“Aşgabat bahary” kinofestiwaly

Aşgabat bahary kinofestiwaly.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy şeýle hem Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlap ýurdumyzyň çäginde Aşgabat bahary atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalyny geçirýär.

Kinofestiwal zehinli kinorežissýorlary, dramaturglary, operatorlary, artistleri ýüze çykarmak şeyle hem, Arkadagly döwrümizde Aşgabat şäheriniň gözelligini, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten üstünliklerini çeper beýan etmek hem-de çuň many mazmunly filmleri döretmek maksady bilen geçirilýär.

      Kinofestiwala  ýurdumyzyň çäginde hereket edýän döredijilik toparlary gatnaşyp bilerler. Döredilen filmler 2021-nji ýylyň 15-nji maýyna çenli kabul edilip, Aşgabat bahary” atly  kinofestiwalyň ýeňijileri 23-nji maýda şu  ugurlar boýunça kesgitleniler:

 

·     Baş baýrak

·     Eminler toparynyň baýragy

·     Iň gowy kinorežissýor

·     Iň gowy kinossenariýa eseri

·     Iň gowy kinooperatoryň işi

·     Iň gowy şekil döreden erkek keşbi

·     Iň gowy şekil döreden zenan keşbi

·     Tomaşaçylar tarapyndan saýlanan film.

 

Aşgabat bahary atly kinofestiwalyna gatnaşmaga çagyrýarys!

 

Habarlaşmak üçin: Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň

49-37-01,    49-37-02  telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz.