/

Mahabat tertibi sanly ulgamda

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň her bir güni uly ösüşlere eýe bolýar. Esasan hem sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmak babatynda ähli pudaklarda giň gerimli işler alynyp barylýar.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetininiň “Mahabat” müdirligi hem öz işini sanly ulgama geçirmek boýunça öz öňünde meýilnama goýup, durmuşa geçirýär. Ýanwar aýynyň soňunda müdirligiň hünärmenleri Moskwa şäherinde hünär kämilleşdiriş okuwlarynda boldylar we öwrenen tejribelerini bu ýerde durmuşa geçirmek üçin gerekli meýilnama düzüldi. Meýilnama laýyklykda mahabat tertibini sanly ulgama geçirmek işini esasy ugurlary biri hökmünde görkezildi we bu babatda gerekli işler geçirildi. Bilşimiz ýaly döwlet komitetiniň “Mahabat” müdirligi tele, radio we web sahypalarda mahabat hyzmatlaryny alyp barýar. Bu hyzmatlaryň çäginde müşderilere wagtynda, talaba laýyk, ýokary hilli we netijeli mahabat hyzmaty ýetirmek örän möhüm bolup durýar. Şoňa göräde müdirlik mahabat tertibini sanly ulgama geçirdi. Bu ulgamyň netijesinde müşderiler indi islendik wagt öz mobil ýada komýuterlerinde özlerine berilen Login we açyr söz berilýär. Netijede her bir müşderi öz mahabatynyň haýsy kanaldan, näçede gidenini we indiki gitjekleri görüp bilýär. Şunuň bilen bir hatarda ähli ýaýalymlaryň göýberiş bölümlerinde ýerleşdirilen komýuterleriň esasynda her bir ýaýalyma göýberiş bölümi hem mahabat tertibinde girizilen üýtgeşmeleri dessine görüp bilýär. Şeýlelikde bu ulgam 6 sany tele ýaýlymda we  4 sany radio ýaýlymyň göýberiş bölümlerinde ornaşdyryldy.


Bu sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen Mahabat hyzmatlarynyň:

·      Hili we tizligi ýokarlanar;

·      Hasabatlygy we gözegçiligi ýokarlanar;

·      Işleri ýerine ýetirmek üçin sarp edilýän ençeme kagyzlar aradan aýyrlar;

 

Netijede Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetini hünärmenleri sanly ulgamy durmuşa geçirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýar