/

Türkmenistanyň bitaraplygy: syýasy-diplomatiki tejribäniň ylmy çemeleşmeler bilen utgaşykly ösüşi

Türkmenistanyň ylmy-teoretiki  bitarap daşary-syýasat ugry häzirki döwrüň möhüm ugurlaryna gönükdirilip, tutuş sebitiň geosyýasy giňişliginde we ondan hem has giň çäklerde  täze netijeli hereket etmegiň guraly bolmak bilen,ylmy-teoretik we amaly-tejribe taýdan hem berkidilýär.

Munuň hut şeýledigine Türkmenistanyň  eserlerinde, çykyşlarynda we kabul edýän belent çözgütlerinde görmek bolýar.Türkmenistanyň Prezidentiniň göniden-göni ýol­baş­çy­ly­gyn­da iş­le­ni­lip düzülenTürk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­nyň 2017-2023-nji ýyl­lar üçin strategiki ugurlarynyň Kon­sep­si­ýa­sy­ny hem ylmyň we tejribäniňutgaşdyrmaklygyň miweleriniň biridi. Ony iş­jeň ýag­daý­da dur­mu­şa ge­çi­ri­lmek bilen, türkmen diplomatiýasy halkara gatnaşyklary giňişliginde täze gözýetimleri açýar. Bu Kon­sep­si­ýa Türk­me­nis­ta­nyň mil­li we äh­lu­mu­my aba­dan­çy­lyk bäh­bit­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan bi­ta­rap­lyk ýörel­ge­le­ri­ne esas­la­nan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny hil taý­dan täze de­re­jä göter­mek mak­sa­dy bi­len taý­ýar­la­nyl­dy. Bu da­şa­ry-sy­ýa­sy res­mi­na­ma­nyň esa­syn­da häzir­ki za­ma­nyň uni­wer­sal akym­la­ry­nyň stra­te­gi­ki taý­dan paý­has ele­gin­den ge­çi­ril­me­gi we ola­ryň top­lum­la­ýyn sel­je­ril­me­gi, Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da­ky tut­ýan or­ny bi­len bag­ly düýp­li ga­ra­ýyş­la­ry­nyň we uzak­möh­let­li bäh­bit­le­ri­niň döre­di­ji­lik­li esas­da çuň­ňur öw­re­nil­me­gi bi­len, dün­ýäde glo­bal ösüşe mun­dan beý­läk hem giň­den go­şu­lyş­ma­ga gönük­di­ri­len mak­sat go­ýul­dy.

Bu konsepsiýanyň  çäklerinde öňde goýlan wezipeleriň amala aşyrylyşyna düýpli seljeriş bermek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary-syýasy ugurdaky işler babatynda hem belent sepgitlere ýetmek baradaky wezipeleri goýdy. Hususan-da, milli Liderimiz beýleki döwletler bilen ikitaraplaýyn esasda hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem gatnaşyklarymyzyň anyk maksada gönükdirip yzygiderli ösdürdilendigini nygtamak bilen şeýle diýdi: “Biziň alyp barýan daşary syýasatymyz bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda amala aşyryldy. Durmuşa geçirýän daşary syýasatymyz bize hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, dürli meseleler boýunça anyk we köptaraply gepleşikleri alyp barmaga, özara bähbitli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär. Bu döwürde Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň gerimi yzygiderli giňeldi”.

Mil­le­tiň Li­de­ri­niň aý­ra­tyn nyg­taý­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan — bu gün dün­ýä­de ab­raý­ly we hor­mat go­ýul­ýan döw­let­dir hem-de ol se­bit dur­nuk­ly­ly­gy­nyň we howp­suz­ly­gy­nyň aý­gyt­laý­jy böle­gi­ni düz­ýär. Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk söýüji­lik, öza­ra bäh­bit­li we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­ma­ga esas­la­nan hyz­mat­daş­lyk, hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň ka­da­la­ry­na berk eýer­mek­lik ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­nyň esa­sy­ny düz­ýär. Bu bin­ýat­lyk esas­da Türk­me­nis­tan hal­ka­ra iş­le­ri­ne ne­ti­je­li we döre­di­ji­lik­li çe­me­leş­me­ler ar­ka­ly gat­naş­ýar hem-de se­bit we dün­ýä möç­be­rin­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. 

Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň netijeli we yzy­gi­der­li bol­ma­gy, il­kin­ji no­bat­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň çuň­ňur oý­la­ny­şyk­ly we mak­sa­da ok­gun­ly da­şa­ry-sy­ýa­sy işi bi­len şert­len­di­ri­len­dir. Şu my­na­sy­bet­li, mil­li ösüş mak­sat­na­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­me­gi üçin oňaý­ly da­şa­ry şert­ler döre­dil­ýär. Olar Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň öňe sür­ýän häzir­ki za­ma­nyň der­wa­ýys me­se­le­le­ri­niň çö­zül­me­gi­niň, Ýer ýüzün­de öza­ra düşüniş­me­giň we ynan­ma­gyň eme­le gel­me­gi­niň we gol­da­nyl­ma­gy­nyň, äh­lu­mu­my ösüşi üp­jün et­me­giň ha­ty­ra­sy­na al­nyp ba­ryl­ýan öza­ra he­re­ket­le­riň gi­ňel­me­gi­ni na­zar­la­ýan hal­ka­ra baş­lan­gyçla­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gönük­di­ri­len­dir. Bu möhüm baş­lan­gyçla­ryň iş ýüzün­de ama­la aşy­ryl­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy mak­sat­la­ry hök­mün­de kes­git­le­nen­dir.

Hormatly Prezidentimiziň  bütindünýä hem-de sebit syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça öz çykyşlarynda  yzygiderli öňe sürýän halkara başlangyçlary  munuň aýdyň mysalydyr. Bu ýerde gürrüň,  hususanda, Türkmenistanyň  howpsuzlygyň bitewiligi we bölünmezligi hakynda  täze konsepsiýanyň işlenilmeginiň  möhümligi; ähli halkara meseleler  çözülende syýasy-diplomatik serişdeleri  ulanmak baradaky Jarnamany işläp taýýarlamak; Merkezi Aziýa sebitinde asudalygy üpjün etmek  boýunça hemişelik hereket edýän Parahatçylyk we hyzmatdaşlyk forumyny döretmek; Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly, syýasy  ýollar arkaly  durnuklaşdyrylmagyna we bu goňşy ýurduň  durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermek; dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek;  döwrebap we howpsuz halkara ulag düzümini döretmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak; BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek hakyndaky Konwensiýasyna girýän ýurtlaryň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek;  Merkezi Aziýada    we  Hazar sebitlerinde howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebitleýin  merkezi döretmek ýaly sebitleýin we ählumumy ähmiýetli  möhüm meseleler boýunça     gymmatly başlangyçlary  barada  barýar. Bu we beýleki  daşary-syýasy başlangyçlar şu  günki gün tutuş adamzadyň öňünde durýan möhüm  meseleleriň çözgüdine  özleriniň barha saldamly goşant bolup durýarlar. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň Lideriniň başlangyçlary we teklipleri dünýä bileleşiginiň  ýokary bahasyna we  giň goldawyna  mynasyp bolýarlar.

Türk­me­nis­ta­nyň daşary syýasy ýörelgeleriniň yzy­gi­der­li we mak­sa­da­la­ýyk ama­la aşy­ry­lmagyýakyn goň­şy we beý­le­ki döw­let­ler bi­len sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy we gu­ma­ni­tar ugur­lar bo­ýun­ça alyp bar­ýan gat­na­şyk­la­ry­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de ös­dür­mäge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Dün­ýäde Türk­me­nis­ta­na bo­lan gy­zyk­lan­manyň has-da artmagy bilen, halkara giňişliginde uzak­möh­let­li we köpu­gur­ly gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň  dip­lo­ma­tik ara­gat­na­şyk­la­rynyň  geog­ra­fi­ýa­sy Azi­ýa yk­ly­my­nyň äh­li döw­let­le­ri­ni, Ýew­ro­pa döw­let­le­ri­niň köpüsi­ni, şeý­le hem Ame­ri­ka­nyň we Af­ri­ka­nyň iri döw­let­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de tut­ýan or­nu­nyň we äh­mi­ýe­ti­niň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len bi­le­lik­de ýur­du­my­zyň geoyk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy hem anyk gör­nüş­le­re eýe bol­ýar. Täze trans­kon­ti­nen­tal ulag-ara­gat­na­şyk ugur­la­ry­nyň, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň dün­ýä ba­za­ry­na el­til­me­gi­niň has tyg­şyt­ly ýol­la­ry­nyň we beý­le­ki iri möç­ber­li tas­la­ma­la­ry­nyň yzy­gi­der­li öňe sürül­me­gi we dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi Türk­men döw­le­ti­niň «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­nyň iş ýüzün­de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň my­sal­la­ry bo­lup dur­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň giň möç­ber­li hal­ka­ra söw­da-yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­la­ry­nyň ösüş dep­gin­le­ri dün­ýä ýurt­la­ry bi­len köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­sy esa­syn­da üp­jün edil­ýär. Ýur­duň in­dust­rial ösüş ýo­lu­na geçme­gi da­şa­ry-yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­la­ryň se­na­gat pu­dak­la­ry­nyň ösüşi­ni we yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­re­bap­laş­ma­gy­ny il­kin­ji no­bat­da gol­da­ýan täze gör­nüş­de ýaý­baň­lan­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Bu ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki döw­let­ler bi­len bi­le­lik­däki höküme­ta­ra to­par­la­ry düýp­li äh­mi­ýe­te eýe­dir we olar­da iki­ta­rap­la­ýyn ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýol­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar.

Türkmenistanyň bitaraplygyny ylmy taýdan öwrenmekde dürli derejelerde, şol sanda ýokary derejede yzygiderli geçirilýän halkara maslahatlary hem uly ähmiýete eýedir. Bu babatda, aýratyn hem Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 15 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” (11-nji dekabr, 2010 ý.) we Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli halkara maslahatlaryny görkezmek bolar. Şeýle ýokary derejedäki halkara maslahatlarynda bitaraplyk syýasatynyň dünýä tejribesi bilen bilelikde, ylmy-teoretiki meseleler hem öz beýanyny tapýar, halkara gatnaşyklary ylmyna täze garaýyşlar we pikirler goşulýar. Dünýä tejribesinde ilkinji gezek 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň özi taryhy taýdan paýhasly, öňdengörüjilikli çözgüt bolup durýar we ol tutuş adamzat bähbitlerine laýyk gelýär. Soňraky taryhy döwürde bolup geçen wakalar muny has aýdyň tassyklady we wagt onuň Birleşen Milletler Guramasynyň uzakmöhletleýin maksatlaryna, Ýer ýüzündäki döwletleriň we halklaryň parahatçylyga we howpsuzlyga esaslanýan şertlerdäki ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýändigini görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda bolan “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli halkara maslahatynda sözlän sözünde: “Biz halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk ýörelgesiniň ylmy-nazary esaslaryny we tejribesini netijeli ulanmaly diýip hasap edýäris. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan, anyk maksada gönükdirilen we ulgamlaýyn işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmeli diýip pikir edýäris” diýip aýratyn nygtady. Munuň özi bolsa bitaraplygyň milli, sebit we dünýä derejesindäki toplanan taryhy tejribesini we häzirki zaman derwaýys meselelerini ylmy taýdan öwrenmeklik üçin täze sepgitleri kesgitleýär” diýip nygtap geçdi.

Türkmenistanyň  Prezidentiniň paýhasly çözgüdi we degişli Permany bilen 2008-nji ýylyň 20-nji martynda döredilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň öňünde hem ýurdumyzyň  diplomatik gullugy üçin zerur hünärmenleri taýýarlamak we ylmy-barlag işlerini alyp barmak    wezipeleri durýar.   Hut şonuň  üçin hem  türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebiniň professor-mugallymlary  geljekki  türkmen  diplomatlaryna  zerur bolan bilimleri, başarnygy we endikleri bermek bilen bir hatarda halkara gatnaşyklarynyň, daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň  meseleleri  boýunça ylmy işleri alyp barýarlar. Bu babatda halkara gatnaşyklarynda bitarplyk syýasatyny ylmy-teoretiki taýdan öwrenmek hem esasy orunlaryň haratynda durýar. 

Bitaraplygyň Merkezi Aziýa sebitinde we onuň goňşy çäklerinde ylalaşdyryjy gural hökmündäki wajyp orny BMG-niň howandarlyk etmeginde Aşgabatda bolup geçen täjigara we owganara parahatçylykly gepleşikleriň netijeleri hem subut etdi. Şeýlelik bilen Türkmenistan sebitde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi.Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi bilen 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilen uly ynamyň şaýatnamasy boldy. Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň mysalynda bitaraplyk halkara syýasatynyň obýekti bolup durmakdan has işjeň ýagdaýa, ýagny halkara syýasatynyň subýekti derejesine çenli göterildi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň düýpli binýady bolup durýan Türkmenistanyň Bitaraplygy özünde halkara hukugynyň we diplomatiýasynyň üýtgewsiz ýörelgelerini, şeýle hem parahatçylyk dörediji gatnaşyklaryň oňyn tejribesini we halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen iri başlangyçlaryň öňe sürülmegi hem-de amala aşyrylmagy esasynda öňüni alyş çäreleriniň durmuşa geçirilişini özünde jemleýär. Özüniň Bitaraplyk hukuk derejesinden hem-de halkara borçnamalaryndan gelip çykýan ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň ähli meseleleri syýasy we diplomatik serişdeler arkaly, esasan-da, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň üsti bilen çözülmegi göz öňünde tutulýan ýagdaý Türkmenistan üçin binýat goýujy şert bolup durýar. Türkmenistan bu ýörelgelere iş ýüzünde eýermek bilen, Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň özüniň daşary syýasatynyň özeni bolandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny anyk işleri arkaly subut edýär.


Häzirki wagtda saglygyň, durmuşyň ýokary derejesiniň, bilelikde ylalaşykly ýaşaşmagyň, tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmegiň meseleleri ýaly ugurlarda adamzadyň baş maksatlaryna ýetmek üçin ylmy gazananlaryň zerur bolup durýandygy hakykatdyr. Ylym häzirki zaman jemgyýetini oýlanyşykly dolandyrmaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.


Halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk syýasaty, B. Karaýew