Täze desga açyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylygyň öň ýanynda täze desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

 

26.09.21 eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda ýene-de bir desganyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy.

Ýurdumyzyň taryhyndaky şanly seneler mynasybetli dabaraly çäreleriň geçiriljek ýeri bolan bu toplum Aşgabadyň günorta böleginde kemala gelýän täze edara ediş-medeni merkeziň ajaýyp binagärlik toplumy bilen sazlaşykly utgaşdy.

Täze desganyň ajaýyp keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri hem-de häzirki zamanyň binagärlik çözgütleri ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Bu toplum kaşaňlygy bilen haýran galdyrýar. Onuň umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabardyr, granit we ak mermer bilen örtülen bu toplum üsti gümmezli iki gatly binany, Prezident münberini hem-de myhmanlar üçin niýetlenen 2 müň orunlyk münberi öz içine alýar.

 

Bu ýerde dabaralar üçin niýetlenen, mermer bilen bezelen giň holl, myhmanlary kabul etmek hem-de dabaraly çäreleri geçirmek üçin niýetlenen zallar bar. Bezeglerde ulanylan milli öwüşginler hem-de hyzmat ediş zolagy bu desgalaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýar.

Ýörite enjamlar, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze toplumda köpçülikleýin çäreleri geçirmek hem-de olary onlaýn görnüşde şöhlelendirmek üçin ähli şertler döredilipdir.

Münberiň öňünde granit daşy bilen örtülen meýdança ýerleşýär. Onda dabaraly harby ýörişler hem-de ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň we durmuş toplumynyň gazanýan üstünlikleriniň gözden geçirilişi, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler.

Şeýle hem münbere gelýän üç kilometre golaý ýol çekildi. Onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy, dürli görnüşli bag nahallary oturdyldy, bezeg gülleri ekildi, şeýle hem oňa ýanýoda çekildi we özboluşly yşyklandyryş ulgamy ornaşdyryldy

Bu ýerde Merkezi Aziýada iň uly 120 metrlik LED ekrany hem-de 8 sany 30 metrlik maçtalar oturdyldy. Mundan başga-da, merkezi binanyň günorta tarapynda dikuçar meýdançasy, awtoduralgalar we beýleki desgalar gurulupdyr.

Açylyş dabaradynda  sahnalaşdyrylan dabara-dageçirildi. Oňa paýtagtymyzyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Aýdymçylar we sazandalar öz çykyşlarynda eziz Watanymyzy hem-de milli Liderimiziň beýik işlerini, täze taryhy eýýamyň ruhubelentligini, okgunly ösüş ýolunda gazanylan ägirt uly üstünlikleri, giň gerimli özgertmeleri, türkmen halkynyň jebisligini we bitewüligini wasp etdiler.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdym ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlarynyň bilelikde ýerine ýetiren joşgunly aýdymy biziň güneşli ýurdumyzda halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň we bagtyýar durmuşynyň özboluşly senasyna öwrüldi.

 

Aýdym-sazlar, joşgunly tanslar ýörite döwrebap enjamlar hem-de sanly tehnologiýalar arkaly döredilýän täsin şekiller we ajaýyp görnüşler bilen sazlaşykly utgaşdy. Paýtagtymyzyň arassa asmanynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň milli gymmatlyklarynyň, döwlet nyşanlarynyň şekilleri peýda boldy.

Dronlaryň şüweleňiniň feýerwerkleriň dürli reňkli öwüşginleri bilen utgaşmagy Döwlet münberi toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan çäreleriň ýatdan çykmajak pursatlara baý bolmagyny şertlendirdi. Feýerwerkiň köpöwüşginliligi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyplygyny hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny alamatlandyrdy.

Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň taryhyndaky şanly wakalar mynasybetli guralýan baýramçylyk feýerwerki paýtagtymyzyň asmanyny köpöwüşginli reňkler bilen ýagtylandyryp, şu günki dabaranyň ajaýyp pursatlaryna öwrüldi.