Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi

17.04.2021.

16-njy aprelda paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi.

Kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynyň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, halylar, zergärçilik önümleri hem-de ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp edýän fotosuratlar görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri forumyň öz işine başlamagy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, assosiasiýanyň alyp barýan işiniň netijeleri baradaky hasabatlara serediljekdigini hem-de arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki şan-şöhratyny ýokarlandyrmak, atşynaslyk sungatyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek boýunça tutanýerli işleri alyp barýan assosiasiýanyň türkmen we daşary ýurtly agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky Permanlara gol çekiljekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine şu ýyl on bir ýyl dolýar. Şu döwrüň içinde gurama ýurdumyzdan we dünýäniň 36 döwletinden 191 sany ýuridik we fiziki şahs agza bolup durýar. Geçen döwürde assosiasiýanyň agzalarynyň alyp baran işleriniň netijesinde, ahalteke bedewleriniň we olaryň muşdaklarynyň sany artdy.

Biz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň 2011-nji ýylyň 22-nji aprelinde geçirilen I maslahatynda şeýle guramany döretmek bilen, behişdi ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak we köpeltmek, dünýäde iň naýbaşy bu atlaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, wagyz etmek üçin berk binýadyň düýbüni tutýandygymyzy belläp geçipdik diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem biz türkmen we daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berýäris. Olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlary dakýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşyny mejlise gatnaşyjylar uly üns bilen diňlediler hem-de ruhubelentlik bilen kabul etdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz ahalteke atçylygyny ösdürmekde netijeli işleri alyp barandygy üçin hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy atşynaslaryny, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli itşynaslary döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Soňra milli Liderimiz mejlise sanly ulgam arkaly gatnaşýan ABŞ-dan ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Tito Pontekorw we Russiýa Federasiýasynyň «Gurtbil» ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Mariýa Mosar çykyş etdi. Olar öz çykyşlarynda “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly adyň dakylmagynyň özüniň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy waka bolandygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şeýle ýokary derejeli döwlet sylagyny berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew çykyş edip, 19 – 25-nji aprel aralygynda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Baýramçylyk maksatnamasy “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XIII halkara ylmy maslahaty, dürli baýramçylyk at çapyşyklaryny öz içine alýar. Şeýle hem baýramçylyk çäreleriniň hatarynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” we “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşikleriň jemleýji tapgyrlary, ahalteke bedewleriniň gözelligini hem-de türkmen alabaýlarynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy bar. Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy bolar, milli mirasy wagyz etmäge ýardam edýän beýleki çäreler geçiriler.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň garamagyndaky “Goýumly oýunlar, hyzmatlar we üpjünçilik” döwlet kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Altyn bedew” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berilýär. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady dakmak barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararyny yglan edýär.

Resminamada bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen, türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýyny belende götermek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň çapyksuwarlyk, seýisçilik sungatyny belende galdyrmakda hem-de ahalteke atlarynyň nesil arassalygyny gowulandyrmakda, syna owadanlygyny kämilleşdirmekde we baş sanyny artdyrmakda, bu babatda halkara hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmakda, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna bolan höwesi döretmekde bitiren aýratyn uly hyzmatlary ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem ykrar edilendir. Şonuň netijesinde, biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz daşary ýurtlarda geçirilýän iri gözden geçirilişleriň, abraýly atly sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.

Ajaýyp çapyksuwar hem-de atçylyk sungatyny oňat bilýän milli Liderimiz türkmen halkynyň ady rowaýata öwrülen bedewlerine ideg etmegiň, olary seýislemegiň inçe tilsimlerini, usullaryny, gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini öz toplan tejribesi bilen baýlaşdyrýar.

Halkymyzyň ýelden ýüwrük bedewleriniň şan-şöhratyny dikeltmekde, dünýä ýaýmakda, atly sporty we atçylyk pudagyny ösdürmekde, ahalteke atlarynyň tohumçylyk işini, olaryň syna owadanlygyny kämilleşdirmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna bolan höwesi döretmekde, atlary seýislemekde bitiren aýratyn uly hyzmatlary, şeýle hem «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň towakganamasy we giň halk köpçüliginiň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp, milli Liderimize Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady dakyldy.

Soňra foruma gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda milli Liderimize ýokary sylag gowşurylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryna ýüzlenip, öz işine berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, ýokarda beýan edilen işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek we kämilleşdirmek, bu işlere ýaşlarymyzy işjeň çekmek maksady bilen, şeýle hem döwlet işleriniň köpdügini nazarda tutup, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti wezipesine başga bir mynasyp ýolbaşçyny saýlamak barada karara gelendigini aýtdy.

Milli Liderimiz bu babatda öz pikirlerini aýtmagy ýygnananlara teklip edip, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýewe söz berdi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ähli atşynaslaryň adyndan «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Çykyş eden Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti wezipesine Serdar Berdimuhamedowy saýlamak baradaky teklibi hödürläp, ony köpýyllyk tejribesi, ýokary guramaçylyk ukyby bolan ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň seýsi, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Derýamyrat Saparow çykyş etdi. Ol pudagyň işgärleriniň adyndan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Gahryman Arkadagymyza türkmeniň atşynaslyk we itşynaslyk sungatyny ösdürmäge, olary tutuş dünýäde wagyz etmäge berýän ägirt uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

D.Saparow hormatly Prezidentimize Serdar Berdimuhamedowy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellemek baradaky teklibi goldamak hakyndaky haýyş bilen ýüzlenip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglygyny, uzak ömür we ägirt uly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Öz nobatynda, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Suhandurdy Kuljanow çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, atçylyk pudagynda hem ýokary netijeleriň gazanylýandygyny aýtdy.

Foruma gatnaşyjy Serdar Berdimuhamedowy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti wezipesine saýlamak baradaky teklibini goldaýandygyny aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, S.Kuljanow döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlady we milli Liderimize berk jan saglygyny, uzak ömür, il-ýurt bähbitli beýik işlerinde uly rowaçlyklary arzuw etdi.

Göni ses bermek arkaly, şol sanda sanly ulgam boýunça Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýurdumyzdaky we daşary ýurtly agzalary şu assosiasiýanyň Prezidentligine Serdar Berdimuhamedowy biragyzdan saýladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.Berdimuhamedowy assosiasiýanyň ýolbaşçysy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, oňa ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak we köpeltmek, şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

S.Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirdi hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek baradaky garaýyşlaryny, onuň maksatlary we meýilnamalary barada aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň, halk seçgiçiliginiň usullaryny hem-de dünýä ylmynyň häzirki gazananlaryny ulanmak boýunça öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda, milli atşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini aýawly saklamagyň we baýlaşdyrmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygy aýratyn nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisiniň birinji bölümini jemläp, oňa gatnaşyjylary Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan tutumly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

***

Soňra mejlisiň işi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň täze saýlanan Prezidenti S.Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde dowam etdi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek bellenildi we degişli çözgüde gol çekildi.