Halypalaň ýoly, manydan doly
Ol häzir maňa
şeýlebir ýetmezçilik edýär welin sen goýaý. Onsuz gaty agyr hem çylşyrymly. Bu
meselede halypam Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, ilhalar spektakllaryň
awtory, görnükli kinorežissýor, ýazyjy, alym, halypa mugallym Baýram Abdyllaýewiň maňa miras goýup giden
kitaplaryndaky hekaýalar, pewestler şeýle hem onlarça çeper we dokumental
filmleri ýardam berýär. Men döredijilikde jogabyny tapyp bilmeýän soraglaryma
halypanyň eserlerine salgylanyp bilýärin. Bu gün halypam aramyzda bolmasada onuň türkmen
halkyna goýup giden eserleri ýaşamagyny dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz
merhum sungat ussatlarymyzy hatyralap, «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen
sylaglady. Bu bolsa biz şägirtler üçin dünýädäki iň uly bagtdyr. Çünki
halypalaryň sylag-sarpasy, olaryň geçen ýoly biziň üçin şamçyragdyr.
Arada maňa halypamyň çowlygy boldy diýip gyzy Şemşat buşlap, bäbejigi çykarýan günleri myhmançylyga çagyrdy. Men bardym görgüli daýzam segseni arka atyp, menden beter halypamy ony küýseýän borly, şool garaşypjyk oturan ekeni. Garaşmaz ýalam däl, ömrüni bileje şatlyga besläp ýaşaşdylar. Gynançdan ýaňa ýüregim jigläp gitdi. Ol indi, meni tananogam. Emma öňler şeýle şadyýan zenandy. Halypa bizi terk edip gideni bäri eýýäm, bäş ýyl geçäýipdir. Onuň barlygynda men özümi arkaly duýýardym. Halypa meni ähli taraplaýyn durmuşa taýýarlamaga çalyşardy. Ol halallyk barada aýtmakdan ýadamazdy. Ähli zadyň sakasynda halallyk bolmalydyr, adamlaryň ýüzüne arkaýyn pete-pet durup, gözüne seredip başarmak üçin zannyň halal bolmaly diýerdi.
Ylym-bilim
meselesinde welin, onuň ýeten derejeleri gaty uludy. Ony döredijilik äleminde
ussat kino tankytçy, kino öwreniji, kinodramaturg, kinorežissýor we teatr sahnasynyň
dramaturgy hökmünde tanaýardylar. Ol şahyr däl-de ýazyjydy. Onda-da nähili
ýazyjy... hemmeler onuň ýazan eserlerine hormat goýýardylar. Sahna eserleriniň
on üç sanysy ynha, indi, ýarym asyr bäri sahnadan düşmän gelýär. Ol
eserler diňe türkmen sahnasynda däl-de eýsem, daşary ýurt sahnalaryny hem
bezäpdi. Halypa “men hiç haçan pul diýip eser döretmedim. Men eserlerimi edil
öz çagalarym ýaly görýärin” -diýerdi. Bir gezek oňa Kawkazyň sahnasynda
sahnalaşdyrylan “Sllahlar” atly eserinden ýygnanan galam hakyny ýollapdyrlar. Welosipetli
işe gatnap ýören ýaş ýazyja bu garaşylmadyk ýagdaýda Hudaý tarapyn gelen
peşgeşdi. Ol galam hakyna awtoulag satyn
alynýar. Maňada:
-Sabyrly bol
hemme zat öz wagty gelende bolar. Saňa-da şular ýaly garaşylmadyk hoş habarlar
geler durar -diýerdi.
Bilim
meselesinde türkmen döwlet medeniýet institutynyň iň arzyly hormat goýulýan
ussat halypasydy. Onuň elinden çykan şägirtleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde
abraý bilen işleşip ýörler. Ol her gezek dabaraly çärelerde münbere çykyp,
çykyş edende, meniň iki sany şägirtlerim bar. Olar gelejekde türkmeniň kino
sungatyna uly goşant goşjak ýigitler –diýip, bize hem uly ynam bildirerdi.
Elbetde, şägirt hökmünde bu buýsançly sözler meni diýseň galkyndyrýardy.
