/

Türkmenistanda ilkinji gezek

21.12.2019

2019-njy ýylyň 21-nji dekabrynda paýtagtymyzyň Aşgabat kinoteatrynda Oguz han dyndaky "Türkmenfilm" birleşigi tarapyndan taýýarlanan  "Çöregiň tagamy" atly 3D ölçegli multfilmiň premierasy görkezildi. Bu premieranyň esasy aýratynlygy "Türkmenfilm" birleşigi tarapyndan taýýarlanan multfilmleriň ilkinji gezek kinoteatrda görkezilmäge başlamagydyr.  "Türkmenfilm" birleşigi 2016-njy ýyldan bäri 3D ölçegli multfilmleri  taýýarlaýar. Şärikli ekin halk ertekisiniň 3 bölümi, Mämmetjan serialynyň hem 3 bölümi taýýarlanyldy.  Bu multfilmleriň ýenede bir aýratynlyklary milli däplerimizi we gymmatlyklarymyzy çagalarymyza wagyz etmekde uly ähmiýete eýe bolmagyndadyr.  Bu babatda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet bähbitli işlerini halk köpçüligine wagyz etmekde ulanýan bir görnüşidir.  Bilşimiz ýaly multfilm sungaty ähli sungatlaryň içinde iň kynlarynyň biridir.  Türkmen hünärmenleriniň bu babatda gazanan tejribesi nusgalyk bolup çykyş edýär. Bularyň ählisi Hormatly Prezidentimizi, türkmen halkynyň gelejek nesili üçin taýsyz alada etýändigini görkezýär.