Türki Döwletleriň Guramasynyň Media utgaşdyryjy komitetiniň 2-nji forumy geçirildi.

2022-nji ýylyň 27-28-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjan Respubikasynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Audiowizual Geňeşleriniň 1-nji duşuşygy  we Türki Döwletleriň Guramasynyň Media utgaşdyryjy komitetiniň  2-nji forumy geçirildi. Bu foruma Türki Döwletler Guramasynyň doly hukukly agzalary we synçy döwletleri gatnaşdylar. Şeýle-de bu halkara foruma   Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinden ýörite wekil gatnaşdy.