/

HEMIŞELIK BITARAPLYK — TÜRKMENISTANYŇ ŞU GÜNI, ERTIRI, GELJEGI

09.12.2019

Döwlet berkararlygymyzyň berk binýady bolan Garaşsyzlygymyzdan soň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmegi ata-babalarymyzyň hoşniýetli ýörelgeleriniň bütin dünýä aýan edilmeginiň dabaralanmasy boldy. Bu taryhy waka Türkmenistanyň seçip alan içeri we daşary syýasatlarynyň ynsanperwerlige daýanýandygyny, abraýly halkara guramalar bilen maksadalaýyk hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny äleme äşgär etdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygyň tarapdary bolup gelen döwletimiziň diplomatiýa sungatynyň mundan beýläk hem ösüşleri nazarlamagyna giň ýollary açdy. Şeýlelik bilen, türkmen Bitaraplygy häzirki zamanyň ählumumy howpsuzlygyny üpjün etmek, ýurtlaryň deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlygyny ilerletmek, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ugrundaky tagallalary birleşdiriji gurala öwrüldi.

Garaşsyz, Bitarap döwletimiz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň merkezi bolup dünýä doldy.

 

Halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhy Bitaraplygymyzyň kökleriniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden, türkmeniň milli ahlagyndan, geçmişine we geljegine bolan ynamyndan alyp gaýdýandygyny tassyklaýar. Türkmen halkynyň guran köpsanly gadymy döwletleri, soltanlyklary, döreden adatdyr däp-dessurlary durmuşyň oňyn özgermegine düýpli täsir edipdir. Ata-babalarymyz hoşniýetli goňşuçylyk däplerini ileri tutup, ýakyn we alys ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary dowamly ösdüripdir. Açyk ýürekliligiň, raýdaşlygyň kämil edep-kadalaryny durmuşa ornaşdyran halkymyz ýüzýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly arkaly köp halklar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, ykdysady, syýasy we medeni sazlaşygyň deňsiz-taýsyz ulgamyny döredipdir, rehimdarlygy, sahawatlylygy, dawalary sözüň güýjüne daýanyp çözmegi wesýet edipdir. Birek-birege sarpa goýmagy milletleriň we halklaryň arasyndaky parahatçylygyň ilçisi derejesine çykarypdyrlar. Bu ýörelgeleri asyrlarboýy kämilleşdiren türkmen halky özüniň adalatlylygy bilen tanalyp gelýär.

Şular bilen baglylykda ýurdumyzyň saýlap alan Bitaraplyk ýoly türkmen döwletiniň taryhy ösüşlerine hem-de milli aň-düşünjesine kybap gelýändigini şertlendirýär. Türkmenistanyň mynasyp bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň köpasyrlyk umumadamzat ýörelgelerine ygrarlydygynyň, döwlet gurluşymyzyň hem-de onuň hoşmeýilli syýasatynyň ähli halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Şol esasda, oňyn Bitaraplyk derejesine daýanýan döwletimiz bu gün agzybirligiň we parahatçylygyň nusgasyny bütin dünýä ýaýýar.

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ynsanperwer ugry, ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna öňe sürýän netijeli teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Milli Liderimiziň sebitde we dünýäde asudalygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatyndaky başlangyçlary halkara resminamalarynyň onlarçasynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň teklibi esasynda şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmegi aýdylanlaryň nobatdaky subutnamasy boldy. Bu halkara resminama ýurdumyzyň alyp barýan umumadamzat ähmiýetli tagallalarynyň ählumumy ykrarnamasy, ýurdumyzyň bagtyýar ýaşaýjylary bilen bir hatarda Ýer ýüzüniň ynsanlaryny asudalygyň hatyrasyna gönükdirilen belent maksatlara goşant goşmaga ruhlandyrdy. Ata Watanymyzyň dünýä bileleşigindäki at-abraýyny has-da belende göterdi.

Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy, oktýabr aýynda bolsa Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiýokary derejede hem-de guramaçylykly geçirildi. Bularyň ählisi «Açyk gapylar» we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine goldanyp, sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň öňe nazarlaýandygyny aýdyň şöhlelendirýär. Ýurdumyzyň dünýä parahatçylygy, bütin adamzadyň abadançylygy ugrundaky başlangyçlarynyň ählumumy goldawa eýedigini dabaralandyrýar. Halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine täzeçe itergi berýän öňdebaryjy usullary durmuşa geçirmekde oňyn Bitaraplygymyzyň jebisleşdiriji güýjüniň barha artyp, BMG tarapyndan hem ýokary baha berilýändigini alamatlandyrýar.

Parahatçylygyň ilçisi bolan Bitaraplyk dünýäde howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup, halkara gatnaşyklarynda özüňi alyp barmagyň döwrebap meýdançasynyň giňelmegine ýardam edýär. Bitaraplyk ähli halklaryň erkin, özygtyýarly ýaşaýşy esasynda dünýä hyzmatdaşlygyny guramagy we berkitmegi esas edinýär. Ol düýpli özgertmeleri goldamagy, döwrüň global meselelerini çözmek üçin amatly şertleri döretmegi maksat edinýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň paýyna düşen Bitaraplyk halkara-hukuk derejesi halkymyzyň ykbalyny özgertmek bilen, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň saklanmagyna, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň durmuşa geçirilmegine oňyn täsirini ýetirýän häzirki zamanyň işjeň guraly bolup çykyş edýär. Bu ugurda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň Aşgabatda ýerleşmegi, Türkmenistanyň owgan halkynyň parahatçylykly durmuşyny gurmak babatdaky tagallalaryna berýän ynsanperwer kömegi şol syýasatyň aýdyň ýüze çykmasydyr.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň noýabrynda Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygynda sözlän sözünde: «Sebit howpsuzlygy ýaly möhüm meselede biziň ýurtlarymyz hemişe jebis çykyş edip, öz öýünde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek babatda jogapkärçiligini hem-de berk ynamyny görkezmelidir. Bu bolsa häzir, terrorçylygyň, ekstremizmiň, guramaçylykly jenaýatyň öňküsi ýaly dünýä ýüzüne hem-de käbir döwletleriň we sebitleriň abadançylygyna howp salýan döwründe has-da möhüm ýagdaýdyr» diýip nygtady. Munuň özi parahatçylyk we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan, döredijilikli ugry yzygiderli amala aşyrýan Türkmenistanyň sebitde howpsuzlygy berkitmäge jogapkärli çemeleşýändiginiň açyk beýany boldy.

Ýurdumyzyň Bitarap döwlet hökmündäki syýasy, ykdysady we ynsanperwer esaslaryny kesgitleýän hukuklary we borçlary «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion Kanunda berkidilýär.

Bu Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen oňyn dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar. Türkmenistan beýleki döwletler bilen öz gatnaşyklaryny olaryň medeniýetini, däplerini we adatlaryny hormatlamak esasynda guraýar hem-de ynsanperwer gatnaşyklara halklary ýakynlaşdyrmagyň, olaryň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm serişdesi hökmünde garaýar.

Umuman, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen Bitaraplygy ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyna öwrülýär. Halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan Bitaraplygymyzyň sebitde durnuklylygyň saklanmagyna hyzmat edýändigi bagtyýar watandaşlarymyzy çäksiz buýsanja besleýär. Hemişelik Bitaraplygymyz berkarar döwletimiziň ynsanperwer syýasatyny, parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny älem-jahana dabaralandyrýar.


Çeşme: http://metbugat.gov.tm