Hormatly Prezidentimiz Dubaýda möhüm ähmiýetli waka gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda möhüm ähmiýetli waka gatnaşdy

9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy.

Soňra “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň Baş kabul ediş merkezinde hormatly Prezidentimizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň wekili ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny we ony giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň hem-de BAE-niň resmi adamlarynyň gatnaşan gepleşikleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy boldy. Ýagny:

·      Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen “Abu Dhabi Future Energy Company PJSC — Masdar” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

·      Türkmenbaşy Halkara deňiz porty (Türkmenistan) bilen “DP World FZE” (Birleşen Arap Emirlikleri) kompaniýasynyň arasynda porty dolandyrmak we logistika hyzmatlary babatynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

·      Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda Ylalaşyga;

·      Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Dubaý şäheriniň Hökümetiniň Ykdysady ösüş departamentiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

·      Türkmenistanyň Türkmenabat şäherindäki garyşyk mineral dökünleri öndürýän himiýa zawodynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda karz Ylalaşygyna;

·      Türkmenistanyň Hökümeti bilen “Nasdaq Dubai Limited” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy hem-de BAE-niň Hökümetiniň resmi wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, Dubaý şäheriniň Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gelip, şol ýerden Aşgabada ugrady.