Halypanyň bildiren ynamyny ödemek üçin elimde baryny edip, onuň aýdan gyzyla
gaplaýmaly jümlelerini ýetişibildigimden döredijilik we durmuş goruma
toplardym.
Halypa şeýle
mähirli nurana adamdy. Ony hemmeler sylaýardy. Onuň iş otagyna
gelip-gidýänleriň sany-sajagy ýokdy. Edil adam kalbynyň inžineri ýaly, synan
göwünleri seýiklärdi. Hawwa ol şeýle adamdy. Bir gezek bir durmuşy paşmadyk bir
adam maňa şeýle gürrüň berdi. “Haçanda men Baýram Myradowiçiň ýanyna girip, öz derdimi paýlaşyp, arzymy
aýdan mahalym, soňuna çenli diňläp, öz duýgudaşlygyny bildirip, dostluk goluny
uzadyp, göwünlik bererdi. Onuň ýanyna edil güýji gaçan enjam ýaly halys bolup
gelendigiňe garamazdan, edil täzeden tow berilen ýaly düşündirip bolmajak bir
ylahy güýç-kuwwat bilen çykyp giderdim” –diýdi. Bu hakykatdan hem şeýledi.
Meniň özüm hem şeýle ýagdaýa düşen mahallarym, esasy howandarym halypady.
Eneň-ataňa aýdyp bilmeýän pynhan syrlaryňy hem dost ýaly diňläp, dogry ýoly salgy
bererdi. Onuň durmuş tejribesi ýetik bolansoň, hemme durmuşda gabat gelip biläýjek
kynçylyklardan habarlydy. Halypa şuny ýatlapdy:
-Jaýymyň
üçegindäki deşiklerden damýan ýagyş damjalaryna gap-gaçlary goýup soňuna çykyp
bilmezdim. Iş stolumy damjalardan sowup, ýazýan eserimi dowam edip, daňa çenli
tebigatyň gutarnyksyz hüjümi bilen darkaş gurardym. Gyzjagazymam bäbejikdi,
goýup gidere adamam ýokdy. Biz onuň daşyndan gulplap, gelnejeňi welosipediň
öňüne mündürip, okuwa gatnadardym, özüm bolsa işe giderdim. Yzymyzda çagamyzy
alada edip, nirämize okap, nirämize işleýändigimizi bilmezdik. Emma welin
okamalydy, işlemelidi. Ynha, Hatyjany biz şeýdip ulaltdyk -diýerdi. Soňra bolsa
hormatly Prezidentimiziň Medeniýet şäherçesinde gurdurup peşgeş beren, ak
mermerli, ähli amatlyklary bolan jaýynda eşretli durmuşyň hözürini görüp,
sapaly durmuşda döredijilikli ýaşaýandygyny uly buýsanç bilen aýdypdy. Ilki
bilen meni hem ol ýere eltip, täze jaýyň açaryny elime berip:
-Hany açda gir
içine –diýip, ähli otaglaryna aýlap tanyşdyryp:
-Halal
zähmetiň bilen öz Watanyňa hyzmat etseň, nesip bolsa saňa-da şunuň ýaly
eşretli, döwletli-döwranly günler garaşýandyr -diýipdi. Halypanyň aýdyşy ýaly
hem boldy. Hä diýmän Medeniýet şäherçesine ýanaşyk Olimpiýa şäherjigi hem
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berildi. Men hem ol
beýik gatly, ähli mümkinçilikler döredilen jaýdan nesibäm çekip, göçüp bardym.
Indi, men halypalara has ýakyn bardym. Alym Arkadagymyzyň halypa- şägirtlik
ýolunda alyp barýan idiologiýasy şeýle bagtyýar döwürde, eşretli beýanyny
tapýar. Häli-şindi halypanyň maşgalasyndan habar tutup, maşgalamyz ýakyndan
gatnaşygy berkitmäge has-da uly täsirini ýetirdi. Men bu eşretli zaman üçin
Gahryman Arkadagymyza ömür baky alkyş okaryn.
