/

Bilim arkaly beýik geljek döredilýär

03.09.2019

Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanmagy giňden we dabaraly ýagdaýda baýram edildi. Tutuş ýurdumyz boýunça ýaňlanan mekdep jaňlary okuw ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrdy. Düýn bolsa Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýolunda köpçülikleýin dabaralar, agşamara paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde konsert hem-de tapawutlanan mugallymlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sylaglamak dabarasy boldy.

Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary üçin şu günki gün Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji mekdepde oturdylan Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine hem ajaýyp gül çemenleri goýuldy. Ähli okuw mekdeplerinde dabaraly nyzam geçirilip, olarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamynyň işgärlerine we okuwçylaryna baýramçylyk Gutlagy okaldy.

«Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr. Bu ýol bilen biz beýik geljegimizi gurýarys» diýip, milli Liderimiz öz Gutlagynda belleýär hem-de ýurdumyzyň ýaşlaryna ak ýoly arzuw edýär.

Ähli mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki bilim edaralarynda baýramçylyk maksatnamalary taýýarlanyldy, olarda goşgular we aýdymlar ýaňlandy. Döredijilik toparlary çykyş etdiler, mugallymlara güller gowşuryldy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze orta mekdepleriň bäşisiniň hem-de paýtagtymyzda çagalar bagynyň açylmagy-da täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlandy.

Aşgabadyň iri ýaşaýyş toplumlarynyň biri bolan Parahat 7/1 toplumynda mekdebe çenli edaranyň ýene-de biri ulanmaga berildi. Ýaşajyk eýelerini ilkinji gezek kabul eden çagalar bagy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bilim ulgamynda başy başlanan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, bu ulgamyň ýokary halkara ölçeglere gönükdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

160 çaga niýetlenen iki gatly döwrebap bina çagalary mekdebe taýýarlamak, olaryň okuw we döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, sagaldyş çäreleri üçin hemme şertlere eýedir. Kompýuter we lingafon otaglary, aýdym-saz we sport zallary iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Bu ýerde suwda ýüzmäge niýetlenen uly howuz hem bar. Sekiz toparyň her birinde çagalaryň doly derejede we sazlaşykly iýmitlenmegi üçin ajaýyp görnüşde gurnalan naharhana toplumy bar.

Täze binanyň ýaşajyk eýeleri üçin bu günki gün uly baýramçylyga öwrüldi. Olara tans toparlary we aýdymçylar, Bilim ministrliginiň hem-de onuň dürli edaralarynyň, şol sanda Aşgabadyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzyň ençeme beýleki çagalar baglarynyň körpeleri we terbiýeçileri myhmançylyga geldi. Hemmelere däp bolan toý pişmesi hem-de milli tagamlary hödür edildi.

Dabarada çykyş edenler ýaş nesilleri sazlaşykly ösdürmek baradaky atalyk aladasy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe olaryň bagtyýar çagalygy üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Körpelerde örän uly guwanç döredip, asmana ak kepderiler, howa şarlary uçuryldy.

Şu gün Ahal welaýatynda bu sebitiň häkiminiň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda täze iki mekdebiň açylyş dabarasy geçirildi.

Olaryň biri — 600 orunlyk mekdep Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäherinde bina edildi. Bu ýere ir bilen ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi, medeniýet we sungat, bilim ulgamlarynyň işgärleri ýygnandylar. Dabara gelen hormatly myhmanlar aýdym-sazlar hem-de çagalar tans toparynyň joşgunly çykyşy bilen garşylanyldy.

Dabara gatnaşyjylara Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedow gutlag sözi bilen ýüzlenip, hemmeleri täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de ajaýyp waka — täze, döwrebap nusgalyk oba mekdebiniň açylmagy bilen gutlady. Ösüp gelýän nesle we mugallymlara hoşniýetli arzuwlar aýdyldy.

Ýerli ýaşaýjylaryň adyndan etrabyň hormatly ýaşulusy çykyş edip, häzirki wagtda çagalara ýokary hilli bilim almaga paýtagtymyzdaky ýaly mümkinçilikler döredilýän iň alys künjeklerde hem ajaýyp özgertmeleriň geçirilýändigine guwanýandyklaryny aýdyp, çuňňur hoşallyk bildirdi.

Täze mekdebiň mugallymlarynyň biri hem şatlyk we buýsanç duýgularyny paýlaşyp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny halkara ölçegleriň hem-de türkmen ýaşlarynyň öňünde ýagty ýollaryň we uly geljegiň açyk döwrüniň talaplaryna kybap gelýän täze derejesine çykarmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eýeleýän ajaýyp ornuny aýratyn belledi.

