Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

12.10.2021Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda işewür milli Liderimize baglaşylan şertnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler, şol sanda “ARETI” kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Ol kompaniýanyň gatnaşyklaryň çägini giňeltmäge taýýardygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklary işläp geçmek boýunça täze teklipleri hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz holdingiň özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine oňyn çemeleşmesini belläp, islendik taslamany durmuşa geçirmekde iň täze tehnologik çözgütleri we öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary ulanmagyň hem-de ekologik howpsuzlygyň kadalaryny berk berjaý etmegiň potratçy kompaniýalara bildirilýän esasy talapdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz işewüre bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Duşuşygyň ahyrynda “ARETI” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy holdingiň ýurdumyzda dürli ulgamlarda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy kompaniýanyň netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigine hem-de öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarly bolup, jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.