Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisini geçirdi

15.04.2021.

14-nji aprelda paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Baýramçylyk görnüşinde bezelen täze binanyň öňündäki meýdançada joşgunlylyk we şatlyk duýgulary höküm sürdi. Bu ýere gelen milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň täze saýlanan agzalary we Mejlisiň deputatlary mähirli garşyladylar.

Bagşylar toparynyň çykyşy dabara döredijilik öwüşginini çaýdy.

Döwlet Baştutanymyz bagşylaryň ýanyna gelip, ýurdumyzyň medeni durmuşyna işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de olara sowgatlary gowşurdy.

Dabaraly pursat gelip ýetdi. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesip, binanyň içine girýär. Döwlet Baştutanymyz ilki ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge, soňra bolsa ikiçäk duşuşyklary geçirmäge niýetlenen zallara baryp, giň we ýagty otaglaryň içki bezeglerini gözden geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binany gözden geçirenden soň, kiçi mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalaryna hem-de Mejlisiniň deputatlaryna ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen mejlisiniň taryhy ähmiýetini belledi, şonda Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanunyna Türkmenistanyň Konstitusion topary tarapyndan taýýarlanan üýtgetmeler we goşmaçalar makullandy.

Konstitusiýamyza girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Kanun kabul edildi. Şu Kanuna laýyklykda, ýurdumyzda iki palataly parlament döredilýär. Onuň döredilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, hukuk we dünýewi esaslaryny berkitmäge, häzirki zaman şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu bolsa häkimiýetiň we halkyň ylalaşykly, ysnyşykly işlemegine, her bir adamyň we ýurdumyzyň sebitleriniň bähbitlerine doly derejede hyzmat eder diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, onda guramaçylyk meseleleriniň birnäçesine serediljekdigini aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna K.Babaýewi, G.Agaýewi, B.Orazmämmedowy, D.Gulmanowany, M.Taganowy, S.Gaýypowy, M.Halnazarowy, Ç.Babanyýazowy bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okalýar.

Şeýlelikde, geçirilen saýlawlaryň netijesinde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna ýurdumyz boýunça jemi 48 agza saýlandy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen sekiz agza bellendi. Şol işleriň ýurdumyzyň saýlaw kanunçylygyna doly laýyklykda geçirilendigi nygtaldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz arakesme wagtynda Mejlisiň komitetleriniň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş boldy. Olar milli Liderimiziň kanunçylygy kämilleşdirmek, ilatyň arasynda Garaşsyzlyk eýýamynyň gazananlarynyň ähmiýetini düşündirmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de parlamentiň işine öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça beren maslahatlaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işleri barada habar berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli kanunçylygy jikme-jik seljermegiň we mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini aýdyp, döwrüň talaplaryna kybap gelýän täze kanunlaryň kabul edilmeginiň hukuk ulgamyny ösdürmäge, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz döwletimiziň kanun çykaryjylyk esaslaryny has-da berkitmäge ýardam etjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna hem-de «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň hataryndan Halk Maslahatynyň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlamak, Halk Maslahatynyň komitetlerini döredip, olaryň başlyklaryny saýlamak meseleleriniň mejlisiň gün tertibine girizilen esasy meselelerdigini belledi.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň adyndan Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlamak hakynda teklip beýan edilýär.

Mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmagynda Halk Maslahatynyň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady gizlin ses bermek üçin býulletene girizilýär.

Şu mesele boýunça ses bermegi geçirmek üçin Ses sanaýjy topary saýlamak teklip edilýär.

Halk Maslahatynyň agzalary teklip edilen düzüm bilen tanşyp, ony ses bermek arkaly tassyklamak bilen, Ses sanaýjy topary hakyndaky karary kabul etdiler. Toparyň saýlanylan başlygy H.Hajyýew Halk Maslahatynyň agzalaryna ses bermegiň tertibini düşündirýär.

Soňra arakesme yglan edilýär. Onuň barşynda mejlisler zalynyň eýwanynda Halk Maslahatynyň Başlygyny saýlamak üçin gizlin ses berilýär. Munuň özi ýurdumyzda saýlawlaryň milli demokratik ýörelgeleriň esasynda geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şeýlelikde, mejlise gatnaşyjylar ykbal ähmiýetli çözgüdiň kabul edilmegine mynasyp goşantlaryny goşdular.

