mahabat mudirligi

Hümmedow Gapbar

Polat otda taplanýar

 

Halypa diýmek bu näme? Men hemişe pikir edip, ol, haýsy hem bolsa bir ugurdan seni kämil ýetişdiren şahsyýet hökmünde kabul ederdim. Mekdepde synp ýolbaşçyň, gurnakda topar ýolbaşçyň, ýokary okuwda çeper ýolbaşçyň, işde-zähmetde bolsa, uzak ýyllaryň dowamynda öz ugrunyň ussady bolup, seniň ýol görkeziji  halypa mugallymyň hasaplardym. Seredip otursam, meniň özüme halypa hasaplaýanlarym sanardan köp bolup oturyberdi. Esasan hem saz ugry boýunça bu söze köp gabat gelerdim. Halypaň kim? diýenlerinde oglanlar “Akmyrat Çary, Hangeldi Annamyrat” -diýip jogap bererdiler. Meniň dutar mugallymlarym bolsa, ýaş tejribelige gelen mugallymlardy.

         Oturyp oýlanýaryn, meniň şu halypalar temasyna yzygiderli ýüzlenmegimiň sebäbi nämedekä? Görüp otursam, daş-töweregimizi durşuna halypalar gurşap alan bolsa nätjek? Ynha, türkmen döwlet medeniýet institutyny durşuna halypa. Okuwy tamamlap, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigine bardym, bu ýerde hem sungat ussatlary. Medeniýet ministrligine barsam, Öwezmyrat Ýerbendi, Agamyrat Baltaýew, Jemile Gurbanowa ýaly alymlar güler ýüz bilen garşyladylar. Redaksiýa gelsem, Türkmenistanyň Gahrymany halypa şahyr Gözel Şagulyýewa, Nowruz Gurbanmyradow, Süleýman Ilamanow, Meretgylyç Ýagmyrow, Myrat Hudaýgulyýew, Ogulkeýik Paşşyýewa, Keýik Umarowa dagylar galam ýöretmekde öz maslahatlaryny berýärler. Telewideniýede bolsa, Bibi Welmyradowa, Çapar Muhammetgulyýew, Baýramgylyç Ýazgylyjow, Setdar Abdyýew ýaly halypalar bilen işleýäris. “Polat otda taplanýar” diýişleri ýaly     heý-de bu halypalaryň ýörän ýoluny eýeren şägirtler bihal boljakmy!? Olaryň elinden çykýan şägirtleriň  sany barda, sajagy ýok. Olaryň maslahatlaryny alyp, biz ýaşlar kämilleşýäris, taplanýarys.

         Görşümiz ýaly, meniň bu tema häli-şindi ýüzlenip durmagymyň özüne ýetesi sebäbi bar ekeni. Men olaryň her haýsy hakynda içgin gürrüň bermesem, özüme rahatlyk tapmaýaryn. Olaryň her haýsyna baryp, dilde däl-de, hut ýazgyda hemmeler olara bolan sylag-sarpamy, hormatymy bilsinler diýip, öz şägirtlerine guwansynlar diýip ýazýaryn. Ynha, bu gün hem şol halypalaryň biri Gapbar Hümmedow barada başdan geçirenlerimizi siziň bilen deň paýlaşmak isledim.

Gapbar Hümmedow 1952-nji ýylyň 18-nji sentýabr aýy Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginde daýhan maşgalasynda eneden bolýar. 1959-1969-njy ýyllarda şol ýerdäki 20-nji orta mekdepde orta bilim alýar. 1971-1973 nji ýyllar aralygynda Watan goragynda bolýar. Çehislowakiýa döwletinde gulluk döwründe her hepde 3 gezek kino görkezilişigi geçirilýär eken. 2030 adamdan ybarat bolan harby polkda gezekli-gezegine kino klubda filmlere tomaşa ediler eken. Ýaş esger ýigit Gapbar, tomaşa eden filmlerine şol döwürlerden başlap syn ýazýar. Ony sungat döredijilik öz erkine goýmaýar. Uzak aralykda öýündäkilere ýollan hatlaryny onuň aýal dogany häli-häzire çenli garry öýlerinde aýap saklapdyr. Gapbar aga arada dogduk mekanyna baryp, şol gulluk hatlaryny okap, şol döwürlere bir dem syýahat edip, ýatlamalar ummanyna çümdim diýip, özi üçin taryhy ähmiýeti bolan täsirli gürrüňleri etdi.

