/

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

18.02.2021

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. 

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny döwlet Baştutanymyza ýetirdi. Goňşy ýurduň Baştutany milli Liderimize hem-de dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. 

Dostlukly döwletiň DIM-niň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, Özbegistanda biziň halklarymyzyň doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine türkmen Lideriniň goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berýärler, ýokary döwlet derejesinde ýola goýulýan ynanyşmak, açyk we netijeli syýasy gatnaşyklar bolsa, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň özenini düzýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna we halkyna iň oňat arzuwlaryny beýan edip, goňşy döwletler, şol sanda Özbegistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň milli daşary syýasy ýörelgäniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. 

Söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, häzirki döwrüň birnäçe meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler. Şunuň bilen baglylykda, halkara derejesinde ynanyşmagyň we özara goldaw bermegiň ýokary derejesi nygtaldy hem-de parahatçylygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmegiň bähbidine abraýly halkara düzümleriniň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň hem-de beýlekileriň çäklerinde gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanmalar tassyklanyldy. 

Sebitleýin howpsuzlyk we durnuklylyk hem-de şunuň bilen baglylykda, goňşy Owganystana kömek bermek baradaky meselelerde hyzmatdaşlyk etmek aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy we raýat ylalaşygyny dikeltmek boýunça halkara tagallalaryna Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň işjeň gatnaşýandyklary umumy ykrar edilendir we söhbetdeşleriň belleýşi ýaly, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn we halkara derejesinde hem dowam etdiriler.

Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy türkmen Lideriniň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, şol sanda Milletler Bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylan 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky teklibiniň öz wagtynda öňe sürlen wajyp başlangyçdygyny belledi. 

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren strategik başlangyçlaryny Özbegistan doly goldaýar. 

Duşuşygyň dowamynda syýasy, diplomatik meseleler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň geljegi-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary gaz, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, söwda, obasenagat hem-de beýleki ulgamlarda bilelikde işlemekden ybaratdyr. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow iki ýurduň arasynda uzakmöhletleýin gatnaşyklary arkaly berkidilen ýörelgeler esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.