Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

13.04.2021.

12-nji aprelda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýkony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol türkmen kärdeşine berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmäge, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz ilçini Ukrainanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçylygyna bellenilmegi bilen gutlap, oňa türkmen-ukrain gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen asylly hem-de jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik nukdaýnazaryndan uzak möhletli esasda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça düýpli pikir alşyldy.

Diplomat şu ýylyň şanly senesi – döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy barada durup geçmek bilen, Türkmenistanyň öz ýubileýini güýçli, kuwwatly, ykdysady taýdan ösen, syýasy taýdan durnukly ýurt hökmünde garşylaýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz we ilçi netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Öz wagtynda Türkmenistanda köp ýyllar işlän ilçi ýurdumyzda bolup geçen özgerişliklere ýokary baha berip, bu günki gün Aşgabadyň abadançylygy hem-de soňky ýyllarda kemala gelen täsin binagärlik toplumlary bilen haýran galdyrýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Ukrainanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýko milli Liderimizi iki dostlukly halkyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.