Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

14.10.2021.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

13.10.2021 Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň mejlisini geçirdi, ol düzümiň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipelere bagyşlanyp, onda degişli guramaçylyk meseleleriniň hem birnäçesine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy M.Taganowyň Türkmenistanyň adalat ministri wezipesine bellenilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şol komitetiň täze başlygyny saýlamak baradaky meseläni mejlisiň gün tertibine girizdi.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň teklibi boýunça bu wezipä şu komitetiň başlygynyň orunbasary bolup işleýän D.Gulmanowa görkezildi. Ses bermegiň jemleri boýunça ol Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy wezipesine saýlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, D.Gulmanowa bu komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

 Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary  wezipesineHalk Maslahatynyň agzasy S.Jumaýew teklip edildi. Ses bermegiň netijeleri boýunça ol komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanyldy. Şu meseleler boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň degişli Kararlary kabul edildi.