Ses sanamak işi tamamlanandan soň, mejlis Halk Maslahatynyň Ses sanaýjy toparynyň başlygy H.Hajyýewiň hasabaty bilen dowam etdi, ol ses bermegiň netijelerini yglan etdi.

Hasabat Halk Maslahatynyň agzalary tarapyndan biragyzdan makullanyldy, olar Halk Maslahatynyň Ses sanaýjy toparynyň teswirnamasyny tassyklamak üçin ses berdiler.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hakynda karar sese goýuldy, resminama biragyzdan kabul edildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalaryna ýüzlenip, olara bildiren ýokary ynamy – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly parlamentiniň döredilýän guramaçylyk döwründe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ygtyýarlyklaryny, şol bir wagtda amala aşyrmaga aýratyn hukugy berendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Men bu waka uly hormatyň hem-de halkymyzyň öňündäki belent jogapkärçiligiň nyşany hökmünde garaýaryn diýip, milli Liderimiz bu ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine, palatalaryň we tutuş Milli Geňeşiň doly bahaly işlemegi üçin hemmetaraplaýyn kömek berjekdigine ynandyrdy.

Soňra Halk Maslahatynyň agzasy K.Babaýewi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlamak hakynda mesele sese goýuldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary hakynda karar kabul edilýär. Halk Maslahatynyň Başlygynyň saýlanylan orunbasary özüne bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza, Halk Maslahatynyň agzalaryna hoşallygyny beýan edip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow K.Babaýewi Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, bu wezipede alyp barjak işlerinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, islendik edaranyň işini netijeli alyp barmak we dolandyrmak üçin onuň düzümini oýlanyşykly döretmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Halk Maslahatynyň durmuşa geçirmeli işleri bilen baglylykda, onuň düzüminde bäş komiteti döretmek teklip edildi. Olar Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitet; Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitet; Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitet; Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitet; Halkara meseleler baradaky komitet bolup durýar.

Göni ses bermek arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň komitetlerini döretmek hakynda Halk Maslahatynyň karary biragyzdan tassyklanyldy.

Soňra Halk Maslahatynyň komitetleriniň başlyklaryny we olaryň orunbasarlaryny saýlamak hakyndaky meselä garaldy.

Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň başlygy wezipesine Halk Maslahatynyň agzasy M.Taganow, onuň orunbasary wezipesine D.Gulmanowa saýlanyldy.

Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiň başlygy wezipesine Halk Maslahatynyň agzasy G.Agaýew, onuň orunbasary wezipesine M.Halnazarow saýlanyldy.

Soňra Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiň başlygy wezipesine B.Seýidowa saýlanyldy.

Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiň başlygy wezipesine Ç.Babanyýazow, komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesine B.Orazmämmedow biragyzdan saýlanyldy.

Halkara meseleleri baradaky komitetiň başlygy wezipesine M.Bäşimowa biragyzdan saýlanyldy.

Bu meseleler boýunça Halk Maslahatynyň degişli kararlary kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň komitetleriniň täze saýlanan ýolbaşçylaryny tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglygyny, alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Maslahat köşgüniň binasynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň hem-de Mejlisiň deputatlarynyň, Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, Halk Maslahatynyň guramaçylyk mejlisiniň tamamlanandygyny aýtdy. Mejlisde birnäçe guramaçylyk meseleleriniň çözülendigini belläp, döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň täze palatasynyň öz işine başlamagy bilen ýygnananlary gutlady.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Soňra milli Liderimiz Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowany we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi prezidiuma çagyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy waka – Türkmenistanyň döwlet gurluşynda täze kanun çykaryjy edaranyň, ýagny Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň döredilendigi barada aýdyp, Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de degişli komitetleri döretmek barada kararlaryň kabul edilendigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň taryhy çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we birnäçe gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen arasy bölündi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow prezidiumdaky ýerine geçýär.

Milli Liderimiz bilelikdäki mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, bu gün – taryhy gün, biz şu gün ýurdumyzda täze edarany – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyny döretdik, diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu waka bilen gutlap, iki palataly kanun çykaryjy edaranyň döredilmeginiň Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň öňümizde uly baýramçylyklar garaşýar. Nesip bolsa, şu ýyl biz paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyny hem-de Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara besläp belläp geçeris.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän şu ajaýyp baýramlar bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň birinji mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Milli Liderimiz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, mejlisler zalyndan çykdy we bu ýerden ugrady.