/

Dümewden nädip goranmaly

Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň

dümewiň öňüni almaklyk üçin  peýdaly maslahatlary :

1. Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmaklygyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

2. Öz hem-de öz perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli.

3.Pasyllara görä geýinmeli we witamin С – askorbin turşusyna baý önümlerini kabul etmeli (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri).

4. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýeljiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl.

5.Howanyň üýtgemegi bilen möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli tagamlarymyz bolan gyzyl burç goşulan un aşy hem hepdede kabul etmeli. Gyzyl burçuň  düzümindäki fitonsitler, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.Milli tagamyz bolan el un aşy möwsümleýin keselleriň hem öňüni almakda we ýeňil geçirmekde örän ähmiýetli tagamdyr.Oňa gyzyl burç atylyp peýdalanmak maslahat berilýär, sebäbi ol fitonsitlere baý, ýöne hökman  maşgala lukmanlar bilen maslahatlaşyň.

6.Dümewiň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmana ýüz tutmaly.

7.Asgyrlanda, üsgürlende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly.

8.Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

9. Derman serişdelerini özbaşdak lukman bilen  maslahatlaşman kabul etmeli däl. Esasan hem, bu antibakterial serişdelerine has degişli. Sebäbi, antibakteral serişdeleri wiruslara däl-de, bakterialara garşy ukyply.Olary özbaşdak ulanmaklyk birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.

10.Bedeniň kesele garşy durnuklylygny  ýokarlandyrmak üçin Mähriban Prezidentimiziň bize peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopediki kitabynda beýan edilýan it burun,çopantelpek,buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli.

11.Möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar hem biziň ýurdumyzda  ýola goýlan, her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, olary hem kabul edip biler.