/

Üzärligiň peýdalary

Üzärlik oty biziň halkymyzyň arasynda giňden ýaýran we dürli dertlere em etmek üçin ulanylýan ösümlikdir. Ony diňe derman üçin däl-de, hatda ony senagat hajatlary üçin hem ulanyp, ondan reňk alypdyrlar. Halk arasynda, onuň tüssesini howada bar bolan dürli ýokançlyklary ýok etmek üçin hem ulanýarlar. Üzärligiň dänesini owradyp we ak ýag bilen garyp, basyryp, on günläp goýup, guragyry keselinde melhem görnüşinde hem ulanýarlar.

Onuň dänesini içgeçme ýagdaýlarynyň öňüni almak üçin hem kabul edýärler. Üzärligiň suwuna gijilewik keselinde suwa düşme, onuň dänelerini bolsa peşew çykaryş ulgamynyň sowuklama kesellerinde çaýa garyp içmek maslahat berilýär.


Üzärligiň çaýynyň çilim çekmäni goýmakda hem kömegi uludyr. Üzärlikden balzam ýasamak üçin, onuň 200 gr ter otuny owratmaly we üstüne iki stakan gaýnan suw guýup, 7-8 sagat saklamaly. Soňra ony süzgüçden süzüp, nahardan 30 min öň her gün 3 gezek 3-5 damjadan içmeli.

Bu ösümligiň dürli häsiýetleri barada hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik ylmy işinde gymmatly maglumatlar berilýär.

Üzärlik toýunly çägesöw toprakda ösýär. Ol topraga ýyly gidip ugraýan ýaz paslynda gülleýär. Onuň gülüniň açyk sary ýa-da ak bolýar. Üzärlikde çöllerde, guýulara ýakynyrak ýerlerde, baýyrlarda, ýoluň gyralarynda ösýär.

Üzärlik dermanlyk häsiýete eýedir, ösüp oturan ýüzärligiň ýokarky bölegi orulyp alynýar we kölegede şemal çalynýan ýerde guradylýar. Halk tebipçiliginde üzärlik häzire çenli ýokary derejeli derman-däri hökmünde giňden ulanylýar. Ugur-ýol bilýän eli ýeňil tebipler guradylan üzärlikden çaý demläp, sowuklany, garaguş kesellini, böwrek agyrylyny bejerýärler. Agzy çaýkap dişagyryny, daşyndan çalyp gözagryny bejerýärler. Üzäligiň güýji bilen aşgazan, içege, öthalta keselleri bejerilýär.



Guradylan ýüzärligiň 100 gramyny 10 litr suwda 15 – 20 minut gaýnadyp, hasadan süzüp, 40 gradus ýylylykdaky suwda syrkawy ýuwundyrsaň, guryagyra peýdasy bardyr. Alymlaryň barlagynyň netijesi şeýle görkezýär: üzärligiň 10 göterimli gaýnatmasy bedendäki zyýanly mikroblary gyrýar. Üzärlikden alynýan garmin serişdesi beýnä täsir edip, adamyň gan basyşyny peseldýär, de almasyny güýçlendirýär, içegäniň, ýatgynyň, ýüregiň myşsalaryny kadalaşdyrýar we gan damaryny giňeldýär.

Oba hojalygynda ösümliklere zyýan berýän mör-möjeklere garşy ulanmakda hem üzärligiň peýdasy ulydyr. Üzärlikler gülleýän wagtlary bürgüt çagalarynyň ganatlaryny berkitmäge, uçmaga öz täsirini ýetirýär. Düýe üzärligi ysgan pursadynda gözi durlanyp, uzaga garap, gadamyny batlandyrmaga ukyply bolýar. Üzärligiň tüssesini öýe-otaga goýberip, howadaky mikroblary gyrmak mümkin. Ene-mamalarymyz mukaddeslik hökmünde üzärligi öýleriniň gapysynyň ýokarysyna gysdyryp goýupdyrlar, onuň bilen öýe rysgal döwlet geler diýen düşünjä eýeripdirler.

Howa arkaly ýokuşýan kesellere garşy üzärligiň täsiri

Dem alyş synalarynyň üsti bilen bedene kesel dörediji hasownuk bedenler (mikroorganizmler) we tozanjyklar düşüpbilerler. Olar dem alyş ýollarynyň ýokarky bölekleriniň nemlibardalaryna ýelmeşip galýarlar. Soňra olaryň bir bölegi kirpikli epiteliýa tarapyndan daşary çykarylýar. Has ownuk bedenleriň ep-esli bölegi bolsa nem bilen zyýansyzlandyrylýar. Emma käbir has ownuk bedenler we tozanjyklar her niçik-de bolsa, dem alyş ýollaryna, käwagtlar bolsa öýkene düşýärler. Olar dürli keselleriň döremeklerine sebäp bolup bilerler. Şol keselleriň köpüsi ýokanç kesellerdir. Olara dümewinçekeselgyzamykhörezek (täjihoraz), difteriýa we başgalar degişlidirler.



Özüňizi we töweregiňizdäkileri şol kesellerden nähili gorap saklamaly?

Dümewlän adamlaryň burun deşiklerinden we agzyndan asgyran we üsgüren wagtlarynda uly güýç bilen howa çykarylýar. Şol howada göze görünmeýän millionlarça damjajyklar bar. Şol damjajyklarda hem wiruslar saklanýarlar. Eger-de ol damjajyklar sagadamyň dem alyş synalaryna düşäýse, onda oňa dümewýokuşyp biler. Şeýle damjajyklar keselliniň hususy zatlarynyň üstüne düşüp, olaryň üsti bilen hem sag adamlara ýokuşmaklygy mümkindir. Bularyň hemmesi dümewiň damja ýokuşyjysyna (infeksiýasyna) degişlidigini görkezýär. Şonuň üçin üsgüreniňizde we asgyranyňyzda, damjalar howa ýaýramaz ýaly, agzyňyzy we burun deşikleriňizi elýaglygyňyz bilen ýapmalydyr.

Şeýle etseňiz, siz töweregiňizdäki adamlary keseliň ýokuşmagyndan gorap saklarsyňyz. Keselli bilen umumy gapdan, ýorgan-düşekden, el çalgyçdan peýdalanmalydäldir. Şolzatlardan dümew döredijiler aňsatlyk bilen siziň burun weagyz boşluklaryňyza düşüp bilerler. Siz haçanda dümewkeselli adam bilen aragatnaşyk edeniňizde, agzyňyzy hasadaňysy bilen ýapyň, çünki ol howany geçirýär, emma içindekesel döredijileri bolan damjajyklary saklaýar. Köplenç, dümewiň garşysyna keseliň öňüni alýandermanlaryulanýarlar, ony burna pürkmek ýoly bilenpeýdalanýarlar. Şonuň bilen birlikde durmuşda-da keseliňöňüni alyş çäreleri berjaý edilmelidir. Kesellän wagtlaryçagalary aýry saklamalydyr. Jaýyň pollaryny 0,2%-li hlorly hekiň ergini bilen ýuwmak hem dümewiň zäherleriniňkem-käsleýin ýok bolmagyna eltýär.