/

Döredijilik bäsleşigi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi bilen bilelikde hemişelik Bitarap Türkmenistanyň 25 ýyllygy şygary bilen   “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly döredijilik bäsleşigini geçirmegiň

 

DÜZGÜNNAMASY

 

1.   Umumy düzgünler:

 

1.1.      Görkezilen düzgünler “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly döredijilik bäsleşigiň düzgünlerini we geçirilşiniň tertibini kesgitleýär (mundan beýläk Bäsleşik).

1.2.      Bäsleşigiň guramaçysy: Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi bilen bilelikde (mundan beýläk Guramaçy).

1.3.      Bäsleşik 2020-nji ýylyň iýun-noýabr aýlarynda ýurdumyzda filmleri we rolikleri taýýarlaýan döredijilik toparlarynyň arasynda geçirilýär.

1.4.      Bäsleşik ýurdumyzda filmleri we rolikleri taýýarlaýan döredijilik toparlarynyň arasyndan has zehinli, tapawutlanan ussatlary saýlap seçip almak, olary döredijilik işlerinde höweslendirmek hem-de hemişelik Bitarap Türkmenistanyň 25 ýyylygyny mynasyp wasp edýän eseri taýýarlamak maksady bilen geçirilýär.

1.5.      Bäsleşige ýurdumyzda iş alyp barýan döredijilik toparlarynyň ählisi gatnaşyp bilerler.

1.6.      Şu düzgünnama bilen kanagatlanyp, onuň şertlerini ýerine ýetiren döredijilik topary Bäsleşige gatnaşyjy hökmünde kabul edilýär.

2.   Bäsleşigiň şertleri:

2.1.      Bäsleşige gatnaşmak üçin Bäsleşige gatnaşyjy döredijilik topary 2020-nji ýylyň 5-nji noýabryna çenli taýýarlan filmlerini we roliklerini Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasyna hödürlemeli.

 

3.   Bäsleşige hödürlenen işlere degişli talaplar:

 

3.1.      Bäsleşige hödürlenýän filmler we rolikler bir awtor tarapyndan ýa-da döredijilik toparynyň ýolbaşçysy tarapyndan hödürlenmeli. 

3.2.      Hödürlenýän filmler we rolikler döredijilik we tehniki hil taýdan ýokary derejede bolmaly.

3.3.      Filmlerde we roliklerde Hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy, halklaryň arasynda dostlygy we ylalaşygy berkitmek, raýat jemgyýetini pugtalandyrmak boýunýa alyp barýan işleriniň waspy giňden beýan edilmeli we açylyp görkezilmeli.

3.4.      Filmlerde we roliklerde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykdysady tarapynyň ähmiýeti hakda hem maglumatlar bilen beýan etmeli.

3.5.      Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatynda öňe sürlen başlangyçlaryň ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde çuň many-mazmuna eýe bolmagyny gazanmaly.

3.6.      Filmlerde we roliklerde Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa, energetika, ulag üstüşyr diplomatiýalary barada giňden gürrüň bermeli.

3.7.      Ähli taýýarlanylýan filmler we widerolikler Türkmenistanyň Bitaraplygyny we ýurdumyzyň parahatçylygyny wasp edip, saz bilen bezelen ýa-da okalan tekstli görnüşinde beýan edilmeli.

4.   Bäsleşigiň ýeňijileriniň döreden filmleriniň hem-de rolikleriniň türkmen we daşary ýurt teleýaýlymlarynda, şeýle hem tanymal media ulgamda görkezilmegini üpjün etmeli.

 

 

5.   Bäsleşigi geçirilmegiň tertipleri:

 

5.1.      Bäsleşige hödürlenen filmler we rolikler ýörite düzülen döredijilik topary tarapyndan 2020-nji ýylyň noýabr aýynda seljeriler we ýeňijiler kesgitleniler.

5.2.      Hödürlenen işlere döredijilik aýratynlygy, ýokary çeperçilik aýratynlygy, reňk we yşyklandyryş aýratynlygy, many–mazmuny boýunça baha beriler. 

5.3.      Bäsleşigiň ýeňijilerine “Bäsleşigiň netijesi we ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak” bendinde görkezilen ugurlar boýunça baýraklar görkeziler. 

 

 

 

 

6.   Bäsleşigiň netijesi we ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak:

 

6.1.      “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly bäsleşigiň ýeňijilerini şu aşakdaky orunlar boýunça kesgitlemeli:

a)   Birinji orun – 1 (bir) sany;

b)  Ikinji orun – 2 (iki) sany;

c)   Üçünji orun – 3 (üç) sany;

d)  Höweslendiriji baýrak – 10 (on) sany.

6.2.      Ýeňiji orunlara we höweslendiriji baýraklara saýlanan ýeňijilere Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň  Hormat haty şeýle hem ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

 

7.   Bäsleşigi geçirmekde jogapkärçilik we bäsleşigiň jemi:

 

7.1.      Bäsleşik, şu Düzgünnama we bäsleşigi geçirmeklik bilen bagly ähli meseleler Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Guramaçy şu düzgünnama düzedişlerini girizmäge haky bardyr. 

7.2.      Döwlet komitetiniň teleýaýlymlarynyň, düzümindäki edaralaryň ýolbaşçylary we Döwlet komitetiň Mahabat müdirligi şu Bäsleşigiň geçirilmegi baradaky maglumatlary we şertlerini isleg bildirýän raýatlaryň we hünärmenleriň dykgatyna ýetirmeli.

7.3.      Şu bäsleşigiň geçirilişi baradaky bildirişleri gazetlerde çap etmeli, tele we radio ýaýlymlarda mahabat bermeli.