Soňra çagalaryň haýyşy boýunça hormatly myhmanlar toý bagyny kesip, täze mekdebiň synp otaglaryny synladylar. Birinji synp okuwçylarynyň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan netbuk-kompýuterler gowşuryldy.

Şunuň ýaly baýramçylyk dabarasy Bäherden etrabynyň Arçman şäherçesinde hem geçirildi. Bu ýerde 620 orunlyk orta mekdep guruldy. Dabara geçirilýän şu ýerde hem täze mekdebiň açylyşy aýdym-sazlara we tanslara beslendi, hormatly ýaşulular we mugallymlar çykyş etdiler, hormatly Prezidentimiziň adyndan birinji synp okuwçylaryna netbuklar gowşuryldy.

Ahal welaýatynyň durmuş düzüminiň üstüni ýetiren bu mekdepler hem häzirki zaman derejesine laýyklykda enjamlar bilen üpjün edildi hem-de kompýuterleşdirildi. Bu bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli we öňdengörüjilikli maksatnamanyň hem-de milli ruhy gymmatlyklar, tejribeler bilen birlikde bu ulgamda umumydünýä gazanylanlary özünde jemleýän özgertmeleri amala aşyrmagyň möhüm talabydyr.

Şu gün Mary welaýatynda hem täze mekdepleriň ikisiniň açylyş dabarasy boldy. Olaryň biri Mary etrabynyň «Diýar» geňeşliginiň Kelteler obasynda gurlup, onuň iki gatly binasy 600 okuwça niýetlenendir. Arassa we giň synp otaglary kompýuterler, multimediýa tagtalary, okuw-görkezme gollanmalary we enjamlar bilen doly üpjün edildi.

Mekdebiň sport zalynda köpçülikleýin sport çärelerini we ýaryşlary geçirmäge hemme mümkinçilikler bar. Dabaraly waka mynasybetli täze mekdebiň ýanyndaky sport meýdançasynda welosiped ýaryşlary, woleýbol, futbol hem-de sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.

Beýleki 660 orunlyk mekdep Türkmengala etrabynyň «Täze dünýä» geňeşliginiň Ýagty obasynda açyldy. Ol oba ýaşaýjylarynyň şatlygyny we buýsanjyny artdyrdy. Täze mekdebiň açylyşyna çagalar bilen gelen ýaşaýjylar degişli okuw, lingafon, kompýuter we beýleki innowasion enjamlar, görkezme gollanmalary bolan synp otaglaryny gözden geçirdiler. Bu ýerde mekdep okuwçylarynyň hünär taýdan ugrukmagy, sport bilen meşgullanmak üçin hem şertler göz öňünde tutulypdyr.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň «Garnas» geňeşliginiň Garabagşyly obasynyň mekdep okuwçylary hem täze okuw ýylyna ajaýyp sowgat aldylar. Şu gün bu ýerde baýramçylyk ýagdaýynda 320 orunlyk täze orta mekdebiň açylyş dabarasy geçirildi.

Okuwçylary we olaryň ene-atalaryny, dabara gelen köp sanly myhmanlary döredijilik toparlary gyzykly konsert maksatnamasy bilen garşyladylar, türgenler hem öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular oba ýaşlaryny täze mekdebiň açylmagy bilen gutladylar. Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygider aladalary, milli bilim ulgamynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde hemmetaraplaýyn we ýokary derejeli bilim almaga toplumlaýyn şertler döredildi.

Oňaýlylyk we döwrebap tehnologiýalar okuw edaralarynyň esasy ýagdaýyna öwrülip, olarda türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň netijeli okamagy hem-de hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutuldy.

Ine, uzakdaky obada gurlan bu täze mekdepde hem okuwçylaryň aň-düşünje we beden taýdan ösmegi, olaryň çuňňur bilim almagy, mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin hemme şertler döredildi. Interaktiw multimediýa synp otaglary, lingafon we informatika otaglary iň döwrebap enjamlar, tehnikalar, gollanmalar bilen üpjün edildi, mekdepde fizika hem-de beýleki dersler boýunça amaly okuwlary geçmek üçin oňat enjamlaşdyrylan barlaghanalar ýerleşdirildi.

Ýetginjek oglanlar we gyzlar üçin zähmet okuwyny geçmäge oňat enjamlaşdyrylan synp otaglary bar. Sport we aýdym-saz zallary, naharhana, okyjy zaly bolan kitaphana, açyk sport şäherjigi mekdep okuwçylarynyň hyzmatyndadyr.

