Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

07.04.2021.

6-njy aprelda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maliýe serişdeleriniň maksada laýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek  bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde goranmak ministri B.Gündogdyýew, içeri işleri ministri M.Çakyýew, baş prokuror B.Atdaýew, ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow, milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew, adalat ministri B.Muhamedow, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň geçen üç aýynda döwlet Baştutanymyzyň öňe süren harby özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şol özgertmeler bolsa Milli goşunymyzyň kuwwatyny hem-de goranyş ukybyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem hasabat döwründe harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň söweşjeň we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, düzgün-nyzamy berjaý etmek boýunça görlen anyk çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan ýurdumyzyň harby-syýasy strategiýasynyň ata Watanymyzyň parahatçylyk ýörelgelerine berk ygrarlydygyny görkezýändigini aýtdy. Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz “Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany tassyklamak baradaky” Karara gol çekdi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşine gatnaşyjylara berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.