Hormatly
Prezidentimiziň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky syýasatyna eýerip, Türkmenistanyň
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň
"Mahabat" müdirligi 3-4 ýaşly çagalar üçin
"Zehin soraglary" atly žurnalyň birinji
sanyny çykardy.
Bu žurnalda müdirlik tarapyndan öndürilýän
multfilm gahrymanlary, çagalar dürli zehin soraglaryny soraýarlar. Soraglar
arkaly çagalar mental pikirlenmegi, logiki yzygiderligi yzarlamagy,
reňkleriň sazlaşykly ýerine goýmagy, ýatkeşligi, öz sözi bilen beýan etmegi,
sanlary goşmak we aýyrmagy, miweleri tanamagy, labirinti geçmegi öwrenerler.
Elbetde çagalar soraglary çözenlerinde ene-atalaryň ugrukdyrmagy maslahat
berilýär.
Müdirlik iň uly maýa goýumyň çagalara
edilýän maýa goýumdygyna esas alyp, bu
ugurda täze žurnallaryň üstünde
işlerini dowam etdirýär.
Iýun aýynda 5-6 aýşly çagalar üçin Zehin
soraglary žurnaly çykandygyny we çagalaryň arasynda uly
gyzyklanma bildirildi
Žurnal 20 sahypadan, 34 sany sorag görnüşinden ybarat bolup, bahasy 23 manat we satyn almak üçin +99365-037888 belgä jaň etmegiňiz ýeterlik.