Umuman, täze mekdepleriň bäşisi 2800 okuwça niýetlenendir. Şatlyk-şowhun ýagdaýynda geçirilen açylyş dabaralarynda zähmetde has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk nyzamlarynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň ählisinde iň ýaşajyk okuwçylary — alty ýaşly birinji synp okuwçylaryny aýratyn mübäreklediler. Olara döwlet Baştutanymyzyň adyndan netbuklar gowşuryldy. Bu däp milli Liderimiziň tarapyndan 2011-nji ýylda başlanyp, çagalaryň terbiýesi we sazlaşykly ösüşi baradaky aladanyň ýene bir ýüze çykmasy boldy.

Ýurdumyzyň bilim edaralarynda ilkinji sapaklar «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçdi. Açyk sapak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna, Garaşsyzlygymyzyň 28 ýylynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlandy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýaşlarymyz biziň ýurdumyzyň geljegidir, şoňa görä-de, başlanan okuw ýyly saýlap alan rowaçlyk we gülläp ösüş ýolumyz bilen mundan beýläk-de üstünlikli öňe gitmek üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döredijileriniň täze nesliniň kemala gelmeginde nobatdaky ädim bolmalydyr.

Biziň döwletimiz bilimiň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berip, raýatlarymyzyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň häzirki zaman dünýä ylmyny we tehnologiýalaryny, tebigat ylymlaryny, jemgyýeti öwreniş ylmyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny öwrenmek işine çekmäge ýardam edip, giň medeni we gumanitar gatnaşyklary höweslendirip, maýa goýumlarynyň geljegi has uly görnüşleriniň biri bolan bilim ulgamyna maýa goýumlaryny amala aşyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň geljegine goýulýan maýa serişdeleridir, halkymyzyň iň gymmatly strategik serişdesiniň — onuň intellektiniň üstüniň ýetirilmeginiň kepilidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Şeýle hem güýzüň ilkinji güni ýurdumyzda däp boýunça «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäre badalga aldy. Bu çäräniň çäklerinde orta mekdeplerde ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge bagyşlanan degişli burçlar we diwarlyklar taýýarlanyldy, sowal-jogaply we beýleki bäsleşikler, okuw sagatlary, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak baradaky mesele babatda ýol gözegçiligi gullugynyň hünärmenleri bilen duşuşyklar guralar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen ýol hereketiniň gözegçileriniň eko-welosipedçiler topary şu ýylyň täzeligi boldy.

Ýene-de bir möhüm waka şu gün, täze okuw ýylynyň birinji güni Aşgabatda ýerleşen A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebinde bolup geçdi. Bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdep bilen teleköpri guraldy.

Mälim bolşy ýaly, bu mekdep hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guruldy. Ol geçen ýylyň maý aýynda ýurdumyzda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni bellenilende açyldy.

Beýik türkmen nusgawy şahyrynyň adyny göterýän täze mekdep bilen birlikde, Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyşy hem boldy. Heýkeliň sütünini beýik söz ussadynyň öçmez-ýitmez setirleri bezedi, taryhçylaryň beren maglumatlaryna görä, şahyr Astrahan topragynda birnäçe gezek bolupdyr. Hut şu ýerde ýüz ýyl mundan öň şahyryň goşgularynyň türkmen dilindäki ilkinji ýygyndysy çap edilipdir.

Täze mekdep üçin ýer bölegi tötänden saýlanyp alynmady. Funtowo obasynda Astrahan sebitinde köp sanly kowçum bolup ýaşaýan türkmenler bar. Mekdebiň binasy iki gatdan ybarat bolup, onuň umumy meýdany 3,5 müň inedördül metrden gowrakdyr hem-de 190 okuwçy üçin niýetlenendir.

Giň, oňaýly, ýagty otaglar döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Olarda mugallymyň awtomatlaşdyrylan iş orunlary, interaktiw tagtalar we sanly proýektorlar oturdyldy.

Mekdepde kompýuter otagy, fizika, himiýa, biologiýa we taryh otaglarynyň barlaghanalary, pedagog-psihologyň we logopediň iş otaglary göz öňünde tutuldy. Oglanlar üçin zerur gurallary bolan zähmet ussahanasy, gyzlar üçin bolsa aşpezlik, biçimçilik we tikinçilik otaglary bar.

Şeýle hem bu ýerde kitaphana, umumy meýdany 280 inedördül metr bolan ýapyk sport zaly, naharhana, uly mejlisler zaly, lukmançylyk bölümi, lift we beýlekiler ýerleşýär. Mekdebiň ýanaşyk ýerinde sport we geografiýa meýdançalary enjamlaşdyryldy. Başlangyç synplaryň okuw bölüminde 1-nji synplaryň okuwçylary, uzaldylan günüň toparlary üçin oýun oýnalýan otag, ýatylýan otaglar guruldy.

Şu gün bu mekdebiň täze partalarynyň başyna funtowoly oglanjyklar we gyzjagazlar geçdiler, olar bilim almak üçin ozal goňşy oba gatnamaly bolýardylar. Indi bolsa golaý-goltumdaky obalaryň çagalary Funtowa bilim almaga gelerler. Bu ýerde täze mekdebiň ajaýyp binasy peýda boldy.

Bu ülkede ýaşaýan türkmenler Magtymguly adyndaky täze mekdebiň açylmagyny taryhy Watan bilen ruhy aragatnaşygyň, döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygynyň üznüksizliginiň alamaty hökmünde kabul etdiler.

Şu gün hem «Aşgabat — Astrahan» teleköprüsi bu mekdep bilen iki sany dürli, emma şol bir wagtda deňeçer medeniýetleri özünde jemleýän türkmen-russiýa mekdebini birleşdirdi, bu mekdepde türkmen we rus dilleri ýaňlanýar.

Şu gün ýurdumyzda ýaşajyk türkmenistanlylaryň on müňlerçesi täze mekdeplere gadam basdylar, olaryň her biriniň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgat alandyklaryny türkmen paýtagtyndaky alypbaryjylar habar berdiler. Şu gezekki teleköpri iki döwletiň bilim ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagy ugur edinýändiklerini ýene bir gezek tassyklady. Russiýa Federasiýasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky we Türkmenistandaky A.S.Puşkin adyndaky iki mekdebiň dostlukly gatnaşyklary bu mekdepleriň okuwçylaryna biziň halklarymyzyň medeniýeti, däp-dessurlary barada has köp maglumatlary almaga mümkinçilik berer.

Funtowo obasyndan alypbaryjy, öz gezeginde, jogap hökmünde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda häzirki wagtda ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylýandygyny belledi.

Bilim ulgamy häzirki wagtda Russiýa üçin hem, Türkmenistan üçin hem biziň döwletlerimiziň geljegini kesgitleýän möhüm ugur bolup durýar. Muňa Astrahan oblastynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgady bolan türkmen dilini hem öwredýän täze mekdebiň döredilmegi aýdyň mysal bolup durýar. Bu waka ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda uly ähmiýetli çäredir.

Teleköpriniň barşynda Russiýa Federasiýasynyň magaryf ministriniň birinji orunbasary Pawel Zenkowiç hem-de Astrahan oblastynyň gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Igor Babuşkin gutlag sözi bilen çykyş etdiler.

Soňra aşgabatly tomaşaçylar Magtymguly Pyragy adyndaky mekdepde täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan Russiýadan alnyp görkezilýän dabaraly çärä tomaşa etdiler. Bu baýramçylyk çagalary, ene-atalary, mugallymlary döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň wekillerini birleşdirdi.

Teleköpriniň beýleki tarapyndaky — Astrahanyň Funtowo obasyndaky tomaşaçylar, öz nobatynda, A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebindäki Aşgabatdan alnyp görkezilýän «Ilkinji jaň» dabarasyna tomaşa etdiler. Iki mekdebiň ýolbaşçylary birek-biregi baýramçylyk bilen gutlap, okuwçylara täze okuw ýylynda üstünlikler arzuw etdiler.

Soňra okuwçylar çykyş etdiler. Astrahandaky obanyň çagalary beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okadylar hem-de aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler, olaryň aşgabatly ýaşdaşlary bolsa beýik rus nusgawy şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň goşgularyny aýtdylar we mekdebiň «Kalinka» topary «Bilezik» tansyny ýerine ýetirdi.

Mundan başga-da, olar «Barynýa» atly rus halk tansyny ýerine ýetirdiler we A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebiň birleşdirilen horunyň ýerine ýetirmeginde «Türkmenistanym — bagy bossanym» aýdymy bilen çykyş etdiler.

Şeýlelikde, häzirki zaman tehnologiýalary arkaly hakyky wagt tertibinde Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň we Aşgabadyň mekdep okuwçylary müňlerçe kilometr aradaşlykdan biri-birleri bilen tanyşdylar, mekdep durmuşynyň möhüm wakalary barada täsirlerini paýlaşdylar, özara hoşniýetli arzuwlary aýtdylar.

Teleköprini alypbaryjylaryň belleýişleri ýaly, Bilimler gününe bagyşlanyp, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda guralan teleköpri ýokary derejede geçirilip, doganlaşan iki mekdebiň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň başlangyjyny goýdy. Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, däp bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türkmen-russiýa ynsanperwerlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň taryhyna ýene bir ajaýyp sahypany ýazdy, bu gatnaşyklara täze okgunly ösüş we strategik häsiýet berildi.


Çeşme: http://tdh.gov.tm/news/tm/articles.aspx&article19405&cat23