/

Türkmen halkynyň belent ruhy däplerine eýerip

30.08.2019

30-njy awgustda ýurdumyzyň dindarlarynyň maslahaty geçirildi. Oňa welaýatlardan we Aşgabat şäherinden din işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet-dini gatnaşyklary syýasatynyň ynsanperwer ýörelgeleri esasynda mähriban halkymyzyň milli özboluşlylygyny kepillendirýän we türkmen halkynyň dünýä medeniýetinde möhüm orun eýeleýän milli ýörelgeleri, asyrlar aşyp gelýän ýagşy ynsanperwer dessurlarymyzyň jemgyýetimiziň ruhy taýdan sagdyn ösmegine täsiri barada aýtdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar yslamyň esasy sütünleriniň biri bolan haj parzyny berjaý etmek ugrunda ýokary derejeli şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda guramaçylyk meselelerine garaldy. Bu ugurda wezipeleriň ýerlerini üýtgetmek ýörelgesine eýerilip, Türkmenistanyň müftüsi wezipesine Lebap welaýatynyň baş ymamy Ý.Hojagulyýew geçirildi. Şunlukda, Lebap welaýatynyň baş ymamy wezipesine Ahal welaýatynyň baş ymamy W.Işangulyýew geçirildi. Şeýle hem Ahal welaýatynyň baş ymamy wezipesine Gökdepe etrabynyň baş ymamy T.Jemşidow geçirildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny giňden wagyz etmekde, parasatly ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däp-dessurlarymyzyň esasynda ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde mundan beýläk-de güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.


Çeşme: http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article19374&cat23