Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşdy

 

14.10.2021 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşdy. Bu maslahat HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde öz işine başlady.

Bu çäräni Hytaý geçirýär. Oldürli ýurtlaryň Hökümetleriniň, işewürliginiň, raýat jemgyýetçiliginiň hem-de iri halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň giňden wekilçilik etmeginde geçirilýän üç günlük forumyň guramaçylarynyň biri boldy.

Bu foruma Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň gatnaşmagy halkara maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Şu gezekki Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahata gatnaşýan ýokary wezipeli adamlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyny uly üns bilen diňlediler.

Türkmenistan ulag ulgamynda ysnyşykly hem-de giň halkara hyzmatdaşlyga berk we yzygiderli ygrarlydyr. Hut biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça, BMG-niň we beýleki köp sanly hyzmatdaşlaryň goldaw bermeginde, 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilendigini bellemek isleýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Baş Assambleýanyň şu mejlisiniň barşynda biz Baş Assambleýanyň “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýuk daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamasynyň düzgünlerine daýanyp, adatdan daşary ýagdaýlaryň şertlerinde ulag durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça tagallalary güýçlendirmegi dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu resminamanyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 29-njy iýulynda kabul edilendigini ýatlatdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag boýunça netijeli we maksadalaýyk ählumumy gatnaşyklary saklamaga jogapkärli hem-de başlangyçly goşandyny goşmagyny dowam edip, Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde, 2022-nji ýylyň aprel aýynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegi guramagy meýilleşdirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisini we halkara edaralary bu möhüm foruma gatnaşmaga çagyryp, öňümizdäki maslahatyň guramaçylarynyň biri hökmünde türkmen tarapynyň islendik çuň many-mazmunly başlangyçlara, tekliplere we maslahatlara açykdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzir çökgünligiň täsirini azaltmaga, ykdysady ösüşiň durnukly görkezijilerine çalt çykmaga gönükdirilen utgaşykly, jogapkärli we öňdengörüjilikli çözgütleriň zerurdygyny nygtady.

Biziň pikirimize görä, BMG-niň derejesinde ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryň ählumumy strategik meýilnamalary bilen birlikde, kadalary, düzgünleri sazlaşdyrmak, gümrük we migrasiýa işlerini aňsatlaşdyrmak hem-de ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga degişli beýleki wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak munuň üçin oňaýly şertleri döreder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şu foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi, gozgalan meseleleriň işjeň ara alnyp maslahatlaşylmagy ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine durnukly ulag ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän dünýäniň dürli döwletleriniň wezipeleriniň hem-de maksatlarynyň umumylygynyň görkezijisine öwrüldi.