güler ýüzli
medeniýetli hyzmatlar edilýär. Olar üçin ýörtie dükanlardyr, garbanyşhanalar şeýle
hem ýokardan syn ediş dürbüleri ýerleşýär. Onuň kömegi bilen gezelenje gelenler
özboluşly binagärlik gurluşy bilen
tapawutlanýan gözel paýtagtymyzyň ajaýyplyklaryny, köpetdagyň gyşky
gözelliklerini synlaýarlar.
Dag
belentligine çykyp mynasyp dynç almaga hem nurana türkmen tebigatyndan
egsilmejek ruhy güýç almak üçin bu ýere syýahata gelen ildeşlerimiziň ýaşaýyşyň
şeýle ajaýyp mümkinçiliklerini öz halkyna bagyş edýän Arkadag Prezidentimize
alkyşlary egsilmezdir.