«Ýaňlan Diýarym!» tele bäsleşiginiň şu ýylky tapgyry jemlendi

09.09.2021.

Düýn, paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde her ýylda höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan Diýarym!» tele bäsleşiginiň şu ýyl boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa saýlama tapgyrlarda ýeňiş gazanan zehinli ýaşlaryň, höwesjeň aýdymçylaryň onlarçasy gatnaşyp bäsleşigiň şertlerine laýyklykda ukyp başarnyklaryny, zehinlerini we sungata höweslerini açyp görkezdiler. Hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen gutlagyndan ruhlanan geljekki sungat ýyldyzlary sahnada halk aýdymlaryny, estrada eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirip emin-agzalaryň ýokary bahalaryna, diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Jemleýji tapgyryň netijelerine laýyklykda has tapawutlanan ýaşlar bu bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde kesgitlenip, Şa serpaýlaryna, gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.