Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

18.10.2021 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, geçirilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleri, gyşky möwsüme we öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny giňeltmek işinde obasenagat toplumyna aýratyn orun berilýändigini belläp, şunuň bilen baglylykda, pudaga oba hojalyk ylmynyň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak üçin şertleri üpjün etmelidigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berildi.