Men ýyllyk
işlerimi surata düşürip başlamankam, kellä gelen pikirlerimi ilkinji halypama
gürrüň bererdim. Ol goşmaly wakalary maslahat berip, artyk ýerlerini aýyrmagy
öwrederdi. Okuwyň daşyndan bolsa, surata düşürýän filmlerinde ýanynda
işlederdi. “Türkmen owazy” teleradio ýaýlymynda çagalar bölüminde işläp, her
gün bir wakany, pikiri orta atardym. Ýekän-ýekän pikirlerimi diňläp, öz
belliklerini ederdi. Ylhamym joş urýardy. Gün-günden pikir köpelýärdi. Halypa
ol gürrüň berýän wakalarymyň arasynda azaşyp başlady. Bir gün bolsa:
-Sen ilki
bilen bir işi tamamla, onsoň beýlekisine ýapyş! Men indi seniň bu aýdanlaryň
arasynda kelläm bulaşyp başlady -diýip, gatyrgandy. Ana, şol günden soň, meniň
ähli hyjuwymyň jylawy çekilen ýaly bolup,
elim sowady. Hemme zady taşladym. Sapakda hem gözlerimi bir nokada
dikip, döredijilik gorpuna düşdüm oturyberdim. Halypa gaty köp zat bagly eken.
Bu ýagdaý bir hepde diýen ýaly dowam etdi. Bir halypa söz açyp:
-Meni bagyşla
Ýagmyrjan! Arada seniň göwnüňe degip, badyňy alanymy bilýärin. Şol günler
gelnejeň ýaramady. Ol görgüli, ejem pahyr dünýesini täzelände gaty gynanyp
insult geçiripdi. Ana, şondan bäri bir gapdaly ysman ejir çekýär. Ony ol
ýagdaýda görmek gaty agyr düşýär. Seniň işiň ana, şol wakalar bilen
gapma-garşylyk döredip, özüm hem çykgynsyz ýagdaýdadym –diýip, uly başyny
kiçeldip ötünç sorady. Bu diňe mert hem hakyky halypalaryň başarjak zadydy.
Meniň bogazym dolup, gözlerime ýaş aýladym. Halypa bolsa:
-Men senden
tamam uludyr. Durmuşyň kynçylyklaryna ýegşerip, hiç haçan ýan berme! Ruhuňy
belent tutup, ümzügiň diňe öňe sary bolsun. Hany indem, näme hyýalyň bolsa
aýdyp otyr, entekler seniň öňüňde bitirmeli işleriň köpdir –diýdi. Bu sözlere
men halypanyň ak pata berdigi diýip düşünýärdim. Ol sözlerden soň men açylyp,
öňkimden hem beter hujuwly ýapyşyp okamagymy we işlemegimi dowam etdiripdim.
Halypam hemişe “Edebiýat we sungat” gazetine dost
ýarlary Nury Halmämmet, Artyk Jallyýew, Baba Annanow, Sabyr Ataýewa, Oguldurdy
Mämmetdurdyýewa ýaly ägirtler barada ýazan makalalaryny kiosiklardan alyp
gelerde, täze çap bolan makalasyny maňa okadardy. Pikirimi diňlärdi. Geň
göräýmeli, men halypa gaty öwrenişen bolarly, onuň gözlerine seredip arkaýyn öz
pikirlerimi aýdardym. Ýogsam men kim? Sungat ylymlarynyň kandidaty, gabadymda
oturan alym kim...
