Ýurdumyzda pagta ýygymyna girişildi

09.09.2021.

Ýaňy ýakynda Hökümtiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde milletiň Lideriniň beren ak patasy bilen, Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. Şunlukda 8-nji sentýabrda ýaşuly nesillerimiziň bissimillasy bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümi badalga aldy.

Bu boýunça welaýat häkimliklerinde maslahatlar, ak altynly meýdanlarda dabaralar, pagta kabul ediş harmanhanalarynda aýdym-sazly çäreler, tehniki we ýangyn howpsuzlygy boýunça okuwlar guraldy.

Şu ýyl ýurdumyz boýunça pagtanyň 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Şonuň 280 müň tonnasy Ahal welaýatynda, 10 müň tonnasy Balkan welaýatynda, 275 müň tonnasy Daşoguz welaýatynda, 320 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 365 müň tonnasy bolsa Mary welaýatynda taýýarlanylar.

Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.