Adam göwni çöken, durmuşda kynçylyk çeken mahaly ýol
görkeziji hökmünde, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna ýüzlenip, maslahat tapýa. Dogry
ýoluň salgysyny alyp, göwnüne aram tapýar.
Adam ýüregi gysanda, ýekesirände, Nury Halmämmet ýaly
kompozitorlaryň dil bilen düşündirip bolmaýan saz dünýäsine aralaşyp, täsin
ummana siňip gidýärler. Saz eserlerinden kimsi ylham alsa, kimsi durmuşa bolan
höwes, ýaşaýşa bolan ýagşy umytlary alýar.
Bagşy aýdym aýdyp, döwrüň sesine ses goşup, hoş owazyny
ýaňlandyran mahaly, ynsan ony diňläp ganyp bilmeýär. Ol aýdymlar oňa ruhy
ganat, synmajak erk berýär. Atageldi aganyň dostlar hakda ýerine ýetirip gelýän
aýdymyny diňläp, özümä dost diýilýän düşünjä garaýşym başgaça boldy. Ol eser
berkligiň binýady hökmünde, geljek nesle wepadarlygyň nusgasy hökmünde hyzmat
eder. Sebäbi bu aýdymy diňläp, öňki dostlaryň bilen dogan bolýaň we täze dostlaryň
gözlegine çykýaň. Barlarynyň bolsa gadyryny bilip, olara bolan sylag-sarpaň,
hormatyň has-da artýar.
Bir gün ýurdumyzyň belli şahyry Süleýman Ilamanow bilen
žurnalist Meretgylyç Ýagmyrow dagylar jaň etdiler. Biz sagyk amanlyk soraşdyk.
Ýaşulylar haýyş bilen ýüz tutdylar:
-
Inim
hool gün “Türkmen Owazy” teleradioýaýlymynda dostumyz Atageldi Garýagdynyň
konserti gitdi. Aýyň pylançasyna, sagat näçede gitdi –
diýip,
anyk wagty bilen aýdyp, şol konserti diňläp ganyp bilmediklerini we eger
ýazgysy bar bolsa, gaýrat edip göçürip berilmegini haýyş etdiler. Men eglenmän
arhiwa jaň edip, ol diýilýän konserti elime aldym. Özümem oturyp diňledim.
Diýmezçe, arzylamazça däl eken. Atageldi aga pioninanyň gapdalynda durup, öz dünýäsine
siňip, aýdymy ýöne bir aýtman, her bir sözüni çintgäp, düşünip hem düşündirip,
janygyp ýürejiginden syzdyryp-syzdyp aýdýardy. Sen bolsa ekranyň öňünde doňup,
aňk bolup oturansyň. Onuň sesiniň badyny näme bilen deňeşdirjegimi bilemok. Şükür
bagşy filminde Nury Halmämmediň sazyny Bulat Mansurow belent dagdan akyp gelýän
derýa kimin joş urýan kadyrlar bilen tomaşaça saz bilen şekili garyp täsir
edipdi. Bu ýerde Atageldi aganyň sesiniň tarypyna söz ejiz gelýär. Diňe ýaňky ýaly dagyň belentliginden bat bilen şaglap, zemine
bagryny badaşdyran şaglawukmy, deňiz tolkunynda emele gelen apy-tupan gaýmy...
ýa-ha seleň şemalyň astynda erkana dem alyp, asuda asmanyň, parahat zeminiň
üstünde şat ýaşaýan ildeşlerimiziň güler ýüzi... türkmen sährasy, ajaýyp
tebigaty, dagy-düzi, gaýgysy-gamy, dürli-dürli garaýyşlar bilen aňyňda aýlanyp
göz-öňüňe getirmeler janlanýar. Ol duýgulary söze geçirerden gerimi dar gelýär.
Muny diňe Atageldi Garýagdyýewiň aýdym aýdyp duran mahaly duýmak hem şol
duýgularda ýaşamak bolýar.
Ol dünýäniň nusgalyk eserlerini ýerine ýetirende, diline düşünmeseňem, Atageldi aganyň ýerine
ýetirmeginde näme diýiljek bolýanyny aňşyryp oturansyň. Ol aýdymyň içinde
ýaşaýar. Eginlerini silkip, özünden çykyp gidýär. Şeýle seredeňde Atageldi aga
sada, ýumşak, hoşamaý, hoşgylykly ynsan. Ýöne eserdäki aýdyljak bolýan sözleriň
manysyna, agramyna, sazyň öwrümlerine görä edil söweşe çykan mert, gaýduwsyz
ýigitleri göz-öňüňe getirýär. Ol dogumlanýar, özüni haýsy hem bolsa bir oduň
içine urup, öňünde bir maksat goýan serkerde ýaly, ýüregi Watan diýip urýar.
Onuň ýüz-gözüniň sekuntda üýtgäp duran keşbini bir diýsene. Sesiniň ýetdiginden
gabadynda duran müňläp adamlaryň iň soňky hataryndaky eşitsin diýen niýet bilen
janykýar. Ol bir agaryp, bir gyzaryp, damarlary edil dutaryň tarlarynyň on üçünji perdä galyşy ýaly
tarňyldaýardy. Ol diňleýjisiniň aladasynam edýär. Aýdyljak bolýan, orta atylan
mysaly olaryň aňyna ýetip, bilelikde çözmegiň tärlerini gözleýär.
Döwlet çäreleriniň birinde Atageldi aga dünýä belli
nusgalyk eseri bolan “Figarony” ýerine ýetirdi. Men oňa aňk bolup galdym. Diňe
men däl, tomaşaçylar zalynda näçe müň adam bar bolsa, ana şolaryň ählijesiniň
demini alman diýen ýaly, durky bilen gulaga öwrülip diň salmagyny gazandy.
Aýdymdan tamam bolansoň bolsa, diňleýjiler ör turup, gutarnyksyz el çarpyşmalar
astynda Atageldi agany sahnada saklap ony goýbermediler. Ol bolsa, şol sadalygy
bilen ýylgyrypjyk, öz hoşallygyny yzygider baş egmeler bilen jogap berip durdy.
Bir gezek döredijilik duşuşygy Gökdere jülgesinde
Gahryman Arkadagymyzyň gurduryp ulanmaga beren edebi dynç alyş merkezleriniň birinde Atageldi aga çykyş etdi. Hemme
diňleýjilerem onuň sungatyna gaty uly hormat goýýan adamlardy. Ol birnäçe
aýdymy ýerine ýetirdi. Serdarym, Gitme ýok, Aşgabat garaz diýjek bolýan zadym,
sahna başga, üstüňe abanyp duran dag gerişleriniň eteginde bütin dünýä ýaň
salýan ýaly aýdymyň şol ýerdäki, şol pursatdaky ýaňy başgady. Täsirinden çykar
ýaly däldi. Tele ekranda diňlemek bir başga, janly ses bilen ýanynda gözüň
bilen görüp, gulagyň bilen eşitmek bir başga eken. Içiňde gopýan harasady dile
getirmek mümkin däl. Depe saçlaryň hüžžerip, sen edil dim-dik bolup gylyň
üstünde oturan ýaly diýilýän duýgular gaplaýan eken. Ol seni birjikde öz erkiňe
goýmaýar. Ol seni özüne bendi edip, öz labyryna dolap, öz yzyna tirkäp alyp
gidiberýär eken. Sen hakyky dynç alan ýaly bolýaň.
Haçanda sazanda ony kowanda aýdym bir tüýsli bolýa, haçanda onuň özi pionina erk edende başgaça eken. Miras
teleradioýaýlymynda Atageldi aga sazy hem özi çalyp, (Türkmen sährasyny)
ýerine ýetirende gaty täsirli çykyş bolupdy. Onuň barmaklary bilen zybyndan
çykjak jümle birek-birek bilen sazlaşyk tapýar. Ol sazanda bilen aýdanda
sözleri öz erkine goýberip, bat almaly ýa-da haýallamaly ýeri gelende, saz
çalýan şol depgini tutjak bolup oda-köze düşýär. Atageldi aganyň özi welin,
ýaňky belentli-pesli ýerleri ýüzüniň ugruna sazlap, şeýlebir täsir edijilik
güýji uly bolan sungat eserini döredýär. Muny diňe köp taraply ussatlar başaryp
bilýär.
Iki agaç aýdymy bolsa, sahnada diňleseň bir tüýsli täsir edýär. Haçanda
tebigatyň goýnuna baryp, hut şol iki agajy tapyp, dagdan akýan çeşmäniň baglary suwa ýakyş pursatlaryny söze görä şekilleriň ýazgy
edilýän pursatlaryna gatnaşyp, Atageldi aganyň şol agaja ýaplanyp, onuň bilen
sözleşýän mysalynda hakyky ýagdaýy janlandyrylan şekilli aýdyma tomaşa etmegiň
täsiri aýdyp diýer ýaly däl. Ana, şeýle taryhy pursatlara hut özi gatnaşyp,
geljek nesle nusgalyk eserleri diňe Atageldi Garýagdyýew ýaly ussat halypalar
galdyrmagy başarýarlar.
Atadurdy Gurbanowyň sözlerine, Weli Muhadowyň sazyna ir
döwür “Aşyklaryň şäheri” diýen aýdymy aýdyp, ýaş döwürlemde meşgurlyga eýe
boldum. Moskwada okap ýören döwürlerim uly orkestr bilen ýazgy etdik. Aşgabada
gelip suw, monumentiň ýanynda gyzyl köýnekli şekilli aýdym döredipdik.
Teleýaýlymlarda şu günki güne çenli halkymyz gowy görüp diňläp gelinýär. Şol
aýdym öňki görnüşi bilen täze şu güni garyp täzeden işlenildi. “Aşyklaryň
şäheri” aýdymyny diňläniňde Aşgabatjan, Aşgabat söýýän seni Aşgabat diýip aýdýan
aýdanyma tomaşa edeniňde çagalyk ýyllaryňa dolanýarsyň. Kalbyňy düşündirip
bolmajak duýgular gaplap alýar. Çünki çagalykda aňda galan şekiller bu günki
gün ak mermere bürenip oturan ak şäherimiz Aşgabadyň taryhy şekillerini synlap
bir gez ýigdelýärsiň. Häzirki keşbini görüp bolsa begenýärsiň, buýsanýarsyň,
guwanýarsyň. Şeýle duýgulary oýaryp başarýan bolsa Atageldi halypanyň taryhyň
gatlaryna siňip giden hoş owazy bolup durýar.
Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140-ýyllygy mynasybetli
Çoganly şäherçesinde 140-sany täze jaý gurlup, Gahryman Arkadagymyz halkymyza
peşgeş berdi. Şol dabaranyň açylşyna taýýarlyk görlende medeniýet işgärleri
maslahatlaşyp, Atageldi Garýagdyýewiň “Aşgabat” aýdymynyň astynda öňki döwri
janlandyryp, Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwrüne gelinşi bilen şu güni
janlandyryldy. Bu günüň özi hem taryhy sahypalara ýazylan hoş günleriň biri
bolupdy. Atageldi aga ine indi, kyrk ýyl bäri “Aşgabat” atly aýdymy aýdyp
gelýändigini aýdýp, geçen ýyl Aşgabat paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň
140-ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň
altyn asyry”atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň Şa
serpaýyna täzeje awtoulag berendigini buýsanç bilen belläp, şeýle diýdi:
- Hormatly Arkadagymyza alkyş aýtdym, çuňňur minnetdarlygymy
bildirip, janynyň sag bolup, ömrüniň uzak bolmagyny diledim. Ýurt derejesinde,
döwlet derejesinde alyp barýan işleri amala aşsyn. Elmydama türkmen halkymyz
parahat bolsun. Geljekki nesiller üçin Prezidentimiziň edýän aladalary gaty
ummasyz... Geljekki ýaşlar üçin, ogul-gyzlar üçin, şolaryň inteligent adamlar
bolup, belli bir käriň eýesi bolmaklarynyň aladasyny edýär. Hasam sungat
adamlaryna üns berýär. Arkadagymyz aýdym saza dogry baha bermegi başarýar. Maňa
berlen peşgeşi tutuş türkmen sungat işgärlerine berildi hasap edýärin - diýdi.
Bir gün halypa Halmämmet Kakabaýew gelip, okuwçylary
bilen surata düşüren diplom işleriniň montaž işlerini ýerine ýetirip bermegimi
sorady. Uly höwes bilen boýun aldym. Filmi seplemäge girişdik. Baş gahryman şahyryň
keşbini Atageldi Garýagdyýew janlandyrypdyr. Ol filmde şygyr döretjek bolup,
setirleri yzarlap ýerbe-ýer goýjak bolanda eline jaň gelip, pikirini jemlemäge
maý bermeýär. Onuň paltasy daşa diräp, ahyry el telefonyndan dynmak isläp,
geçip barýan nätanyş biriniň eline tutduryp goýberýär. Nätanyş telefony yzyna
tabşyrjak bolup her tüýsli wakalara sezewar bolýar. Telefona gelýän jaňlardan,
edilýän gürrüňlerden Atageldi aganyň häsiýeti açylyp başlaýar. Halmämmet aga
Atageldi aga goýulýan sylag-sarpany kinoda ulansada, köp wakalaryň hakyky
durmuşdan alynandygyny aýdypdy.
Merhum halypa Orazmyrat Gummadow “Kemine” filminiň baş
gahrymanyny gözläp kösenmändigini aýdypdy. Ol hut Atageldi Garýagdyny göz öňüne
getirip, köp sahnany şol keşpde görüp ýazandygyny belläpdi. Onuň ynandyryjy
ýerine ýetirip, filmiň üstünlige eýe bolmagynda uly täsirini ýetiripdi diýip
belläpdi.
Ilmyrat Bekmiýewiň “Hakyda” atly çeper filminde baş
gahrymanyň kakasy Perman gojanyň keşbini janlandyrypdyr. Ol sada, parasatly
tüýs türkmen gojasynyň häsiýetini açyp görkezipdir. Ogly gullyk borjuny ýerine
ýetirip gelýän pursady ata mähri bilen balasyny bagryna basyp:
-
Hany
gel-geç oglum, al çaý iç, ine öz ellerim bilen bişiren gyzzyrmamdanam iýip otyr
– diýip, görenlere şeýle kakaň bolaýsa diýen pikiri oýarmagy başarypdyr. Ol öz
ogluna halallygy ündäp, daýhançylygy öwredýär. Gerdeninde agyr ýüki çekip,
egnine azal dakyp, ogly bilen ýer sürýär. Perman gojanyň keşbi bilen mertligiň,
gaýduwsyzlygyň, ar-namysly türkmen gerçeginiň häsiýetiniň beýik nusgasyny dünýä
äşgär edýär.
Hormatly Prezidetimiziň saýasynda ussat halypalara taýsyz tagallalar edilýär. Döredijilik adamlary birek-biregiň ýeten derejelerinden nusgalyk görelde alyp, özleri hem ussatlyga tarap hyjuwly zähmet çekýärler. Halypa şägirtlik ýolunda Atageldi halypa alyp berýan işlerinde mundan beýläk hem uly üstünlikler arzuw edýäris.
Ýagmyr Türşekow