Gulluk borjyny ýerine ýetirip gelen sungata teşne ýigidiň  hyjuwy joş urýar. Ol, kakasyna sala salyp kino ugrundan artist boljak diýýär. Bu teklibe gahary gelen Bally aga:

-Biziň maşgalamyzda şu wagta çenli maýmyn bolup ýören ýok! Indem, tur şu ýerden -diýip, aýgytly hereket bilen öz ugrundan tehnikuma eltip okuwa ýerleşdirýär. Alaçsyz galan Gapbar öz pederiniň raýyny ýykmaýar. 1973-1976-njy ýyllar Aşgabat şäheriniň Gidromelioratiw tehnikumynyň meliorasiýa bölümini tamamlaýar. 1976-1981-nji ýyllar bolsa öz kakasynyň elinde Kerki şäherinde suwaryş sistemasynda inžiner bolup işleýär. Ol, haýsy hünärde  zähmet çekse-de gazet žurnallary, kino we teatr hakynda kitaplary, çeper edebiýatlary elinden düşürmeýär.    

Günleriň birinde  “Edebiýat we sungat” gazetinde medeniýet-sungat ugrundan okuwa kabul edilýär diýlen bildirişiň üstünden barýar. Bu kalbynda guýma gursak zehiniň  joş urýan ýürek urgusyna bat berýär.  Kakasy Bally agadan bir günlik Aşgabada baryp gaýtjak diýip, asyl matlabyny aýan etmän, rugsat alyp synaga gaýdýar. Şol döwürki Puşkin köçesiniň  14-nji jaýynda ýerleşýän Döwlet kinosyna gelse, dalaşgärlerden ýaňa aýak basara ýer ýok diýýär. Gezek ýetip Gapbar hem synaga girýär. Ýaşyň ötüşen soň aktýorlyga kabul edilmeýär eken. Režissýorlyga bolsa, Kerim Annanow, Bilbil Mämmedow ýaly köp ýyllaryň dowamynda  “Türkmen film” birleşiginde işlän oglanlar bilen çölden gelen rus dilinde ’’Hleb, woda, kuşat’’ (suw, çörek, iýjek) diýmekden başga söz bilmeýän oba oglanyna “olar bilen deňleşmek başartmaz”diýip, “Kino öwreniji” ugryny saýlap alýar. Synag toparynda Halmämmet Kakabaýew,  Lora Stepanskaýa, Baýram Abdyllaýew dagylar sorag baryny ýagdyrýarlar. Sungatdan öň hem habarly bolan, Gapbar olaryň beren soraglaryny kanagatlandyrýar. Soňra oňa, teatrda gidýän spektakllary ýazmagy tabşyrýarlar. Spektakllary ýatdan bilýän Gapbar, salymyny bermän kagyza geçirip berýär. Onuň ýazanlaryny okan halypalar “Şundan birzat çykjak”  -diýip okuwa ýollamaga hödür edýärler.

