2017-nji ýylyň iýun
aýynyň 15-ine Türkmenistanda geçirilen Täjigistanyň Medeniýet günleriniň
çäklerinde “Aşgabat” kinoteatrynda kino görkezilişi boldy. Täjigistandan gelen
kärdeşlerimiz bilen tanyşlyk açanymyzda, «Täjikfilmde» 45 ýyl zähmet çeken
kinooperator Zaur Dahte bilen gürrüňdeş bolduk. Ol uly buýsanç bilen ak
mermerli paýtagtymyzyň waspyny ýetirdi. Zaur türkmen topragyny diňe bir
doganlyk ýurt däl-de, «Watanym» diýip atlandyrdy. şonda ol öz çagalygynyň Tejen
şäherindäki çagalar öýünde geçendigini tolgunma bilen gürrüň berdi.
Zaur Dahte «Ruslan
we Suhrab» atly meşhur kinofilmiň kinooperatory. «Täjikfilmde» işlän döwründe
ildeşimiz, belli kinoaktýor Baba Annanowyň «Adam tüýsüni üýtgedýär» atly filmde
(«Человек меняет кожу») ilkinji gezek surata düşende, onuň bilen tanşandygyny
gürrüň berdi. Kinooperator Zaur Dahte: «Soň-soňlar Baba Annanow «Täjikfilmde»
birnäçe kinofilmlerde surata düşüp, biziň kino gahrymanymyza öwrülip gitdi»
diýip aýtdy. Soňra ogly Kerim Annanowyň onuň ýoluny dowam edendigini ýatlady.
Birdenem ol dymdy. Ýüzüni gam-gussa örtdi. Zaur aga Kerim Annanowyň aradan
çykandygyny eşidipdir. Ol gözlerine ýaş aýlap:
— Biz ýakyn
dostduk. Ol hemişe biziň aňymyzda ussat kinoaktýor bolup galar — diýip,
gynançly gürledi. Men Zaur agany dessine begendirmegiň pikirine düşdüm.
— Siz gam çekmäň! Meşhur Annanowlaryň maşgalasynda
ýene-de döredijilikli durmuş dowam edýär — diýip, B.Annanowyň agtygy Annan
Annanowyň atasynyň hem-de kakasynyň döredijilik ýoluny dowam edýändigini
aýtdym. Onuň Türkmen döwlet medeniýet institutynda kinorežissýory hünärini ele
alyp, aktýor, režissýor, operatordygyny hem-de surata düşüren filmleriniň
seplemek işlerini-de özüniň amala aşyryp bilýändigini aýtdym. Zaur aganyň
gözlerine begençli gözýaşlar indi we uly guwanç bilen:
— Men ol ýigidi
tanamok, ýöne öz dostumyz, doganymyz Baba Annanowyň ussat döredijiliginiň yzy
üzülmän, dowamat-dowamdygyna diýseň begenýän — diýdi.
Baba Annanow barada
söz açylsa, halypam, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Baýram Abdyllaýewden
özüme miras galan B.Annanowyň portreti göz öňümde janlanýar.
2005-nji ýylda
Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyp bolup, kinorežissura hünäri boýunça
okap, döredijiligiň bir ujundan giripdim. Biziň kafedramyz «Türkmenfilm» birleşiginiň
binasynda ýerleşýärdi. Baýram aganyň okuw otagy ikinji gatda ýerleşýärdi. Ana, şol
ýerde agaç çarçuwaly bir fotosurat bardy. Baýram aga surata bakyp, göz bilen
gürleşip, onuň dünýäsine siňip gidýärdi. Bu hakda özi söz açmasa, onuň ünsüni
bölmezlige çalyşýardym. Bir günem onuň özi dillendi: «Bilýäňmi, şu kim?». Men:
«Aýgytly ädimdäki» baş gahrymanyň keşbini ýerine ýetiren Baba Annanow» diýip
jogap berdim. Ol uludan dem alyp, birdenem ýatlamalar ummanyna çümdi-de:
— Baba Annanow,
Akmyrat Bäşimow bilen aramyzdan gyl geçmez dostduk. Maýyny tapsak, Garagum
sährasyna — ulgam-ulgam çägeli depelere, gür sazakly tokaýlyga dynç almaga
giderdik — diýip, olaryň şahandazlygy, ussatlygy, ugurtapyjylygy barada köp
gyzykly gürrüňleri berdi.
— Baba Annanow
türkmeniň milli sungatynyň düýpsüz we köpöwüşginli dünýäsine okgunly tizlik
bilen girdi. Ol döredijilikli ömrüniň bütin dowamynda özüniň ýiti zehini,
aýratyn hyjuwy, gaýduwsyzlygy hem-de gaýtalanmajak yhlasy bilen zähmet çekip,
ýaşaýan döwrüniň keşbini, adamlaryň ruhy-ahlak zandyna mahsus bolan sypatlaryny
şöhlelendirmegiň ýoluny görkezip, hiç haçan öçmejek uly ruhy mirasy galdyrdy
diýsek, hakykatdan daş düşmeris.
Baba Annanow halk
tarapyndan-da, döwlet tarapyndan-da iňňän hormatlanylýan adamdy. Türkmenistanyň
halk artisti diýen hormatly adyň eýesidi. Magtymguly adyndaky Döwlet
baýragyna-da mynasyp bolupdy. Ol daşary ýurtlarda-da tanalýan artist bolmak
bilen, kino sungatynda režissýorlyk bilenem meşgul boldy. Dramaturgiýadan-da
ökdelik bilen baş çykarýardy. Babanyň ýazan «Ak at» atly pýesasy türkmen
sahnasynda goýlupdy. şol döwürde ol «SSSR-iň halk artisti» diýen iň ýokary
hormatly ada-da eýe bolupdy. Baba ajaýyp kyssaçydy. Onuň ýazan nowellalary,
hekaýalary, powestleri özboluşly täsir galdyrýardy. Türkmen kinosynda Babanyň hekaýalarynyň
esasynda bäş film surata düşürildi. Baba poeziýa bilenem meşgul bolýardy. şygyrlary
bilen gazet-žurnallarda çykyş etmedigem bolsa, birgiden ajaýyp goşgular
toplumyny döredipdi — diýip, Baýram aga öz ýatlamalarynda belledi.
Kafedramyzyň halypalar
toparynda Kerim Annanow hem bardy. Ol köp halatda Baýram aganyň ýanyna
maslahata gelýärdi. Maňa bu ägirtleriň döredijilik, sungat hakdaky gyzykly
gürrüňleri ele aljak hünärimde bimöçber hazyna bolup hyzmat edýärdi. Men durkum
bilen gulaga öwrülip, olaryň her bir sözüni gabadymdan geçirmän diňleýärdim.
Bir gezek Kerim
Annanow kakasy Baba Annanowyň «Göwün» atly eserini kino düşürmekçi bolýandygyny
aýtdy. Baýram aga Babanyň ýakyn syrdaş dosty hökmünde ol eseriň döreýiş taryhy
hakda aýdyp, haýsy görnüşleriň hakyky başdangeçirmelerdigi, haýsysynyň bolsa
toslanylyp tapylandygyny Kerime gürrüň berip, dogry ýoly salgy berdi. Olaryň
döredijilik çekişmeleriniň maňa geljekde kämillige tarap öňe itergi
berýändigine düşünýärdim. Gyzyla gaplaýmaly söhbetler mende kino sungatynyň
gatlaryna aralaşmaga täze we täsin mümkinçilikleriň ýolgörkezijisi bolup täsir
edýärdi.
B.Annanowyň «Göwün»
atly kyssa eseri «Güýz» atly çeper filme öwrüldi.
Baýram Abdyllaýewiň
aýtmagyna görä, geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň ortasynda «Aýgytly ädim» filmi
bilen baglylykda Baba Annanow iňňän uly şöhrada eýe bolupdyr. «Film dünýä
çykdy. Baba Annanow ýaly ajaýyp türkmen aktýorlarynyň bardygy aýan boldy.
70-nji ýyllaryň başynda Mokswada Baba Annanow hakynda ýazan çaklaňja kitapçamyň
golýazmasyny şol döwürdäki kinematografiýaçylar birleşiginiň ýanyndaky neşirýada
tabşyrmaga baranymda, Babany dünýä kinosynyň iň zehinli aktýorlary bilen deňeşdirip,
onuň geljeginiň uludygyny aýdypdylar. Daşary ýurtlarda ony tanamaýan az-azdy. Türkmenistanda bolsa Baba
Annanow her öýüň arzyly myhmanyna öwrülipdi. şäherde bolsun, etrap merkezinde
bolsun, obada bolsun, her kim ony görüp bilse, sesini eşidip, elini gysyp
bilse, armany ýokdy. Emma şonda-da ol Baba Annanlygyna galypdy. Ol özüni hemişe
kiçi tutýardy, ýüregi sapdy, kalby-köňli arassady» diýip, Baýram Abdyllaýew
guwanç bilen gürrüň berdi. Ýene-de Baýram aganyň gürrüňlerinden:
«Aslynda şöhrat
diýilýän närsäniň öňünde durmak üçin gaýratyň gerekdigi hemmelere aýan bolsa
gerek. «Aýgytly ädim» kinofilmi dünýä çykandan soň, 60—70-nji ýyllarda Baba
Annanowyň şöhradyň göwnüňi ganatlandyrýan lezzetini duýmak bilen bir hatarda,
onuň azabyny-da çekip başlany şu günki ýaly ýadymda. Ol şol wagtlar tomaşaçylar
bilen duşuşanda, özüni birhili oňaýsyz duýýardy. Utanýardy, çekinýärdi, özi
hakynda, döredijiligi hakynda gürlemek oňa gaty kyn düşýärdi. Men ondan näme
üçin özüni şeýle ýygra alyp barýandygynyň sebäbini soranymda, ol şeýle jogap
beripdi:
— Meniň tanalmagym,
şan-şöhrata eýe bolmagym, döredijilik ukybyma-zehinime hormat goýýan adamlaryň
ýürekleriniň ýylysy, hoş sözleri, alkyşly garaýyşlary başymy aýlamak derejesine
ýetirýärdi. Ruhuň agyr ejiriniň bolşy ýaly, garaşylmadyk ýagdaýda depäňden inen
şöhratyň-da ejiri biçak agyr ekeni. Oňa çekip-çydamak kyn ekeni. Ömrümiň şol ýyllaryny
hiç bir aladasyz ýaşadym diýsem, galat aýtdygym bolardy. şöhratyň adama agyr
ýük hem bolýandygyny hut şol ýyllarda bilip galdym...
Men onuň bu
sözlerini diňläp, pikir etdim. Babanyň gerşine hopba bolan ägirt uly
jogapkärçilik ony uly alada goýýardy. Mundan beýläk döredijilik üstünligini şol
derejede saklamagyň gamyny iýmelidi. Aýratyn hyjuw bilen işlemelidi, täze keşpleri
döretmelidi. Emma şol döwürde režissýorlar kino aktýoryny saýlamakda juda
erkindiler. Belli artistler Muhammet Çerkezow, Artyk Jallyýew, Sabyr Ataýewa,
Sary Garryýew, Taňryguly Seýitgulyýew, Akmyrat Bäşimow, Ogulgurban Durdyýewa,
Hommat Müllük, Gulluk Hojaýew, Durdy Saparow ýaly ussatlar ýeke bir
«Türkmenfilm» kinostudiýasynda däl-de, Merkezi Aziýa respublikalarynyň
studiýalarynda döredilýän filmlerde ýygy-ýygydan surata düşýärdiler. Has-da
Baba Annanowy köp çagyrýardylar. Ol Täjigistana, Özbegistana, Moskwa, Kiýewe
gitmeli bolýardy, täze filmlerde täze keşpleri döredýärdi. Ýöne näçe köp surata
düşse-de, ekranda döredýän keşpleriniň aglabasyndan onuň göwni suw içmeýärdi.
Ol: «Meniň aktýorlyk zehinime sarpa goýýan tomaşaçylar göwnüme bolmasa, menden
ýuwaş-ýuwaşdan ýüzüni öwürýän ýaly, bu ýagdaý meni uly iňkise goýýar» diýip
aýdýardy.
Belki, şol
sebäplidir, Baba režissura hünärine baş goşupdy. Ol režissýor hökmünde
«Serdar», «Kärizgenler», «Çözmek hukugy», «Agyr ýük», «Zöhre—Tahyr» (Kerim
Annanow bilen bilelikde) filmlerini surata düşürdi. Bu kino eserleriniň hersiniň
türkmen kinematografiýasynda özüne mynasyp ornunyň bardygyny aýdyp oturasy iş
ýok. Ýöne aktýor Baba Annanowyň režissýor Baba Annanow bilen aratapawudynyň
göze görnüp durandygyny oňa şol wagtlar-da, soň-soňlar hem birnäçe gezek
aýdypdym.
Durmuş. Sungat. Uly
şahsyýetler. Halk-da, sungat-da şeýle şahsyýetlere daýanyp hem buýsanyp ýaşaýar,
ösýär, öňe gidýär. Öz zamanasynyň belli artisti Baba Annanowyň adamçylyk
häsiýeti, ýaşaýşy, ruhy-ahlak sypatlary hakynda gürrüň berip, onuň aktýorçylyk
senediniň aýratynlyklary, zehininiň derejesi, döredijilik ukyby, professional
ussatlygy hakynda gaty az aýtdym. Baba sungatda nädip işläpdir? Baba durmuşda
nähili ýaşapdyr? Bu iki närsäni biri-birinden aýyrjak gümanyň ýok.
«Aýgytly ädim»
kinofilmi döränden bäri, elli ýyldan-da gowrak wagt geçdi. şol wagt aralygynda
Baba köp işleri etdi: filmde keşp döretdi, filmler goýdy, nowellalar ýazdy, şygyrlar
döretdi. Görşümiz ýaly, edilen işler az däl. Emma şeýle-de bolsa Babanyň ýüregi
hiç kanagat tapmady. Hakyky artistiň tebigaty şeýle hem bolmaly — diýip, Baýram
Abdyllaýew meşhur kinoaktýor Baba Annanow barada köp gyzykly wakalary gürrüň
beripdi.
Biz — talyplar
diplom işini ýerine ýetirdik. Işiň ady «Sazlaşyk» diýlip atlandyryldy. Filmde
ýaş talyp-heýkeltaraş döredijilik gözleginde seýilgähde eneli-ogluň
birek-birege siňdirýän mährine gabat gelýär. Ol Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň ussahanasyna baryp, işe girişýär. Netijede gören
wakasyny heýkel edip ýetişdirýär. Biz ol iş bilen Kerim Annanowyň öňünden
synagdan geçmelidik. Ol filmi gördi. Öwgüli baha hem berdi. Ýöne biziň
kellämize gelmejek bir maslahaty berdi. Biz haýran galdyk. Sungatyň beýle
jadysynyň bardygynyň ýene bir gezek şaýady bolduk. Ol şeýle diýdi:
— Oglanlar, siz
sungatyň ähli taraplaryny göz öňünde tutup, iş döredipsiňiz. Ýöne siz durmuşy
bolşy ýaly, görşüňiz ýaly görkezipsiňiz. Emma sungat diýilýän zadyň akymyň garşysyna
hem akyp bilýändigini unudypsyňyz. Eger-de siz işi kimiň ýerine ýetirýändigini
görkezmän, elleriniň hereket bilen gudraty döredýän pursatlaryny görkezip, onuň
eýesiniň kimdigi tomaşaça gyzykly bolar ýaly syry saklap, iň soňunda hem birden
ýaş ýigit şunuň ýaly ajaýyplygy döredip biljek eken diýen pikiri berip, «bäh»
diýdirmegi başaran bolsaňyz, filmiň täsirliligi has-da güýçli bolardy — diýip,
gysga we manyly maslahat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz türkmeniň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimizi kino sungatynyň
üsti bilen çeper wasp etmekde «At — myrat» atly döreden çeper filmine uly baha
berip, Kerim Annanowa Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly ady dakdy.
Talyplyk ýyllarymyz
ýyldyrym çaltlygynda geçip gitdi. Meni institutda mugallym edip, işe alyp
galdylar. Ine, saňa täzelik. Meniň mugallymçylyk kärine ilkinji ädimlerim Baba
Annanowyň agtygy, Kerim Annanowyň ogly Annan Annanowyň talyplyk gadamlaryna
halypalyk etmek bilen başlandy. Men Annan Annanowa bäş ýylyň dowamynda
kakasyndan eşidenlerimi we kino sungaty barada öwrenenlerimi geçirmäge çalyşdym.
Onuň ady dakylan atasy bilen bagly wakalary halypalaryň aýdanlary esasynda aňyna
siňdirdim. Annanyň aýratynlygy, öz pederleriniň kino goýujy režissýor, aktýor,
ýazyjy hökmünde halal zähmetleri, jöwher zehinleri bilen öz başarnyklaryny
ussatlarça äşgär edip, meşhurlyk gazanan bolsalar, Annan köptaraplylygyny
has-da artdyryp bilýändigini talyplyk ýyllary subut etmegi başardy.
Ol ilkinji keşbi
döredip, kakasy Kerim Annanowyň «Akmaýanyň ýoly» atly çeper filminde aktýorlyk
ukybynyň bardygyny-da görkezmegi başardy.
A.Annanowyň süňňüne
uly sungat mekdebiniň tejribesi siňen. Ýyllyk işi bolan «Men hem seni söýýärin»
atly gysga göwrümli çeper filminiň edebi esasyny özi ýazyp, režissýorlyk edip,
operator hökmünde surata düşürip, tehniki serişdelerden baş alyp çykyp, filmiň
sepleýiş, ses beriş we saz bezeglerini hem özi ýerine ýetirip, halypalaryň
berekellasyna mynasyp boldy.
Annan Annanowyň
diplom işi «Ümür» diýlip atlandyrylýar. Filmde ýaşlaryň durmuşyndan söýgi
temasynda wajyp durmuş sahypalarynyň gatyny agtarýan wakalaryň şaýady bolýarsyň.
Bu filmde hem Annan Annanow öz ukyp-başarnygyny görkezip, kino sungatynyň
birnäçe hünär aýratynlyklaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. şundan misil
tutsaň, «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýýänleriniň Annanowlaryň neberesinde
dowamat dowam bolýanlygynyň şaýady bolýarsyň.
Annan Annanow
häzirki wagtda Watan öňündäki mukaddes gulluk borjuny ýerine ýetirýär. Biz bu
ýaş zehiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde öz pederleriniň
mukaddes ýoluny mynasyp dowam etdirjekdigine ynanýarys.