Döwlet Hudaýberdiýew

ONUŇ GÖRENLERINE BIZ SEREDÝÄRIS

          Men mekdebi tamamlap, gulluk borjuny ýerine ýetirmäge gitmäge wagtym bardy. Paýtagtymyzda ýerleşýän himiýa dükanynda satyjy bolup, işleýärdim. Günleriň birinde türkmen telewideniýesinden ol ýere gelip, söhbetdeşlik guradylar. Garaýagyzdan orta boýly tokarja adam jany-teni bilen şekiller owadan bolar ýaly edip, kadry bezeýärdi. “Hany inim onam al, munam al” – diýip ähli zady üýşürip, owadan şekili emele getiripdi. Ol operatoryň keşbi ana, şol ýylda ýagny 2001-nji ýylda aňyma möhür bolup basylan ýaly ýatda galypdy. Soňra men ony teleýaýlymda “Kasam edýäris” atly çeper filmde aşpez adamynyň keşbinde görüpdim. 2005-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutyna okuwa girip, Döwlet aga bilen “Türkmenfilm” birleşiginde ýene gabat gelip,  biziň tanyşlygymyz berkäp başlady. Ol bu ýerde kinooperator bolup işleýär ekeni.    

Ol hemişe özini adamkärçiligiň beýik nusgasy boýunça alyp barýar. Ynha ine kyrk ýyldyr halal zähmeti bilen türkmen är ýigidine mahsus adamkärçilikli häsiýeti bilen işläp gelýär. Altmyş ýaşa golaýlan adam edil on sekizindäki ýetginjek ýaly ylgap ýör diýseň kim ynanar?! Köpetdagyň kert gaýalarynda onuň yzyny eýerip bilmän has-has edip demimi dürsän mahalym ýadyma düşýär. Ol hemişe hereketde bolansoň hem-ä sagdyn hem-de galdow adam. Ähli režissýorlar onyň öz filmlerinde kinooperator bolup işlemegini isleýärler. Garaz onuň üsti “gyzyl el” diýilýänleridä. Meniň gürrüňini edýän halypama Döwlet Hudaýberdiýew diýilýär. Tagtabarzaryň Pendi ýaýlasynda seleň howadan dem alyp, goýun bakyp ýören çopan ýigidini sungata näme getirdikä? Bu barada onuň özi şeýle gürrüň berýär:

-       Men meşhur aktýor, Görnükli dramaturg, zehinli kinorežissýor Baba Annanowyň ”Kärizgenler” filminde ýadyňyzda bolsa guýa sallanýan oglanyň keşbini janlandyryp, gysga sahnada surata düşüripdiler. Ana şol pursatlar men kinooperator Öwez Welmyradowyň kinokamera bilen işleýiş pursatlaryny içgin synladym. Kino enjamyna dörän höwes meni şol ugurdan bilim almaga Russiýa döwletine alyp gitdi. Men saý-sebäplere görä şol ugurdan okuwa ýerleşip bilmedim. Ýöne yzyma, “Okuwdan ýykylyp gelipdir” diýlen sözleri eşiderin diýen utanç meni günüme goýmady. Şeýlelik-de maňa lukmançylyk ugruna okuwa tabşyryp, okuwa ýerleşmek nesip etdi. Emma meniň ýüregim sungatda-dy. Wagt tapdygymdan operatorçylyk ugrundan okaýan ildeşlerimiziň ýanlaryndan aýrylmazdym. Okuw tamamlanyp biz Watanymyza dolanyp geldik. Kino sungaty meni şol özine çekdi durdy. Şol wagtlar meniň ýakyn dostum Kerim Annanow öz diplom işini surata düşürip ýördi. “Karizgenler” filminde biz dogan ýaly birek-birege golaý boldyk. Kerim Annan ”Möjek çagasy” atly gysga göwrümli diplom işinde maňa hem bir keşbi ynandy. Men Kerimiň ynamyny ödemek üçin diňe bir keşbi janlandyrmak bilen çäklenmän, döredijilik toparynyň ähli agzalarynyň işine kömekleşdim. Esasan hem kinokameranyň ýanyndan aýrylmadym. Şeýdip ýagtylygy nähili goýmaly, kadry nädip surata düşürmeli, garaz meýdançada işlemegiň birnäçe tärlerini öwrendim.

