/

Aşgabatda futzal boýunça Aziýa çempionaty 2020-niň bije çekişlik dabarasy geçirildi

07.12.2019

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapandan ähli ugurlar boýunça uly özgerişikler geçirilýär. Düýn paýtagtymyzdaky «Olimpiýa» myhmanhanasynda 2020-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň final böleginiň bije atyşlygy geçirildi.
    Çäräniň başynda bije atyşmagyň düzgüni bilen tanyşdyrýan ýörite wideoşekil görkezildi. Onda toparçalardaky ýygyndylaryň arasynda geçiriljek duşuşyklaryň rejesiniň düzgünleri hem tanyşdyryldy. Hawa, düzgünnama laýyklykda, çempionatyň toparlaýyn ýaryşy 26-njy fewraldan 2-nji marta çenli geçiriler. Duşuşyklaryň netijesinde utulan toparlar oýundan çykarylar. Bäsleşigiň bu tapgyryna her topardan iň güýçli toparlaryň ikisi gatnaşar. Ýarym final duşuşyklary 6-njy martda, final, üçünji we bäşinji orun ugrundaky duşuşyklar bolsa 8-nji martda geçiriler.
    Bije atmagyň düzgüni bilen tanyşlykdan soňra Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň ýaryşlar we futbol çäreleri bölüminiň başlygy Şin Man Gil çykyş etdi. Soňra bijeler çekilip, toparçalardaky ýygyndylar belli boldy.
    Bije atyşlyk tamamlanandan soň, milli ýygyndymyzyň kapitany Abdylla Gurbannepesow bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol: «Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen sporty pajarlap ösýär. Paýtagtymyz iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Ine, şu gün hem geljek ýyl paýtagtymyzda geçiriljek Futzal boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşjak ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda bije çekildi. Onda ýurdumyzyň adyndan bije çekmek meniň paýyma düşdi.
    Aziýa çempionatynda ýygyndymyz «A» toparçada çykyş edýär. Biz çempionatda ilkinji duşuşygy 26-njy fewralda Omanyň, 28-nji fewralda Täjigistanyň, 1-nji martda bolsa Aziýanyň iň güýçli futzal toparlarynyň biri bolan Wýetnamyň ýygyndylary bilen duşuşarys.
    Milli Liderimiz sportuň islendik görnüşi boýunça türgenleşýän türgenleriň başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen, daşary ýurtlarda yzygiderli türgenleşik geçmeklerine giň mümkinçilik döredip berýär. Biz hem Aziýa çempionatyny Aşgabatda geçirmek baradaky Karar kabul edilenden soň, Horwatiýa, Kuweýt, Türkiýe, Bolgariýa ýaly ýurtlarda okuw türgenleşikleri geçirip, öz başarnyklarymyzy artdyrdyk.
    Geljek ýylyň alabaharynda geçiriljek Aziýa çempionatynda ilkinji bolup çykyş ederis. Elbetde, ilkinji bolup meýdançada çykyş etmek biziň jogapkärçiligimizi artdyrýar. Belläp geçsek, toparçamyzdaky Oman döwletiniň ýygyndysy Aziýa çempionatyna ilkinji gezek gatnaşýar. Biziň çempionatda edil häzirki wagtda ýarym finala çykmak mümkinçiligimiz bar.
    Türkmen sportuny ösdürmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzy iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris — diýip, belläp geçdi.
    Aziýa çempionatyna gatnaşjak beýleki toparlar barada maglumat bersek, «B» toparçada Ýaponiýanyň, Liwanyň, Gyrgyzystanyň, Kuweýtiň, «C» toparçada Özbegistanyň, Bahreýniň, Hytaýyň, Indoneziýanyň, «D» toparçada bolsa, Eýranyň, Tailandyň, Koreýanyň, Saud Arabystanynyň toparlary çykyş eder.
    Ýeri gelende, paýtagtymyzda geçiriljek bu çempionata gatnaşýan toparlardan bäşisiniň geljek ýyl Litwada geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşmak mümkinçiliginiň bardygyny hem bellemelidiris. Munuň özi, toparlaryň arasyndaky boljak duşuşyklaryň her biriniň çekeleşikli ýagdaýda geçjekdigini görkezýär. Toparlaryň arasynda Aziýa hem Dünýä çempionatlarynda dürli ýyllaryň dowamynda ýokary netijäni görkezmegi başaran Eýran bilen Ýaponiýanyň ýygyndylarynyň ýarym finala ýetmek mümkinçiliginiň bardygyny hem aýratyn bellemek gerek.
    Futzal boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşýan ýygyndylaryň bije atmak çäresine gatnaşan myhmanlar bu ýere guralan sergä hem tomaşa etdiler. Olar türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda gazanan üstünliklerinden söz açýan kubokdyr medallar, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli kärhanalarda taýýarlanan sport lybaslary bilen tanyşdylar.
    Häzirki wagtda futzal boýunça milli ýygyndymyzyň türgenleri Wýetnamda boljak okuw-türgenleşigine taýýarlyk görýärler. Biz hem olara geljekki oýunda üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!


Çäraniň wideo materialy üçin şu ýerik basyň!