/

Täze oýun döredildi


Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde uly işler alyp barýar. Bu babatda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mahabat” müdirligi hem öz gezeginde dürli işleri alyp barýar. Müdirligiň hünärmenleri milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy çagalarymyza wagyz etmekde gysga göwrümli 2D görnüşli animasiýalary taýýarlap ýaýlyma berýär. Şu wagta çenli 20-ä golaý gysga göwrümli animasiýalar taýýar boldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň taýýarlaýan 3D animasion multfilmleriniň hem halk köpçüligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen görülýändigini ýatdan çykarmaly däldiris.

Mahabat müdirligi milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmekde we döwrün ýeten sepgide laýyklakda wagyz etmegiň täzeçe görnüşlerine salgylanyp taýýarlanan multfilmleriň gahrymanlary esasynda “2 jübüt” ady bilen täze adroid oýnuny taýýarlap google plaýe ýerleşdirdi. Bu oýun esasynda çagalar öz ýatkeşliklerini ýokarlandyryp bilerler. Bu oýun Google Play platformasynda tölegsiz esasda ýerleşdirilen we islendik ulanyjy, islendik ýerden öz adroid enjamyna ýükläp alyp biler. Şeýle hem milli multfilm  gahrymanlary esasynda multfilmlerde gozgalýan terbiýeçilik temalaryny özlerine sapak edinerler. Netijede sanly ulgamy durmuşymyza ornaşdyrmakda wagyz etmegiň täze görnüşi ýola goýuldy. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirligiň işgärleri sanly ulgamy durmuşa geçirmekde ýenede ençeme işleri alyp barýar. Müdirligiň habar bermegine görä ýakyn günlerde mahabat ýaýlymlarynyň tertibini 100% sanly ulgama geçirmek boýunça jemleýji işleri alyp barýdandyklaryny belläp geçdiler we şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize sag bolsun aýtýarlar. https://play.google.com/store/apps/details?id=com.archtm.ikijubut