“Türkmenfilm” birleşiginde ussat halypa operatorlar Anatoliý Karpukin, Bally Orazow, Gurban Ýazhanow, Myrat Gurbangylyjow, Ýakup Myratnazarow, Nikolaý Alamow, Öwez Welmyradow, Nurýagdy Şamuhammedow, dagylar işleýärdi. Men olaryň hemmesi bilen işleşdim. Kömekçi operatorlykdan ikinji operator derejesine çenli ynamlaryny ödemek üçin elimden gelenini aýamadym. Halypalar maňa gaty köp zatlary öwretdiler. Ynha şondan bäri hem şu güne çenli öwrenenlerimi şekile geçirip, kino sungatyna bagyş edip  ýörin –

diýip, Döwlet halypa gürrüň berýär.

Ol  halypalaryna öz ene-atasy ýaly sylag-hormat goýýar. Ömrüni sungata siňdiren ussatlara hossar çykýar. Arada bolan wakany ýatlap geçesim gelýär.

Roza Murtuzowna Kulyýewa meşhur ussat kinorežissýor, aktýor Alty Garlyýew dagy bilen egin-egne berip işläp suratkeş zenan. Ol segseni arka atyp, şu wagt hem aýak üstünde ylgap ýör. Türkmeniň söwer ogly Nury Halmämmedowyň maşgalasy merhum Gülsoltan Halmämmedowa bilen kinemotografiýaçylar birleşigini alyp bardylar. Arada Roza daýza ýaramady. Onuň gyzy aljyrap maňa jaň etdi. Ilki bilen ýadyma düşen kömekçi Döwlet aga boldy. Haýal etmän ony tapyp gaýrat edip ýetişeweri diýip ugratdym. Ol barypdyr. Tiz kömegi çagyryp, ilkinji kömegi beripdirler. Soňra gije-gündiz gatnap, şol ýerde bolup, ähli adamlara habar ýetiripdir. Gerek derman därileri bilen üpjün edipdir. Az salymdan halypany aýak üstüne galdyrypdyr. Soňra Roza Murtuzowna sagalyp maňa jaň edip, Döwlet aganyň adamçylygyny taryplap,  “Boldy indi, meniň ýagdaýym gowy, bar çagalaň arasynda, işiň bilen boluber diýsemem tä, tut ýaly sagalýançam geldi-durdy”          -diýip, hoşallyk bilen gürrüň berdi. Döwlet aga jaň edip: -Taňryýalkasyn! Enemiziň ýaşyny uzaltdyň diýsem ol: - Bu meniň borjuma - diýip, hökmany ýagdaýda edäýmeli parzy ýaly jogap berdi. Soňra Sapar Pygambergulyýew diýen bir ýaşulymyz bar. Onuň bilen hem şular ýaly waka bolupdyr. Garaz Döwlet aganyň tebigaty şeýle-dä. Onuň ýüregi päk, aladasy hemişe adamlara ýagşylyk paýlap ýöremekden ybarat. “Hydyr ata ýaly ýetişäýdiň” diýilýän jümläniň hakyky eýesi. Hemişe öz işgärleriniň, dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň kyn gününde ýetişip, ýardam berip ýör.

“Ýoldaş ýolda tanalýar” diýilýänine  men Döwlet aga bilen iş saparynda bolup göz ýetirdim. Dördünji ýyllyk talyplyk döwrüm 2009-njy ýyl halypam Baýram Abdyllaýew “Kysmat” atly çeper publisistik filmini önümçilige göýberipdi. Meni hem ikinji režissýor edip öz ýanyna işe kabul etdi. Film kino sungatyny dünýä belli etmekde durky düýrmegi bilen bagyş eden meşhur kinofilmler “Şükür bagşy”, “Ölüm ýokdur oglanlar”, “Gyrnak” ýaly çeper filmleriň režissýory Polat Mansurowyň ömür döredijiligine bagyşlanylýardy. Onuň önüp ösen ýeri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheri bolansoň, şol ýere iş sapary guraldy. Halypa şol wagtlar 80 ýaşa golaýlaberipdi. Ol maňa ýüzlenip:                 - Ýagmyrjan men uzak ýola çydamaryn. Men saňa özüme ynanşym ýaly ynanýaryn. Ssenariýada ýazyşymyz ýaly etdejik, aýlanyp hemme ýeri surata düşürip çykyň! - diýdi. Filmiň goýujy operatory bolsa Döwlet Hudaýberdiýewdi. Oňa hem kadrlaryň kompozissiýasy, kinoda göresi gelýän kadrlaryny jikme-jik düşündirdi. Meniň üçin heý-de mundan uly bagt bolup biljekmi diýsene?! Halypam şeýle uly ynam bilen ilkinji sapar özbaşdak ýola salýar. Entek meniň öňümde dünýäniň açylmadyk gatlary ýatyrdy. Men özüme igenýärdim. Ýurduň daşynda däl öz ene topragymyzda hem baryp görmedik ýerlerim bar diýip. Bu meselede Lebap topragyna ilkinji gezek ugur alyşymdy. Döwlet aga bilen döredijilik toparymyzy yzymyza tirkäp, Amyderýadan başlap, Polat Mansurowyň ýaşan jaýyny, bilim alan mekdebini, kinoklubyny, synpdaşlaryny, olaryň aýak basan ýerlerini surata düşürip çykdyk. Ýol ugruna Ahal we Mary welaýatlarynyň täsin gudratly ýerlerine hem barmaga wagt tapdyk. Döwlet aga gara çyny bilen ähli bilýän zatlaryny gürrüň berip, öz gören ýerlerine eltip görkezmegi maňa gaty uly täsirini ýetirdi. Hasam Amyderýada gäminiň üstünde ilkinji gezek aýlanyp, gözel ýerlerini surata düşürmegimiz ýatdan çykaryp bolmajak pursatlardy. Döwlet aga hakyky ýoldaş. Onda-da uzak ýola ygtybarly ýoldaş. Onuň ýolbaşçylygynda gülüşip-degişip iş saparyň nähili geçenligini duýmandyrys. Surata düşüren kadrlarymyzy getirip Baýram aga görkezdik. Halypa biziň toplan maglumatlarymyzdan örän hoşaldygyny aýtdy. Ine şeýdip ilkinji synagymdan Döwlet aganyň goldaw bermeginde ýeňillik bilen geçmeklik miýesser etdi.

2012-nji ýylda maňa ilkinji özbaşdak işim, dokumental filmi surata düşürmek ynanyldy. Film türkmeniň wepadar dosty, çopanyň daýanjy gujurly Alabaý türkmen iti bilen baglydy. Goýujy  operatory bolsa, Döwlet agany berkitdiler. Türkmen Alabaýynyň yzyndan ylgamak ýaş oglana başardyp baranok, oňa kyn bolar diýip pikir etdim. Onuň özüniň ýanyna baryp hem aýtdym. Ol bolsa:

-       Inim seniň duran ýeriňde menem duraryn –

diýip, çürt kesik anyk jogabyny berdi. Ol diýişi ýalam etdi. Men onuň yzyny eýgerip bilmän yza galan ýerlerim az bolmandy. Garagum çölüniň Çemenaewit, Böri diýen ýerlerine çopan goşlaryna, beýik dag gerişlerine, ýurdumyzyň gözel künjeklerine gidip, filmi surata düşürdik. Döredijilik toparymyz oglanlardan ybaratdy. Biz Döwlet aganyň agzybirlik şygary astynda birek-birege şeýle bir ysnyşdyk, olar şu wagtlar hem ýatlap, şol topary jemläp bolsady – diýip, aýdýarlar.

Soňra Şirli Mollaýewiň “Ömür kerweni” atly köp bölümden ybarat bolan çeper filminde Döwlet aga goýujy operator men bolsa ikinji we montažçy režissýor bolup işledim. Onuň surata düşüren kadrlarynyň sepleýiş işlerini geçirýärdim. Ol dokumental kinonyň operatory bolansoň  çeper filmde kynçylyk çekýän ýerleri bolardy. Montaž wagty ýanyma gelip, şekiller bilen gyzyklanardy. Ýalňyşan ýeri bolsa:

- Ine şeýle alsaň soň  kyn bolýar. Montažda yzygider sepleşenok. Täzeden düşürjek bolsaňam giden adam, giden iş –

diýip düşündirseň, hiç gaşyny çytmaz. Oglum ýaly bolup, maňa akyl satyp otyr  diýmez. Özüne bellik edip alarda :

-       Sag bol inim, hakykaty ýüzüne aýdanyň üçin. Indi bular ýaly ýalňyşlygy goýbermerin –

diýip, pes göwünli jogap berýär. Muny diňe adamkärçiligi beýik bolan ynsanlar başarýar.