Men halypanyň bitiren işleri boýunça ilki bilen
bäş sany ylmy kitaplaryny içgin öwrendim. Şeýle-de on ýylyň dowamynda öwrenip
ýetişenlerimi kagyza geçirip, ýaş alymlaryň arasynda geçirilen alymlaryň
bäsleşigine gatnaşyp, birinji orny eýeläp, halypanyň abraýyny gorap çykyş
etdim. Şol pursat çykyş etmeli ýerime baranymda, otuz sany alym adamlara gözüm
düşdi-de, aljyradym. Sussum basylyp, der basdy. Näderimi bilmedim. Hemmeleriň
gözi mende-di. Ana, şonda men halypanyň ruhy goldawyny duýdum. Ol, hakyt
ýokardan meni synlap duran ýaly boldum. Soňra bolsa gulagyma şu sözler
ýaňlandy:
-Gorkma,
aljyrama! Men seniň ýanyňda ahyryn. Arkaýynja aýdyber –diýdi. Hawwa, hakyt men şu wakany başymdan geçirdim. Men
dogumlanyp, özümde dile geçirip, söz bilen beýan edip bolmajak bir güýç-kuwwaty
tapdym. Meniň öň hem taýýarlygym ýetikdi emma, gujur hem tutanýerlilik bilen
dogumly jogap berdim. Alymlar meniň aýdanlaryma gulak salyp oturdylar. Olaryň
içinde biri, üç gezek şol bir soragy berip, meni azaşdyrjak bolup, synagdan
geçirdi. Ýöne muňa garamazdan meniň jogabym nagytdy. Şeýlelikde üç tapgyr hem
çekeleşikli ýagdaýda tamamlanyp, ýeňijilige mynasyp gördüler. Gynandyrýan zat
hem Baýram aga bütin ömrüni sarp edip, çuňňur öwrenen “Edebiýatyň kino
sungatynda şöhlelendirilişi” atly taýýarjak doktorlyk işini gorap ýetişmedi.
Arada Baýram
aga barada “Edebiýat we sungat” gazetinde ýazan makalamy Miras radioýaýlymynda “Türkmen
ýoly” edebi-sazly gepleşiginiň
“Halypalar unudylmaýar” atly sahypasynda ussat diktor, aktýor Batyr
Çaryýewiň okamagynda halk köpçüligine ýetirildi. Ol ýazgyny men halypanyň
maşgalasyna eltip berdim. Ogly Ähmetdir
gyzlary Hatyja we Şemşat diňläp, öz pederlerini ýatlap, olary begendirip
başaranlygymy aýtdylar.
Bir gün bolsa, bir zenan maşgala el telefonyma
jaň edip, bogazy dolup, zordan sözledi. Ol halypanyň ýakyn garyndaşlarynyň biri
bolup çykdy. “Meniň doganjygyma şeýle hormat goýýan adamyň sesini eşideýin
diýip jaň etdim. Sogap iş edýäň jigi. Bizi sylany Alla sylasyn” -diýip, aglady. Men ony köşeşdirip:
-Halypa barada
men ýazmasam kim ýazsyn. Meniň ähli ýeten üstünliklerimiň sebäpkäri, ähli
babatda begenjimi deň paýlaşan hossarym, iň ýakyn adamymdy ahyryn. Onuň biziň
adam bolup ýetişmegimiz üçin siňdiren zähmetini ödejek bolsak, entekler öňde
köp bergilerimiz ýatandyr –diýdim.
Halypam
şeýlebir sadady edil çaga ýalydy. Men halypanyň penjegine meňzeş penjek satyn
aldym. Şol günem geýnip onuň ýanyna bardym. Ol synçydy. Derrew egnimdäki
penjegi görüp:
-Meniň
penjegim ýaly eken. Sen diňe meniň berýän ylym-bilimim bilen çäklenmän, eýsem
egin-eşik meselesinde hem maňa meňzemek isleýärsiň –diýip, şeýle owunjak
zatlary hem özüne goýulýan hormat, öz ýoluny dowam etmekde wepedarlyk
hasaplardy. Dogrudan hem men ol penjegi halypada görüp, oňa meňzäsim gelip
alypdym.
Gyş paslynda
ýylyjak bolar ýaly galyň possun alynypdym. Muny synlap halypam:
-Owadan
ýyly gowy zat edinipsiň –diýdi. Ara köp wagt düşmändi. Halypanyň ýaş toýuna
çagalary edil meniňki ýaly possun alyp beripdirler. Bir gün instituta ol täze
sowgadyny geýinip geldi-de:
-Sende görüp
höwes edip ýördüm. Çagalar meniň islegimi bilen ýaly, edil seniňki ýaly sowgat
berdiler –diýip, meňzeş geýnüwli halypa-şägirtligimize menden beter begenerdi.
