"Meniň Watanym" kinofestiwaly jemlendi

 

“Meniň Watanym” atly çeper-publisistik we hronikal-dokumental filmleriň kinofestiwalynyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde häzirki wagtda Türkmen kinosungaty bilen baglanyşykly birnäçe çäreler geçirilýär. 12-nji sentýabrda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen“Meniň Watanym” atly kinofestiwalynyň  jemi  jemlenildi.

 

 

“MENIŇ WATANYM” KINOFESTIWALYŇ ÝEŇIJILERI

 

Baş baýrak

“Nesillere galsyn diýip...” atly filmi kinorežissýor Rahymberdi Annagulyýew baş baýraga eýe boldy.

 

Eminler toparynyň baýragy

“Altyn Asyr” teleýaýlymynyň işgäri Myratgeldi Hallyýew “Garagum derýasy-Bereket çesmesi” atly filmi Eminler toparynyň baýragyna eýe boldy.

 

Iň gowy kinorežissýor

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredijilik toparynyň taýýarlan režissýory Kakow Garaýew “Meniň atam gümrükçi” atly filmi Iň gowy kinorežissýorbaýragyna eýe boldy.

 

Iň gowy filmiň edebi esasy

TRT Aşgabat wekilhanasynyň döredijilik toparynyň taýýarlan “Inci Şehir Aşkabat!” atly filmi Iň gowy kinossenariýa eseribaýragyna eýe boldy.

 

Iň gowy kinooperatoryň işi

  “Nesillere galsyn diýip...” atly filminiň kinooperatory Mekan Gurbanalyýew  Iň gowy kinooperatoryň işibaýragyna eýe boldy.

 

Iň gowy filmsepleýjisi

 “Ykbally döwlet” atly filminiň sepleýjisi Jepbar Aşyrgeldiýew Iň gowy film sepleýjisi baýragyna eýe boldy.

 

Iň gowy filmkompozitory

 “Aziýada 2017 bu diňe bir sport däl...” atly filmini “Ýaşlyk“ teleýaýlymynyň işgäri Aýna Durdyýewa filmiň saz bezegi üçin, Iň gowy film kompozitory baýragyna eýe boldy.

 

Iň gowy film suratkeşi

 “Üstünligiň syry” atly filmini “Aşgabat” teleýaýlymyň işgäri we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Ýazmyrat Allaberdiýew Iň gowy film suratkeşi baýragyna eýe boldy.