Daşoguzly ekerançylar pagta ýygymyna girişdiler

15.09.2021Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerli toprak-howa şertlerine görä, “ak altyn” möwsümine ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz gijräk badalga berilýän Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna başladylar.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde gowaça meýdany 155 müň gektary eýeleýär. Şonça ýerden “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnap almak maksat edinilýär. Welaýatyň ekerançylary gowaçanyň “Daşoguz-120”, «Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “C-4727”, “Jeýhun”, “149F” ýaly orta süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler.

Döwrebap oba hojalyk tehnikalary meýdan işleriniň bökdençsiz depginini üpjün eder.

Pagta daşamakda ýük awtoulaglarynyň hem-de tirkegli traktorlaryň iki müňe golaýy hereket eder. “Daşoguzpagta” önümçilik birleşiginiň kabul ediş harmanhanalary we pagta arassalaýjy kärhanalary gije-gündizleýin işlemäge doly taýýar edildi.

Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan çig malyň hilini barlaýarlar.

Pagta ýygymyna başlanylmagy mynasybetli geçirilen dabaralara welaýat we etrap häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba hojalykçy alymlar, tejribeli agronomlar, kombaýnçylar, sürüjilerdir kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar.