/

Açyk gapylar güni geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe düýpli ösüşleriň ýoluna düşen Türkmenistan döwletimiz sözüň doly manysynda bedew bady bilen öňe barýar. Bagtyýarlygyň gujagynda her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara  beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýän, tanalmaz derejede özgerýän, raýatlaryna eşret paýyny boldan eçilýän jennet mekanyna öwrülýär. Gahryman arkadagymyzyň durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary raýatlarymyzy döredijilik zähmete, täze tutumlara ruhlandyrýar. Sanly ýyllaryň içinde durmuşa geçirilen işler, beýik maksatnamalar bilen halkyň ýüreginde ýer alan döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň her bir döwürde gazanan sepgitlerini döredijilik ösdürýär. Ylaýta-da ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada döwletimizde esasy orunda durýar. Türkmenistanyň telewidenýe, radiogepleşikler we kinemotagrafiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç hünär okuw mekdebinde 2020-nji ýylyň maý aýynyň 5-ne Açyk gapylar güni geçirildi. Açyk gapylar güni mynasybetli okuw mekdebimize mekdep okuwçylary şeýle-de birnäçe myhmanlar geldiler. Şeýle-de sapaklara gatnaşyp her hünär barada giňişleýin maglumat aldylar. okuw mekdebimiziň girelge zalynda tanyşdyrylyş sergisi görkezildi.


Başlangyç hünär okuw mekdebinde telewidenýä, kino we mahabata degişli ugurlardan ýaşlara bilim berýärler. Her hünär boýunça kärine ussat mugallymlar bilim berýärler. Talyplar nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikde has-da berkidýärler. Açyk gapylar güni mynasybetli telewidenýäniň döredijilik topary, Oguzhan adyndaky türkmenfilim  birleşigi, mahabat müdirligi özleriniň surata düşürýän filimlerinde, gepleşiklerinde ulanýan enjamlaryny, has kämilleşen ulgamlaryny sergide görkezdiler.

Häzirki telekommunikasiýa ulgamynyň güýçli depginler bilen ösýän zamanasynda milli medeni mirasymyzyň genji-hazynalaryny toplap, ony jemgyýete ýetirmek meselesi esasy wezipeleriň birine öwrüldi. Döwlet derjesinde geçirilýän medeni çäreleriň türkmen telewidenýesynde yzygiderli alnyp görkezilmegi milli ahlak gylyk häsiýetlerini ýaşlaryň aňyna siňdirmek, ruhy medeniýetimizi jemgyýete ýaýratmakda uly ähmiýete eýedir. Wakalary janly, ýanyňda ýaly görkezmekde, şekilleri halka ýetirmekde telewidenýe we radio gepleşikleriniň uly orny bardyr. Şeýle-de türkmen telewidenýesinde taýýarlanýan gepleşikleriň hil we many taýdan gowy bolmaklygy, döredijilik toparynyň işgärleriniň her bir edýän işlerini ýagny wezipe borçlaryna has aýdyň düşünmekleri üçin ýörite hünärmenler taýýarlanýar.