Ol kino sungatyny öwrenji hökmünde Baýram Abdyllaýewi öz halypasy hasaplaýandygyny aýdyp, entek mekdepde okap ýören döwürleri Baýram aganyň kino hakynda ýazan makalalaryny, kitaplaryny okap, gaýybana tanyşandygyny ýatlaýar. Soňra bolsa,  Moskwanyň Bütin soýuz kinematografiýaçylar  institutyna 1981-nji ýylda okuwa girip, ol kitaplary hem satyn alyp, ýany bilen alyp gidendigini we kino sungatyny inçeden seljermäge uly kömek edendigini aýdýar. Okuwy 1986-njy ýylda tamamlap gelip, Döwlet kinosynda redaktor bolup işe başlaýar. “Türkmenfilm” birleşiginde çeper we çeper publisistik, dokumental filmlere redaktorlyk edýär. Soňra tejribe toplap, kinodramaturgiýany düýpli özleşdirip, birnäçe awtorlyk eserlerini ýazyp, kinossenariçi hem kinorežissýor hökmünde onlarça filmleri surata düşürýär. Ol milli sungatymyzyň geçen täsin taryhy ýoly barada, onuň ussat režissýorlarydyr, aktýorlary hakynda we dünýä kino sungatynyň dürli meseleleri boýunça teleradio gepleşiklerinde çykyş edip, gazetdir-žurnallarda makalalary yzygiderli taýýarlap, giň tomaşaçylar köpçüliginiň düşünjesini bu täsin sungat hakynda giňeltmekde uly işleri alyp barýar. Häzirki wagtda türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Teatr sungaty” fakultetiniň “Kino we teleradio sungatlary” kafedrasynda kino we teatr sungaty boýunça bilim alýan talyplaryna  “Kinonyň taryhy’ dersinden sapak berip, şägirtleri ýetişdirip gelýär.Ine, şeýdip, sungata ilkinji gadamlary ädip, ynha indi, otuz ýyl gowrak wagt bäri kino sungatyny öwrenmäge, döretmäge bagyş edip gelýär.

Gapbar aganyň uzak ýyllaryň dowamynda halal zähmet çekendigini nazara alyp, 2009-njy ýylda “Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri”diýen hormatly ada eýe bolýar.

Meniň kino sungatyna aralaşmagyma Gapbar Hümmedow sebäp boldy diýsem hakykatdan daş düşmerin. Sebäbi, her hepde-de  belli bir gün onuň,  “Kino, kino, kino”  atly telegepleşigi teleýaýlymda giderdi. Men bu gepleşige sabyrsyzlyk bilen garaşardym, esasan hem hindi kinolary  we olaryň baş gahrymanlarynyň durmuşy, döredijiligi bilen bagly gyzykly, täsirli gürrüňleri ederdi. Men ekranyň başyndan galyp bilmän, durkym bilen gulaga öwrülip tomaşa ederdim. Oturup pikir ederdim, “Nädip kino düşip bolarka? Nädip aktýor bolup bolýarka”                 -diýip, esasan hem Gapbar aga bilen duşuşmagyň arzuwyndadym.Onuň bilen özümi gyzyklandyrýan soraglary berip, şöhbetdeş bolasym gelýärdi.

Nesibäm çekip, türkmen döwlet medeniýet institutyna kino ugry boýunça okuwa girdim. Ynha,saňa gerek bolsa, Gapbar Hümmedow bizi “Kinonyň taryhy”dersi boýunça okadýar eken.  Halypa bize kinonyň döreýşinden şu güne çenli geçen ýoluny gürüň bererdi. Türkmen kinosyndan başlap, daşary döwletleriň nusgalyk filmlerine tomaşa ederdik. Her filmden soň bolsa, döredijilik çekeleşmesi giderdi. Kime haýsy sahna ýarady? Filmň niresi şowsuz bolupdur? Ýekeme-ýeke pikirlerimizi diňläp, seljerme berşimize dykgat ederdi. Talyplaryň içinde bir agyz “Gowy kino eken” -diýip, biparh garaýanlary bolsa, gatyrganardy. Tomaşa wagty ünsüň bölünip birje sahnany ýatdan çykarsaň welin, özüne jaý tapmazdy. Sebäbi, halypanyň özi filmiň änigine-şänigine, ädimine-ädim beletdi. Biziň hem şeýle bolmagymyzy gazanasy gelýärdi. Näçe köp sowal berseň, şonça hem gyzyklanýanyňa begenip çuslanardy.

Ýyllar geçip, halypa bilen kärdeş bolduk. Men ondan öwrenmegimi dowam edipdim. Oňa men aýak üstünde gezip ýören, hereketli ensiklopediýa diýýärdim. Onuň kino sungaty barada bilmeýän zady ýok ahbetin. Kitaphana gidip, kitap gatlaryny agtaryp oturmagyň hajaty ýok. Gapbar  halypa bilen az salym söhbet edip otursaň, gerekli maglumatlaryň aňryň bilen alyp bilersiň.

