Milli Liderimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Milli Liderimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

15.10.2021 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertipde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de birnäçe resminamalary kabul etmäge degişli möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen baglylykda, tamamlanyp barýan ýylda bilelikdäki işiň jemleri jemlenildi, geljek döwür üçin ileri tutulýan ugurlar bellenildi.

GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň başlyklyk etmeginde geçirilen şu günki mejlisine şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri Natalýa Gawrilisa, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine mejlisde GDA-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegine we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilen wajyp başlangyçlaryny seljermek teklip edildi.

Sammitiň jemleri boýunça ynsanperwer, migrasiýa we özara gatnaşyklaryň beýleki ulgamlary babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin çözgütleriň birnäçesi kabul edildi.

·        Türkmen tarapy GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň “2022-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakynda”,

·        “GDA-nyň 30 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda”,

·        “Biologik howpsuzlygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda”,

·        “Moldowa Respublikasynyň Komrat şäheriniň 2023-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegi hakynda” çözgütlerine gol çekdi.