Göreldeli sürüji

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň bilelikde yglan eden

“Göreldeli sürüji” atly hünär bäsleşiginiň

Düzgünnamasy

I. Bäsleşigiň maksady.

1.“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň kärhanalarynda wagty bellenilen gatnaw tertibinde ýolagçy gatnadýan awtobus sürüjileriniň hem-de taksi hyzmatlaryny amala aşyrýan sürüjileriniň arasynda hünär bäsleşigini gurap, olaryň iş tejribelerini baýlaşdyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady ösüşine hem-de hormatly Prezidentimiziň geçirýän özgertmelerini amala aşyrmaklyga mynasyp goşant goşmak bilen birlikde ýurdumyzyň göreldeli ýolagçy gatnadýan awtoulag sürüjisini  kesgitlemek.

                         II. Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri.

 

2.Hünär bäsleşigine “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabat şäherinde ýerleşýän kärhanalarynda zähmet çekýän, awtobus we taksi sürüjileri gatnaşyp bilerler.

III. Bäsleşige gatnaşyjylara baha bermek we ýeňijileri kesgitlemek.

3.Bäsleşik, Agentligiň Aşgabat şäherinde ýerleşen kärhanalarynyň ýolagçy gatnadýan awtoulaglarynyň sürüjileriniň arasynda geçirilip, bäsleşigiň birinji tapgyrynda guramaçylyk toparyň sowalnamalary, ikinji tapgyrda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we onuň myhmanlarynyň sms ses bermegi arkaly gatnaşmagynda geçiriler. Bäsleşigiň netijesinde ýeňiji bäsleşgi geçiriji taraplaryň wekillerinden düzülen, jemi 5 adamdan ybarat bolan eminler topary tarapyndan kesgitlener.

         4. Bäsleşige gatnaşyjylara guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanan Awtoulagyň gurluşy we tehniki ideg dersi boýunça 3 soragdan ybarat synag sowalnamasyna, ýol hereketiniň düzgüni we ilkinji medisina kömegi boýunça 10 sowaldan ybarat Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalary boýunça synag sowalnamasyna 30 minudyň dowamynda jogap berişlerine serediler.     

        5.Bäsleşigi yglan eden taraplaryň wekillerinden düzülen eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň sowallara beren dogry jogaplarynyň köplügi boýunça bäsleşigi dowam etjekleri 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinden 30-njy apreline çenli döwürde kesgitlärler.

         6.Birinji tapgyrda sowalnamalara dogry jogap beren, soňky bir ýylyň dowamynda zähmet düzgün-nyzam we ýol hereketiniň kadalaryny bozmadyk sürüjiler eminler topary tarapyndan bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaklyga hödürlener.

7.Ikinji tapgyra hödürlenen sürüjileriň arasynda ýeňijiniň Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we onuň mahmanlarynyň sms arkaly ses bermegi bilen kesgitlenmegi üçin bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşýan sürüjilere berlen san belgileri bildirişler arkaly halk köpçüligine ýetiriler.

8.Halk köpçüliginiň bellenilen belgä iberen sms-leri 2021-nji ýylyň 1-nji maýyndan 10-njy maýyna çenli döwürde kabul edilip, sesleriň köplügini göz öňüne tutmak bilen eminler topary tarapyndan bäsleşigiň ýeňijisi yglan ediler. 

IV. Ýeňijileri sylaglamak.

9.Ýeňiji eminler toparynyň netijenamasy esasynda sylaglanar.

Birinji tapgyryň netijeleri boýunça ýolagçy gatnadýan awtoulag sürüjileriniň arasynda oňat netijeleri gazananlaryň üçüsine höweslendiriji sowgatlar gowşurylar.

10.Ikinji tapgyr, ýagny hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň  “Hormat haty” we höweslendiriji sowgatlary 2021-nji ýylyň maý aýynyň 14-ine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan bilelikde Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy  mynasybetli geçirjek dabaraly maslahatda gowşurylar.