Onuň okuw otagynyň içi hemişe adamlydyr.  Sapakdan boş wagty hem gelim-gidimi kesilmeýär.Sebäp ol, hemmelere gerek adam. Kino düşürmek üçin ýaňy edebi esasyny ýazyp başlan talyplardan başlap,  ylmy iş bilen meşgullanýan mugallymlar hem onuň ýanyna maslahata  gelip, gerekli maglumatlaryny alyp gidýärler. Ol, diýseň gürrüňçil, şadyýan adam. Aýdyp berýän wakasy  göz öňüňde janlanyp durandyr. Haýsy temany gozgasa hem, saňa düşnükli bolar ýaly, wakanyň içine girip, obraz bilen düşündirerdi. Ýönekeý waka hem bolsa-da,täsirli, gyzykly ýetirmegi başarýar. Onuň özi hem ýaşlykda aktýor bolmagy isläpdi. Käbir çeper kinolarda aktýor  hökmünde çykyş edip ýatda  galyjy keşpleri janlandyrypdy. Halypa hemişe Dana baba, Aýaz baba, Babadaýhan ýaly gojalaryň, ýa-da hoşniýetli, hoşgylaw pederleriň keşbinde aňymyzda ýatda galýar.

Ol, öz halypalarynyň, egindeşleriniň  suratlaryny öz okuw otagynda sanaýmaly edip, asyşdyryp goýupdyr.  “Ynha, Ýagmyrjan! Men şu ägirtler bilen zähmet çekdim. Döredijilikde ýörjen-yörjen wagtymda şu halypalar maňa ýol görkezdi. Men olary hemişe ýatlap gezýärin, hemişe göz öňümde dursalar welin, men olar bilen ýüzbe-ýüz oturyp didarlaşýaryn” -diýipdi. Men hem Gapbar  aganyň  aýdanlaryndan ruhlanyp, onuň bu döwletli başlan, başlangyjyny şägirt hökmünde dowam etdiresim gelipdi. Gapbar halypa maňa hem  foto arhiwinden  elektron suratlary beripdi. Bu foto şekillerde türkmen kinoçylarynyň surata alyş pursatlary, aktýorlaryň, režissýorlaryň  kino toparlaryň ýadygärlik taryhy pursatlary bardy. Men ol suratlary kagyza geçirip, okuw iş otagymyň içinde töwerekleýin diwarlyklary taýýarlapdym. Instituda yzygiderli “Miras” teleradioýaýlymynyň kino bölüminden ýazga gelip, meniň iş otagymda ýazgy ederdiler.   Halypam “Bu diwarlyklaryň öňüne geçip çykyş etsem, arkamda duran suratlardan ruhy goldaw tapýaryn. Hakykatdanam  men bu suratlardan täsir  alýaryn. Ýagmyrjan sen meniň çemçeläp ýygnanja zatlarymyň gadyryny bilip, geljek nesil  tanar ýaly edipsiň, seniň bu bitiren işiň meni diýseň buýsandyrýar. Men saňa halypa şägirt hökmünde guwanýaryn” -diýipdi.Men bolsa, her gezek ýazga gelenlerinde begenerdim. Çünki, özüm üçin täze öň eşitmedik maglumatlarymy diňläp, edil bal arysy ýaly döredijilik gorumy doldurardym. Bu ýere halypalar  Halmämmet  Kakabaýew, Orazmyrat Gummadow, Ilmyrat Bekmiýew, Bally Orazow,  Myrat Gurbangylyjow dagylar  gelseler, olaryň her haýsy öz ýaşlyk döwürüni gözleýärler. Uzak ýyllaryň dowamynda egni-egne berip işleşen kino toparlarynyň agzalaryny ýatlap gözýaşlar bilen bakyp, elimi gysyp, “Sogap iş edipsiňiz inim! Sen bizi bir pursatlyk şol döwürlere syýahat etdirdiň”  -diýip, öz  hoşallyklaryny aýdyp giderdiler. Muňa hem sebäp bolan  Gapbar halypady. Ondan bäri on ýyl töweregi wagt geçipdir. Aram-aram men öňki okuw iş otagyma baryp, ol diwarlyklara syn edýärin. “Dama dam köl bolar” diýişleri ýaly, tutuş okuw otagyň içi surat bolup dur. Şol öňkije durkunda muzeý gymmatlyklary ýaly, aýap saklaýar ekenler.

Halypam meniň bu herekedimi oňlap, soňra maňa  kino we teatr sungatyna degişli kitaplary hem sowgat berdi. -Ynha, bu kitapdan sen kinony söküp-düzüp analiz edip, syn bermegi öwrenersiň. Bu kitapdan bolsa, kinodramaturgiýanyň inçe syrlaryny öwrenersiň. Garaz maňa kinorežissýor hökmünde ol kitaplar  bahasyna ýetip bolmajak hazynady, baýlykdy. Men ol kitaplary özüm okanymdan soň talyplara geçirip, täzeden ikinji diplomy alan ýaly duýgulary başdan geçiripdim.

Soňra Gapbar halypa öz arhiwindäki gözüniň göreji ýaly aýap, saklap gelýän ähli kino eserlerini ýekän-ýekän getirip berdi. Bu saýlanan eserleri men kompýuteriň huşuna salypdym. Halypa ol kinolary ömrüne ýygnap, iň gowy eserler hasaplaýardy. Men ol kinolara tomaşa edip, durmuşa başgaça garadym. Ýüzlerçe eseriň  her haýsyndan nusga alarlyk häsiýetlere gabat gelýärdim. Erbetligi, betniýetligi ýazgarýan, durmuşda gabat gelip biljek säwlikleri hem ýagşy niýet bilen ýeňip geçip bolýandygyny suratlandyrýan sahnalardan, özüňe sapak edinerlik wakalara baý eserlerdi. Men bu ýagşylyklary üçin Gapbar mugallyma hemişe öz sagbolsunlarymy aýdyp gelýärin.

Gapbar aganyň  gepleşiklerine tomaşa eden adamlar,“Haçanda Gapbar aga kino hakynda gürrüň berse, biz ol kinony görüp oturan ýaly duýgulary başdan geçirýäris. Hat-da ol film bize ozal tanyş hem bolsa-da, içgin görüp bilmedik zatlarymyza, akyl ýetirip düşünip bilmedik zatlarymyza,ünsden düşüren sahnalarymyza doly anyk manysy bilen jikme-jik düşünýäris” -diýip aýdýarlar. Dogrudanam ol şeýle gürrüňçil  adam. Her dürli mysallar bilen aýdýan zatlaryny düşüner ýaly jan edýär. Uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly, giň göwünli sada ýönekeý adam.

Halypa bilen ýolagçy bolan mahalyň ony gören adamlar “Han-ha kino daýy gelýär”-diýip, tanaýarlar. Hemişe ekranyň aňyrsynda görüp ýören adamyňa onda-da, sylap-hormat goýýan adamyňa hakyky durmuşda sataşanyňda üýtgeşik duýgy gaplap alýar eken. On edil suratkeşiň çeken eseri ýaly içgin synlaýarsyň. Haçanda ol adam bilen kärdeş, pikirdeş bolup hemişe bir howludan girip-çykmak bu başga duýgy. Has dogrysy, seniň pikriňe ähmiýet berip, seni goldap, öz egindeşi hökmünde  hormatlan pursatlary bolsa, dil bilen aýdyp bolmajak duýgular. Sen onuň ýanynda özüňi çaga ýörjen-ýörjen hasap edýärsiň. Onuň ýanynda artyk gürlemezlige çalyşýarsyň. Ýalňyşaýmaýyn diýip seresap bolýarsyň emma, Gapbar halypa göwni pes adam. Seniň ýalňyşyňa hem emaý bilen ýönekeýlik, sadalyk bilen seni ynjytman düşündirmegi başarýar. Howwo ol, şeýle mährem, mähriban hoşamaý, sypaýy adam. Hiç haçan adamynyň göwnüne degmez. Ol göýäki bir, asmana gol uzadyp duran goja Çynary ýatladýar. Biz ýaş kinoçylar bolsa, onuň saýasynda kölegeläp, onuň belentligine, beýikligine bärden syn edip, şeýle ägirdiň şägirdidigimize çäksiz buýsanýarys, guwanýarys.