Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk düzümleriniň işleri bilen tanyşdy

06.04.2021.

5-nji aprelda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde geçirilen çapyşyklara tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň Halkara gözellik bäsleşigine taýýarlanýan bedewleri synlady.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çägine geldi.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toparlarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Döwlet serhet gullugynyň atçylyk toparlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Soňra bu ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümlerinde ideg edilýän ikiýaşar bedewleriň arasynda 1 000 metr we 1 müň 200 metr aralyga at çapyşyklary geçirildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolmagynyň çäklerinde ahalteke bedewleriniň Halkara gözellik bäsleşigine gatnaşjak bedewleri synlady.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlary bedewleriň gözellik bäsleşiklerine gatnaşdyrylmagy üçin jemi dokuz bedewi taýýarladylar. Özboluşly reňk aýratynlyklary bolan we ady rowaýata öwrülen bedewleriň şöhratly nesil ugurlaryna degişli bu bedewler owadanlygy, gelşikliligi, beden gurluşy bilen aýratyn tapawutlanýarlar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Halkara atçylyk sport toplumynda ideg edilýän Hanbeg atly bedewe atlanyp, athanalaryň birine tarap ugrady.

Bahar paslynda dag eteklerinde emele gelýän gözel görnüşler ynsan ruhuny göterýär we adamlary täze belent sepgitlere, uly üstünliklere ruhlandyrýar. Munuň özi tebigatyň ajaýyplyklarynyň baharyň ýakymly howasy bilen utgaşyp, bir bitewi gözelligi emele getirýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Milli Liderimiz athanada ideg edilýän bedewleriň ýagdaýy hem-de bedewlere degişli esbaplaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli harby bölümiň harby gullukçysy bu ýerde saklanýan çapuw atlary, olaryň iýmitleniş derejesi hem-de bedewlere berilýän iýmleriň görnüşleri, olaryň taýýarlanylyşy barada gürrüň berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çapylýan atlara iým bermegiň aýratynlyklary barada aýdyp, olaryň ýyndamlygynyň esasan iýmitine baglydygyny belledi we bu babatda birnäçe maslahatlary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň M.Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölümiň atly gözegçilik rotasynyň serkerdesi ata nal kakylyşyny görkezdi. Atlaryň, daglyk ýerlerde ulanylýan bedewleriň we çapuw atlarynyň nallarynda özboluşly aýratynlyk bar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň belent Serkerdebaşysynyň belleýşi ýaly, nallaryň görnüşlerinde bolşy ýaly, olaryň her bedewiň toýnagyna laýyk ölçeglerinde hem tapawudyň bolmalydygynyň we bedewlere nal kakmagyň milli kadalary berk berjaý edilmelidir, munuň özi bedewleriň aýaklaryna şikes ýetmezligi üçin aýratyn ähmiýetlidir.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde 2020-nji ýylda doglan taýlaryň idedilişi, olary ösdürip ýetişdirmekde gadymy seýisleriň ulanan usullarynyň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň ýörite meýdançasyna baryp, Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Döwlet serhet gullugynyň konkur bäsleşiklerine gatnaşmak üçin taýýarlanýan bedewleriniň türgenleşiklerini synlady.

Sportuň bu görnüşinde üstünlik köp babatda adamyň we atyň sazlaşykly hereketine baglydyr.

Soňra milli Liderimize täze dünýä inen taýçanak görkezildi. Bellenilişi ýaly, bu taýçanak şöhratly Gelşikliniň ugruna degişli Genjim bilen Gülnahalyň nesli bolup durýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzdan täze doglan taýa at dakyp bermegini haýyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze doglan taýçanaga Esger diýip at goýdy we onuň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasyny daňdy.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýylyň 19-25-nji aprel aralygynda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde geçirilýän senesi mynasybetli dünýäde şöhrat eýesi bolan Polatly, Ýanardag, Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyllygy mynasybetli bina edilen on atyň heýkelleriniň hem-de dutarly ata atlanan ýigidiň şeýle hem alabaýyň heýkelleriniň ýanynda ýurdumyzyň döredijilik, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda çeper okaýyşlaryň, aýdym-sazly çykyşlary guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bu çärelere döredijilik we aýdym-saz bilen meşgullanýan harby gullukçylaryň gatnaşdyrylmalydygyny aýtdy we bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýan ýere tarap ugrady. Häzirki döwürde bu ýerde ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri tamamlandy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan toplumyň desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi, häzirki wagtda bu ýerde ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Wise-premýer täze toplumyň Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli açylmagynyň milli Liderimiziň türkmen halky üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boljakdygyny belledi.

2020-nji ýylyň maýynda “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredildi. Onuň esasy maksady türkmen alabaýlaryny yzygiderli köpeltmekden, halk seçgiçilik usulyny hem-de milli itşynaslyk mekdebini giňden peýdalanyp, halkara derejesine çykarmakdan ybaratdyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, alabaý itleriniň hormatyna dabaralaryň şowhunly we milli ýörelgelere kybap derejede guralmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Döwlet Baştutanymyz şunda alabaý itleriniň taryhyna, olary idetmegiň milli ýörelgelerine degişli maglumatlaryň içgin öwrenilmelidigini we bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň binalar toplumynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilýän şanly senesi mynasybetli açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine ykjam taýýarlyk görülmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.