Döwlet aganyň ýene-de bir hünäri bar. Ol ýaşkaň alanyň alanyň  diýip, 20-nji hünärment mekdebinde “Agaç ussasy” hünärini hem ele alýar. Ol ýurdumyzyň halk suratkeşi il ýaşulusy Saragt Babaýewe, Babasary Annamyradowa, uly hormat goýýar. Ikinji ogluny Saragt aganyň ussahanasyna gatnadýar. Ol ýigit çykdy. Çeperçilik akademiýasynyň “Heýkeltaraşçylyk” hünärini ele aldy. Ol häzir öz pederiniň eken nahalynyň miwesini hödürleýär. Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde öz kakasynyň iş otagynda meşhur Alty Garlyýewiň heýkelini ýasap, ýadygärlik sowgat taýýarlaýar. Onuň sungat ussatlarynyň düýbüni tutujylardan şu günki ýaşlara çenli daragt bagynyň suratyny çekip, şahama – şaha yzarlanyp gaýdylmagy taryhy iş. Gaty täsirli hem özüne çekiji şekil. Öňki soňky kinostudiýa aýak basan adamlar onda ýerleşdirilipdir. Döwlet aganyň maksady geljek nesil şol daragty synlap,  geçen ussatlary tanasyn diýip jan çekýär. Ol şahalar entekler dowam edip, täze-täze zehinleri özünde jemlär.

“Ýigide müň dürli hünärem azdyr” -diýen nakyla eýerip, Pendi ýaýlasynda türkmeniň seleň sährasynda saryk ýolundan Ödeniýaz Nobatowyň aýdymlaryna gygyryp ýören ýigidiň içindäki joşgun gününe goýmaýar. Ol Medeni aň-bilim tehnikumynyň köpçülik çärelerini guramaçy orkestrniň aýdymçysy bolup okamagyny dowam edýär. Çöl beýewanyna çykyp onuň aýdýan aýdymlaryny diňläp, sazakdyr ojaryň oduna gaýnan gök çaýy, çaý çorba bilelikde süzüp, kalbyňy heýjana getirip dynç alyp oturmakdan ötri bagt diýlen zat barmyka? – diýdirýär.

Tejribe baryny toplap, birnäçe filmlerde işläp, ahyry ol göwün matlabyna ýetýär. Üç ugur boýunça diplomy hem az hasaplan ýüregi joşurýan ýigit (Wgik) Bütinsoýuz kinomotografiaçylar institutynyň “Dokumental kinooperatory” ugrundan iki ýyllyk ýokary okuwyny tamamlap gelýär. Ynha, indem şol hünärine halal hyzmat edip, ýarym asyra golaý bäri arman, ýadaman irginsiz zähmet çekip ýör.

         Döwlet aga daýhançylyk bilen hem bagryny badaşdyran ynsan. Onuň ekip ýetişdiren limonlary jana melhem, çaý başynda bolsa şypa bolup hyzmat edýär. Ol hasyl alan mahaly işdeşlerine ýetdik paýyndan paýlap çykýar. Ol limon baglaryna edil çaga sereden ýaly ideg edýär. Gyş günleri dagy bir ýerlere iş saparyna gitse, gelnejeme yzyny üzmän jaň edip, ekinden habar tutup durar. Sowuk degäýmesin diýip, howatyrlanýar. Ýyljak bolar ýaly edip, baglaryň daşyna bassyrma edip, ýyljak saklaýar. Tebigat hem onuň yhlasyna görä öz bereketini bol-elinligi bilen eçilýär. Geň zadam ol bu bag bagjalygy oba ýerinde ekin meýdanynda däl-de, paýtagtymyzyň şäheriň merkezinde ýetişdirmegi başarýar.

Onuň aşpezligi welin aýratyn bir tarypa mynasyp. Onuň taýýarlaýan gazanlamasyny, çorbasyny, işdäaçarlaryny iýip doýup bolanok. Palow meselesinde welin men, özbek, gazak, han palowlaryny iýip gördüm ýöne, Döwlet aganyň türkmen palowyny hiç bir aşpez bişirip bilmezmikän diýýärin. Onuň ýaly süýji, datly palowa men başga hiç bir ýerde duşaryn öýdemok. Türkmenfilmiň işgärleri toý-dabara etse, Döwlet agadan başga aşpez çagyrmaz. Asla oňa gel özüň gaýrat et diýip, tabşyrmagyň geregi hem ýok. Özüňden ilki hemme zadyň hasabyny adam sanyna görä taýýarlap goýar. Muny diňe sahy, jomart, il-ulusa diňe ýagşylyk isleýän päk ýürekli  ynsan başaryp bilýär.

Ol güler ýüzli nurana, özüne çekiji adam. Biz onuň kinokamerasy bilen tebigata seredişini, ýüregi bilen hem dünýä seredişini özümize baş mekdep edinýäris. Sebäbi beýle adamlaryň gözleri bilen dünýä garamak ynsanda ýaşaýşa bolan çäksiz söýgi, özüňe bolan synmajak ynam döredýär.