/

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

23.01.2021

22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer «Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky» Kararyň taslamasy hem-de Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow, M.Meredow, M.Meredow, B.Öwezow, Ç.Gylyjow, M.Geldinýazow, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N. Amannepesow, M.Mämmedowa, E.Orazgeldiýew, daşary işler minisrti R.Meredow, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň ýagdaýy şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň amala aşyrylyşy barada hasabat berdiler.

Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.