/

Arhiologik tapyndylar tapyldy

Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen tassyklanan 
«Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018–2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, türkmen alymlary we hünärmenleri tarapyndan «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ýaz möwsüminde ýurdumyzyň welaýtlarynyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik gazuw-barlag we berkidiş-rejeleýiş işleri alnyp baryldy.



Ahal welaýatynyň çägindäki Abiwerd galasynda şu ýylyň ýazky möwsüminde arheologik gazuw barlag işleri dowam etdirildi. Abiwerdiň şähristanynyň çäginde gazuw-barlag işleri geçirilip, hünärmentçilik toplumynyň goşmaça desgalarynyň üsti açyldy. Hususan-da, ownuk küýze gaplaryny bişirmek üçin niýetlenilen ýöriteleşdirilen iki gatly küreler (peçler) we onuň bilen baglanyşykly ussahana jaýlarynyň galyndylary ýüze çykaryldy. Üsti açylan bu arheologik tapyndylar Günorta Türkmenistanda, has takygy Ahal welaýatynyň dag eteklerinde orta asyrlarda zergärçilikde we lukmançylykda giňden ulanylan simabyň önümçiliginiň ýola goýlandygyna goşmaça anyk deliller bolup hyzmat edýär.

Balkan welaýatynyň çägindäki orta asyr Dehistanyň Juma metjidiniň peştagyny (portal) rejelemek işleri tamamlandy. Geçirilen işleriň netijesinde ýadygärligiň 100 ýyl mundan ozal ýykylan ýokarky bassyrmaly bölegi saklanyp galan arhiw fotosuratlara esaslanyp türkmen hünärmenleri tarapyndan asyl nusgasynda dikeldildi.


Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Köneürgenç ýadygärlikler toplumynyň düzümine girýän «Kerwensaraý» ady bilen tanalýan ýadygärlikde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirildi. Işleriň netijesinde bu orta asyr desganyň XIV asyryň ahyrlarynda ýumrulan diwarlarynyň ýüzi ajaýyp oýma nagyşly terrakota plitkalary bilen bezelen uly göwrümli bölekleriniň üsti açyldy. Häzirki wagtda türkmen hünärmenleri ýüze çykarylan terrakota bezeglerini seljermek we rejelemek işlerini alyp barýarlar.

Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän XII asyra degişli Daýahatyn kerwensaraýynda rejeleýiş işleriniň 2-nji tapgyry tamamlandy. Netijede ýadygärligiň içki howlusyny gurşaýan däliziň (galereýanyň) bir bölegi we oňa ýanaşyk gurlan otaglar rejelendi. Rejeleýiş işleriniň 3-nji tapgyrynyň çäginde bu meşhur kerwensaraýyň girelge tarapynyň ýüzündäki epigrafiki ýazgylaryň ylmy esasda dikeldip bolaýjak bölekleriniň rejelenmegi göz öňünde tutulýar.




Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň golaýyndaky Abdyllahan galasynda işler dowam etdirildi. Galanyň esasy derwezesiniň ýerleşýän ýerini anyklamak maksady bilen onuň töwereklerinde geçirilýän arheologik barlaglar derwezäniň iki gapdalyndaky diňleriň binýatlarynyň gurluş aýratynlyklaryny kesgitlemäge mümkünçilik berdi.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan gurnalan arheologik ekspedisiýalar bilen bir hatarda ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäklerinde arheologik gözleg işleri hem alnyp baryldy. Netijede, ozal hasaba alynmadyk ýadygärlikleriň ençemesi ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Şeýlelikde, ozal Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň Döwlet reýestrinde duran ýadygärlikleriň umumy sany 1397 bolan bolsa, häzir olaryň sany 1422-ä ýetdi.





Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan daşary syýasaty we taýsyz tagallalary netijesinde, milli medeni mirasymyzy öwrenmekde hem-de giňden wagyz etmekde halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ýaz möwsüminde Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyna esaslanyp, Beýik Ýüpek ýolunyň Amul–Merw şahasyny dünýä ýaýmak we ony ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen, Amuldan Merwe çenli aralykda ýerleşen aýry-aýry kerwen duralgalary öwrenilip, olarda ölçeg çyzgylaryny düzmek, fotosuratlara düşürmek we gorag zolaklaryny kesgitlemek boýunça hem işler ýerine ýetirildi.