Gapdalymdan ýöre! Yza galma –diýip, özi bilen deň derejede görerdi. Ol gaty syrdam,
ykjam geýinmegi gowy görýän adamdy. Edil ýaş oglan ýaly üsti başyna üns
bererdi. Geýimlerini bolsa diňe özüniň ütükleýändigini aýdardy. Ýogsam bu
meselede onuň gyzy Şemşat “Kaka getir özüm ütükläýin” -diýip,
elinden aljak bolsalarda, diýen etmän özi ütüklär eken. Maňa halypa şeý
diýerdi:
-Men daň
atmanka oýanyp, irdenki maşyklarymy ýerine ýetirýärin. Soňra bolsa ýazjak
zatlarymy kellämde oýlap, ütüge güýmenýärin. Ol maňa nähilidir bir ýardam
berýär. Şonuň üçin hem men ütük meselesinde hiç kime gezek bermeýärin. Bu
diýdigim olaryň zat oňarmaýanlygy däl-de, özümiň höwesim bolansoň –diýerdi.
Men ýerlerde
bolanymda Baýram Abdyllaýewiň şägirdi –diýsem, ony diňe gowulykda ýatlaýarlar.
Olar ýaly köp taraply ussat adamynyň tälimlerini alan bolsaň senden adam çykar
diýýärler. Ol meniň ýolumy arçap gidipdi. Maňa halypanyň ýörän ýodajyklary
bilen ýöräýmek galýardy.
Halypamyň okuw
otagy halypalaryň ýygnanyşýan, ýatlamalaryň mesgeni, şatlyk-şowhunyň gaýnap
joşýan ýeridi. Gully Akynyýazow, Halmämmet Kakabaýew, Nury Keşşikow, Gurban
Maşrykow, Bally Orazow, Myrat Gurbangylyjow, Ilmyrat Bekmiýew we merhum Kerim
Annanow, Şyhmyrat Annamyradow, Nurýagdy Şamuhammedow dagylaryň ýygnanyşyp, döredijilik, medeniýet-sungat
barasynda ara alyp maslahatlaşmalaryň tüýs bir arşa ýetýän jaýydy. Olaryň
gürrüňleri biz ýaly şägirtler üçin uly mekdepdi. Gürrüňdeşlik şeýlebir
gyzgalaňly ýagdaýda geçerdi welin sen goýaý. Döredijilik äleminde ähli bilmeýän
zatlaryňy öwrenersiň. Indi, oturyp
öz-özüme: “wah şol pursatlary yzyna
gaýtaryp bolsady –diýýärin.
Biziň
kafedramyz Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň binasynyň dördünji
gatynda ýerleşerdi. Halypam hemmelerden
ilki iş ýerine gelerdi. Men hemişe sapaga baran wagtym, däliziň ugrunda dutar
saz guralynda hut “Şükür bagşy” filmindäki
baş keşbi ýerine ýetiren Aman Handurdyýewiň çalmagynda “Ýandym” sazynyň owazy
ýaňlanardy. Saz uzak dowam ederdi. Tä tamam bolýança garaşyp durardym. Saz
tamam bolansoň, žurnalistleriň ses ýazýan enjamyny yza saradyp täzeden goýýança, okuw otagyna girip,
salamlaşyp ýetişmelidi. Sazy bölseň welin halamazdy. Bu endik halypa ikimiziň aramyzda däbe öwrülip
gidipdi. Ol şonda:
-Men bu sazy
diňläp, kalbym lerzana gelýär. Içimde gopýan harasatlary basmarlaýan.
Döredijilik meselesinde welin, kellämde dörän pikirlerimi ýerbe-ýer
saýpallamana ýardam berýär –diýip, bu halk sazyny özüne ýaran edip
ýaşaýandygyny aýdardy. “Ýandym” ady bilen döreden awtorlyk işi dünýäniň on dört
ýurtlarynda abraýly Halkara kinofestiwallaryna gatnaşyp birnäçe baş baýraklara
mynasyp bolup, türkmen kinosyny arşa çykarmakda öz goşandyny goşupdy. Dünýä
kino tankytçylary “Ýandym” filminiň režissýorlarynyň pikir ýöredişini
Parajanow, Federiko Fellini, Akiro Kurosawa ýaly meşhur režissýorlar bilen
deňeşdiripdirler.
2016-njy ýylyň
Bahar aýynda döredijilik toparymyz bilen
Lebap welaýatyna iş saparyna gidipdim. Ýol ugry kaka etrabynyň Mehinli obasynda
ýerleşýän gonamçylyga halapany topraga tabşyran ýerimize aýat-töwir etmäge
bardyk. “Adam bu dünýeden ötensoň, şu durmuşa öz häsiýetine görä haýwan
sypatynda gaýdyp gelýärmiş” -diýen bir gürrüň bar. Niredendir bir ýerden
türkmeniň wepadar dosty bolan ap-ak reňkde Alabaý peýda boldy. Biziň
toparymyzda ýigrimi töwerek adam bardy. Ýaňky Alabaý meniň dik gabadyma gelip,
gözlerime seredip oturdy. Men bu ahwalata geň galdym. Garaşylmadyk ýerden
gelip, meniň bilen pete-pet oturmasy täsindi. Biziň nazarymyz birek-birekde
eglendi. “meni ýatdan çykarmansyň! Seniň şol öňki boluşyň. Geläýdiňmi?!”
–diýýän ýaly manyly garaýyş bilen bir salym derdinişip oturdyk. Soňra men
Alabaýa iýer-içer ýaly zat uzatdym. Ol bolsa şol gözüme seretdi durdy. Onsoň
biz onuň bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugradyk. Alabaý biziň yzymyzdan gözlerini
aýyrman seredip durdy.
Belki ol
Alabaý adaty bir gezip ýören itdir emma, şonça adamyň içinden hut meniň
gabadymda gözümiň içine seredip oturmasy mende üýtgeşik düşündirip bolmajak bir
duýgulary oýarypdy.
Ýakynda Baýram
aganyň ogly Ähmet ogluny öýerýändigini
aýdyp, halypanyň egindeşlerine çakylyk gowşurdy. Men ähli halypalara toýy
buşladym. Elbetde, olar bu dabara gatnaşyp,
toýuň bezegi boldular. Men hem Şirli Mollaýew halypam bilen toýa
göründim. Ähmet şonda ogly Azymy ýanymyza çagyryp, bizi görkezip:
-Oglum! Ine,
şu görýänleriň seniň agalaryňdyr –diýip, bizi öz maşgalasynyň iň ýakyn agzalarydygymyzy
aýtdy. Soňra biz Baýram aganyň bize beren wesýetlerini ýatlap, ep-esli wagt
gürrüňdeş bolup durdyk. Şonda Ähmet kakasynyň aýdanlaryny ýatlap şeý diýdi:
-Ähmet! Biz
ikimiz diňe bir ataly ogul däldiris, biz syrdaş dostdurysam. “Dost derdiň
dermany däldir ol, derdiň özüdir” dost bolmak edil dert çeken ýalydyr. Dostuň
derdini öz derdiň bilip ýaşasaň ana, şol hakyky dostlukdyr. Ikimiziň aramyzda
hiç hili gizlin zat bolmaly däldir. Hemişe maslahatlaşyp, bir işiň başyna
barsak, almajak galamyz bolmaz. Şuny berk belle! Özüňem geljek nesliň bilen
edil şu gatnaşykda bolgunyň –diýipdir. Ähmet çagakam aýdan bu sözleri aňyma
edil, möhür bolup basylan ýaly huşumdan gidenok. Aýdyşy ýaly öz oglum bilen hem
edil şol gatnaşygy saklap gelýärin –diýdi.
Baýram Abdyllaýew
barada aýtmaga, ýatlamaga zat köp. Kitaba ýerleşmese, bir gezekki söhbetiň
gerimi dar gelýär. Pursatdan peýdalanyp, bize ýaş döredilik işgärlerine öz
halypalarymyz barada ýagşy ýatlamalar halk köpçüligi bilen paýlaşmaga döredip
beren mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunlarymyzy
aýdýaryn.
Ýagmyr Türşekow 30.10.2019ý
Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we çözgütleriniň 2016-njy ýylyň 10-njy sany “Watana bolan söýgüsi” ordeni bilen sylaglandy.